Read Mika Chapter 1 Online
Read Mika Chapter 1 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Mika in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Mika and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Mika 1
Bap 1
1. Ýahuda patyşalary Ýotamyň, Ahazyň we Hizkiýanyň döwründe mareşaly Mika pygambere Samarýa we Iýerusalim barada Rebbiň sözi geldi.
2. Ähliňiz eşidiň, eý, halklar! Gulak goýuň, eý, zemin we onuň ýaşaýjylary! Hökmürowan Reb mukaddes ybadathanasyndan size garşy güwälik eder.
3. Ine, Reb Öz mekanyndan çykyp, ýer ýüzüne inip, baýyrlarda ýörär.
4. Daglar Onuň aýak astynda erär, dereler böwsülip, otda ereýän mum ýaly, kertden inýän suw deýin bolar.
5. Bularyň bary Ýakubyň nesilleriniň ýazygy, Ysraýyl halkynyň günäleri üçindir. Ýakubyň nesilleriniň ýazygyna kim sebäpkär? Samarýa dälmi? Ýahudanyň butlara sežde edýän ýeri nirede? Iýerusalimde dälmi?
6. «Şonuň üçin Men Samarýany harabaçylyga, üzümçilik ýerine öwrerin. Daşlaryny derä döküp, düýplerini açyk goýaryn» diýýär Reb.
7. «Ähli butlary bölek-bölek ediler, haram gazançlarynyň bary oda ýakylar, butlarynyň baryny ýok ederin, çünki bulary zyna gazanjy bilen toplady. Olar ýene-de zyna gazanjyna öwrüler» diýýär Reb.
8. Munuň üçin men aglap, dady-perýat ederin. Eşiksiz we aýakýalaňaç gezerin. Şagallar kimin uwlaryn. Düýeguşlar kimin gözýaş dökerin.
9. Samarýanyň ýarasyna em ýok. Ol Ýahuda gelip ýetdi. Halkymyň derwezesine, Iýerusalime baryp ýetdi.
10. Muny Gatda aýtmaň, ahy-nalaňyzy bes ediň; Beýtlegaparda gamgynlykdan guma togalanyň.
11. Eý, Şapyr halky! Ýalaňaçlanyp, utanç içinde ötüň. Sawanan halky çadyryndan çykmasyn. Beýtesel halkynyň özi ýas tutýar, ondan size ýardam bolmaz.
12. Marotyň halky ýagşylyga sabyrsyzlyk bilen garaşýar, emma Reb Iýerusalimiň derwezesine bela inderdi.
13. Eý, Lakyş halky, ýüwrük aty araba goş. Sen Siýon gyzynyň günäsiniň başysyň, çünki Ysraýylyň ýazygy senden çykdy.
14. Indi Moreşetgata hoşlaşyk sowgadyny berersiň. Akzyp obasy Ysraýyl patyşalaryna duzak bolar.
15. Eý, Mareşa ilaty, Reb galaňyza basybalyjy gönderer. Ysraýylyň beýik ýolbaşçylary Adullam galasynda gizlener.
16. Söýgili ogullaryňyza ýas tutmak üçin saçyňyzy syryň. Başyňyz çaýkeliňki kimin kel bolsun, çünki çagalaryňyz sürgün ediler. Adalatsyzlyk ýurdy weýran edýär
About Mika Chapter 1
Read Mika Chapter 1 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Mika in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Mika
Chapter: 1
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Mika. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Mika Chapter 1 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Mika Chapter 1?
Mika Chapter 1 is part of the Book of Mika in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Mika Chapter 1 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Köne Äht
- Zebur Chapter 130
- Hoşeýa Chapter 1
- Zebur Chapter 51
- Zebur Chapter 49
- Zebur Chapter 9
- Eýýup Chapter 5
- Zebur Chapter 50