Read Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 12 Online
Read Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 12 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Pawlusyň Rimlilere haty in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Pawlusyň Rimlilere haty and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Pawlusyň Rimlilere haty 12
Bap 12
1. Eý doganlar, özüňizi diri, mukaddes, Hudaýyň halajak gurbany hökmünde hödürläň diýip, Hudaýyň rehimleri arkaly size ýalbarýaryn, bu siziň ruhy ybadatyňyzdyr.
2. Bu dünýä meňzeş bolman, Hudaýyň halaýan, oňat, kämil isleginiň nämedigini aňlar ýaly, pikiriňiziň täzelenmegi bilen üýtgäň.
3. Men özüme berlen merhemet arkaly siziň hemmäňize diýýärin: öz baraňyzda gereginden artyk oýlanman, Hudaýyň her kime beren imanynyň möçberine görä, salykatlylyk bilen oýlanyň.
4. Çünki biziň bir tenimiz we köp agzamyz bolup, bütin agzalaryň işiniň bolsa bir bolmaýşy ýaly,
5. köp bolan biz-de Mesihde bir ten we biri-birimiziň agzalarydyrys.
6. Biziň özümize berlen merhemet boýunça, aýry-aýry sylaglarymyz bardyr. Bu welilik etmek bolsa, iman möçberine görä welilik edeliň.
7. Hyzmat bolsa, hyzmat edeliň. Biri öwrediji bolsa öwretsin.
8. Biri nesihatçy bolsa nesihat etsin. Haýyr-yhsan edýän muny sahylyk bilen etsin, baştutanlyk edýän gaýrat bilen, rehimdarlyk edýän begenç bilen etsin.
9. Söýgi ikiýüzli bolmasyn. Erbetligi ýigrenip, ýagşylyga ýapyşyň.
10. Biri-biriňizi doganlyk söýgi bilen ýürekden söýüň, hormatda her kişi beýlekini özünden ýokary saýsyn.
11. Gaýratyňyz gowşamasyn. Ruhda hyjuwly boluň. Rebbe hyzmat ediň.
12. Umytda şatlanyň. Muşakgatda çydamly boluň. Dogada erjellik ediň.
13. Mätäçlik çekýän mukaddeslere ýardam ediň. Myhmansöýer bolmaga dyrjaşyň.
14. Özüňize azar berýänlere haýyr-doga ediň, gargamaň.
15. Şatlanýanlar bilen şatlanyň, aglaýanlar bilen aglaň.
16. Özara pikirdeş boluň. Özüňizi ýokary tutman, orny aşaklar bilen dost boluň. Akyllysyramaň.
17. Ýamanlyk deregine hiç kime ýamanlyk etmäň. Ähli adamlaryň öňünde oňat işlere üns beriň.
18. Oňardygyňyzdan ähli adamlar bilen oňşukly ýaşamak barada eliňizden geleni aýamaň.
19. Eý, söýgüli doganlar, özüňiz öç alman, Hudaýyň gazabyna ýol beriň. Çünki: «Reb diýýär: Öç Meniňkidir, öwezini Men bererin».
20. «Duşmanyň aç bolsa, ony naharla, susan bolsa gandyr, sebäbi muny etseň, onuň başyna közler guýarsyň» diýip ýazylgydyr.
21. Özüňi ýamanlyga ýeňdirme-de, ýamanlygy ýagşylyk bilen ýeň.
About Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 12
Read Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 12 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Pawlusyň Rimlilere haty in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Pawlusyň Rimlilere haty
Chapter: 12
Testament: New Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Pawlusyň Rimlilere haty. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 12 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 12?
Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 12 is part of the Book of Pawlusyň Rimlilere haty in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 12 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from pawlusyň-rimlilere-haty
- Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 1
- Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 6
- Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 4
- Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 2
- Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 15
- Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 16
- Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 8
Explore More from Täze Äht
- Titusa haty Chapter 2
- Ýahýanyň üçünji haty Chapter 1
- Titusa haty Chapter 1
- Lukanyň Hoş Habary Chapter 24
- Mattanyň Hoş Habary Chapter 24
- Filipililere haty Chapter 4
- 1 Korintoslylara haty Chapter 6