Süleýmanyň pähimleri Chapter 25

For English

Read Süleýmanyň pähimleri Chapter 25 Online

Read Süleýmanyň pähimleri Chapter 25 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Süleýmanyň pähimleri in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Süleýmanyň pähimleri and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Süleýmanyň pähimleri 25

Bap 25

1. Bular hem Süleýmanyň pähimleridir. Olary Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň emeldarlary göçürip alypdyrlar.

2. Ýaşyryn iş Hudaýyň şöhratydyr, işi derňemek bolsa patyşanyň şöhratydyr.

3. Asman belent, ýeriň aşagy çuň; patyşanyň ýüregi hem şeýledir, ony derňäp bolýan däldir.

4. Kümüşden hapany aýyr, zergäre bir gap bolar.

5. Ýaramaz adamy patyşanyň huzuryndan aýyr, şonda tagt dogruçyllyk bilen berkarar bolar.

6. Patyşanyň huzurynda özüňi ýokary tutma, beýikleriň ornunda durma.

7. Çünki asylzadalaryň öňünde kiçelmegiňden, emeldaryň saňa: «Töre geç» diýmegi gowudyr. Gözüň gören zadyny

8. derrew kaza getirme. Soňra ýakynyň seni utandyranda näme edersiň?

9. Dawany ýakynyň özi bilen et, başganyň syryny paş etme.

10. Ýogsa eşiden adam seni uýada goýar, hemişe ýaman atly bolarsyň.

11. Ýerinde aýdylan söz kümüş mejimäniň içinde goýlan altyn alma ýalydyr.

12. Diňleýän gulaga akyldaryň käýinji tylla ysyrga we altyn bezeg ýalydyr.

13. Sadyk ilçi özüni iberenler üçin, orak wagtynda garyň salkynlygy ýalydyr. Ol öz hojaýynynyň nepesini janlandyrar.

14. Berilmedik sowgat bilen öwünýän adam ýagmyrsyz bulut we boş ýel ýalydyr.

15. Hökümdar sabyr bilen yrylýandyr, mylaýym söz iň kütegiň hem aňyna ýetýändir.

16. Bal tapdyňmy? Ýeterlik iý, aşa düşüp gusaýma.

17. Ýakynyň öýüne ýygy-ýygy barmakdan aýagyňy kes, senden irip, seni ýigrenäýmesin.

18. Ýakynyna garşy ýalan şaýatlyk edýän adam gürzüdir, gylyçdyr, ýiti okdur.

19. Aladaly günde wepasyz adama ynanmak, çüýrük dişe we maýyp aýaga ynanan ýalydyr.

20. Gamly ýürege aýdym aýtmak sowuk howada geýim çykarmak we ýara sirke guýmak ýalydyr.

21. Eger duşmanyň aç bolsa, oňa nan ber, suwsan bolsa suw ber.

22. Şonda onuň başyna köz goýarsyň, Reb seni sylaglar.

23. Demirgazyk ýeli ýagyş getirýändir, gybatkeş dil ýüzleri gaharly edýändir.

24. Igenjeň aýal bilen öýde ýaşandan, üçegiň bir burçunda ýaşamak gowudyr.

25. Uzak ýurtdan gelen hoş habar teşne bokurdaga sowuk suw ýalydyr.

26. Ýaramazlaryň öňünde ýan beren dogruçyl adam bulandyrylan çeşme, hapalanan bulak mysalydyr.

27. Baly köp iýmek ýagşy däldir, şöhratparazlykdan şöhrat gözlemek gowy däldir.

28. Özüne buýrup bilmeýän kişi diwardyr galasy ýykylan şäher kimindir. ‎

About Süleýmanyň pähimleri Chapter 25

Read Süleýmanyň pähimleri Chapter 25 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Süleýmanyň pähimleri in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Süleýmanyň pähimleri
Chapter: 25
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Süleýmanyň pähimleri. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Süleýmanyň pähimleri Chapter 25 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Süleýmanyň pähimleri Chapter 25?

Süleýmanyň pähimleri Chapter 25 is part of the Book of Süleýmanyň pähimleri in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Süleýmanyň pähimleri Chapter 25 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 130
  2. Zebur Chapter 2
  3. Zebur Chapter 9
  4. Zebur Chapter 6
  5. Zebur Chapter 24
  6. Zebur Chapter 20
  7. Zebur Chapter 4

Explore More from suleymanin-pahemleri

  1. Süleýmanyň pähimleri Chapter 31
  2. Süleýmanyň pähimleri Chapter 12
  3. Süleýmanyň pähimleri Chapter 6
  4. Süleýmanyň pähimleri Chapter 5
  5. Süleýmanyň pähimleri Chapter 14
  6. Süleýmanyň pähimleri Chapter 13
  7. Süleýmanyň pähimleri Chapter 2

Related Chapters & Readings

  1. Ýeşuwa Chapter 14
  2. Mattanyň Hoş Habary Chapter 2
  3. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 3
  4. 2 patyşalar Chapter 11
  5. Mattanyň Hoş Habary Chapter 1
  6. Işaýa Chapter 31
  7. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 12
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *