2 Korintoslylara haty Chapter 12

For English

Read 2 Korintoslylara haty Chapter 12 Online

Read 2 Korintoslylara haty Chapter 12 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 Korintoslylara haty in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of 2 Korintoslylara haty and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

2 Korintoslylara haty 12

Bap 12

1. Magtanmagym, dogrudan-da, peýdaly zat däl, çünki Rebden gelen görnüşlere, ylhamlara gelýärin.

2. Men Mesihde bir adamy tanaýaryn. Ol on dört ýyl mundan ozal (bilmeýärin tendemi, bilmeýärin tenden daşardamy, Hudaý bilýär) üçünji Göge äkidildi.

3. Bu adam barada şuny bilýärin (bilmeýärin tendemi, bilmeýärin tenden daşardamy, Hudaý bilýär),

4. ol behişde äkidildi. Ol ýerde adamzada sözlemäge rugsat edilmedik, aýdyp bolmajak sözleri eşitdi.

5. Men şeýle adam hakda magtanýaryn, ýöne ejizligim bolaýmasa, özüm hakda magtanara zadym ýok.

6. Çünki magtanjak bolsam, akylsyz bolmaryn, sebäbi men hakykaty aýdaryn. Ýöne biri meni göreninden ýa eşideninden ýokary biläýmesin diýip, magtanmakdan saklanýaryn.

7. Ylhamlaryň bollugyndan ýaňa özümi ýokary tutmaz ýaly, tenimde tiken, ýagny özümi ýokary tutmaz ýaly, meni ýumruklamagy üçin, maňa bir şeýtan perişdesi berildi.

8. Ony menden aýyrsyn diýip, Rebbe üç gezek ýalbardym.

9. Ol maňa: «Saňa meniň merhemetim ýeterlikdir, çünki Meniň gudratym ejizlikde kämilleşýändir» diýdi. Şunuň üçin Mesihiň gudraty üstüme kölege salar ýaly, höwes bilen öz ejizliklerim hakda has hem magtanýaryn.

10. Şu sebäpden men Mesih ugrundaky ejizliklere, sögünçlere, mätäçliklere, azarlara, kynçylyklara razy, sebäbi men ejizkäm güýçlüdirin.

11. Men bir akylsyz boldum, muňa siz meni mejbur etdiňiz. Aslynda, siz meni öwmelidiňiz, sebäbi hiç hem bolsam, hiç bir zatda bu ýokary derejeli resullardan yzda däldirin.

12. Resullyk alamatlarym siziň araňyzda uly sabyr bilen alamatlarda, mugjyzalarda, gudratlarda görkezildi.

13. Çünki meniň size ýük bolmaýşymdan başga siziň beýleki ýygnaklardan näme pesligiňiz bar? Meniň bu adalatsyzlygymy bagyşlaň.

14. Ine, bu siziň ýanyňyza gitmäge üçünji gezek taýýarlanyşym, ýöne size ýük bolmaryn, sebäbi men siziň zatlaryňyzy däl-de, özüňizi küýseýärin. Çünki oglanlar ene-ata däl-de, ene-ata çagalar üçin mal-mülk ýygnamalydyr.

15. Men siziň janyňyz ugrunda barymy höwes bilen harçlap, bütinleý harçlanaryn. Sizi köpräk söýsem, siz meni azrak söýermisiňiz?

16. Goý, şeýle bolsun, emma men size ýük bolmandyryn, ýöne mekir bolanym üçin sizi hile bilen tutanmyşym!

17. Ýanyňyza iberen adamlarymyň biri arkaly sizi ezdimmi?

18. Men Titusdan haýyş etdim, dogany onuň bilen ýolladym. Titus sizi ezdimi? Biz şol bir ruhda gezmedikmi? Şol bir yzy yzarlamadykmy?

19. Siz ýene biz özümizi siziň öňüňizde aklaýandyrys öýdýärsiňizmi? Biz Hudaýyň huzurynda Mesihe baglylykda gepleýäris, ýöne, eý söýgüli doganlar, munuň bary siziň abatlanmagyňyz üçindir.

20. Çünki ýanyňyza gelip-de, sizi isleýşim ýaly, siz hem meni isleýşiňiz ýaly görmezmikäňiz diýip gorkýaryn. Dawa, içigaralyk, gahar, jenjel, töhmet, gybat, gabarma we tertipsizlik bardyr öýdüp gorkýaryn.

21. Ýanyňyza baranymda, Hudaýym meni ýanyňyzda pese düşürip, ozaldan günä batyp, eden murdarlyklaryndan, zyna we ahlaksyzlyklaryndan toba etmedik köp adamlar üçin ýas tutmaly bolarmykam diýip gorkýaryn.

About 2 Korintoslylara haty Chapter 12

Read 2 Korintoslylara haty Chapter 12 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 Korintoslylara haty in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: 2 Korintoslylara haty
Chapter: 12
Testament: New Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading 2 Korintoslylara haty. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading 2 Korintoslylara haty Chapter 12 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is 2 Korintoslylara haty Chapter 12?

2 Korintoslylara haty Chapter 12 is part of the Book of 2 Korintoslylara haty in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete 2 Korintoslylara haty Chapter 12 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from 2-korintoslylara-haty

  1. 2 Korintoslylara haty Chapter 2
  2. 2 Korintoslylara haty Chapter 5
  3. 2 Korintoslylara haty Chapter 4
  4. 2 Korintoslylara haty Chapter 6
  5. 2 Korintoslylara haty Chapter 3
  6. 2 Korintoslylara haty Chapter 1
  7. 2 Korintoslylara haty Chapter 10

Explore More from Täze Äht

  1. Mattanyň Hoş Habary Chapter 4
  2. Lukanyň Hoş Habary Chapter 17
  3. Ýewreýlere haty Chapter 5
  4. Resullaryň Işleri Chapter 6
  5. Petrusyň birinji haty Chapter 4
  6. Galatýalylara haty Chapter 5
  7. Galatýalylara haty Chapter 1

Related Chapters & Readings

  1. Resullaryň Işleri Chapter 26
  2. Efeslilere haty Chapter 4
  3. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 2
  4. Ezekiýel Chapter 17
  5. Nagmalar nagmasy Chapter 2
  6. Nehemýa Chapter 4
  7. Ýermeýa Chapter 35
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *