Read Lukanyň Hoş Habary Chapter 15 Online
Read Lukanyň Hoş Habary Chapter 15 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Lukanyň Hoş Habary in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Lukanyň Hoş Habary and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Lukanyň Hoş Habary 15
Bap 15
1. Bütin salgytçylardyr günäkärler Isanyň aýdýanlaryny diňlejek bolup, Onuň daşyna üýşüşýärdiler.
2. Fariseýler bilen kanunçylar bolsa: «Bu adam günäkärleri kabul edýär, olar bilen bile nahar iýýär» diýip hüňürdeşýärdiler.
3. Onsoň Isa olara şu tymsaly aýtdy:
4. Sizden biriniň ýüz goýny bar we olaryň birini ýitirýär diýeli. Ol togsan dokuzysyny düzde goýup, tapýança, ýiteniň yzyndan gitmezmi?
5. Tapanda bolsa ony begenç bilen gerşine alyp,
6. öýüne geler. Onsoň dostlaryny, goňşularyny çagyryp: „Meniň bilen bile şatlanyň. Men ýiten goýnumy tapdym" diýer.
7. Size aýdýaryn: şunuň ýaly, toba eden ýeke günäkär üçin, Gökde boljak şatlyk toba mätäç däl togsan dokuz dogry adam üçin bolan şatlykdan uly bolar».
8. Ýa-da bir aýalyň on sany kümüş puly bar we olaryň birini ýitirýär diýeli. Ol çyrany ýakyp, öýi süpürip, tapýança, dykgat bilen ony gözlemezmi?
9. Tapanda bolsa öz joralaryny, goňşularyny çagyryp: „Meniň bilen bile şatlanyň. Men ýitiren pulumy tapdym" diýer.
10. Şonuň ýaly, Men hem size aýdýaryn: toba eden ýeke günäkär üçin Hudaýyň perişdeleriniň arasynda şatlyk bolar».
11. Isa ýene-de şeýle diýdi: «Bir adamyň iki ogly bar eken.
12. Kiçi ogly kakasyna: „Kaka, mal-mülkden maňa ýetenini ber" diýýär. Kakasy hem baýlygyny ogullarynyň arasynda bölýär.
13. Birnäçe günden soň kiçi ogly bar-ýoguny toplap, bir daş ýurda gidýär, ol ýerde aýşy-eşretde ýaşap, mal-mülküni sowurýar.
14. Baryny sowandan soň, ýaňky ýurda gaty açlyk düşüp, ol mätäçlik çekmäge başlaýar.
15. Şeýlelikde, baryp, şol ýurtlularyň birine günlükçi bolýar. Ol hem ony öz örülerine doňuz bakmaga ýollaýar.
16. Oglanyň doňuzlaryň iýýän kösükleri bilen garnyny doýrasy gelýär, ýöne oňa hiç kim bermeýär.
17. Ol ahyrsoňy aýňalyp, öz-özüne şeýle diýýär: „Kakamyň günlükçilerinden birenteginiň artykmaç çörekleri bar, men bolsam bu ýerde açlykdan öljek bolup ýörün!
18. Kakamyň ýanyna baryp oňa: kaka, Men Hudaýa hem saňa garşy günä etdim.
19. Men indi seniň ogluň diýilmäge mynasyp däl, meni öz günlükçileriňden biri ýaly et" diýeýin.
20. Turup, kakasynyň ýanyna gidýär. Entek daşdaka, kakasy ony görüp, oňa ýüregi awaýar, ylgap baryp oglunyň boýnundan gujaklap, ony ogşaýar.
21. Ogly oňa: „Kaka, men Hudaýa hem saňa garşy günä etdim. Men indi seniň ogluň diýilmäge mynasyp däl" diýýär.
22. Emma kakasy hyzmatkärlerine şeýle tabşyryk berýär: „Derrew iň gowy dony getiriň-de, oňa geýdiriň. Ellerine ýüzük, aýaklaryna çaryk beriň.
23. Baga bakylan göläni getiriň-de, damagyny çalyň, iýip şatlanalyň!
24. Çünki meniň bu oglum ölüdi, direldi, ýitipdi, tapyldy". Şeýdip, olar toý etmäge başlaýarlar.
25. Onuň uly ogly ekin meýdanynda eken. Gelip, öýe golaýlanda, aýdym-saz hem tans sesi gulagyna ilýär.
26. Hyzmatkärleriň birini ýanyna çagyryp, munuň nämedigini soraýar.
27. Ol hem oňa: „Doganyň geldi. Kakaň ony sag-aman yzyna alany üçin, baga bakylan göläniň damagyny çaldy" diýýär.
28. Ol gaharlanyp, içerik girmejek bolýar. Kakasy daşaryk çykyp, oňa ýalbarýar.
29. Emma ol kakasyna jogap berip diýýär: „Ine, näçe ýyldyr men saňa hyzmat edýärin, seniň buýruklaryňa hiç haçan garşy çykamok. Muňa garamazdan, öz dostlarym bilen şatlyk eder ýaly, sen maňa hiç haçan bir çebiş hem bermediň.
30. Emma bütin baýlygyňy ahlaksyz aýallara ýoklan bu ogluň gelende, sen onuň üçin baga bakylan göläniň damagyny çalýarsyň".
31. Kakasy oňa: „Oglum, sen hemişe meniň ýanymda, meniň bar zadym seniňki.
32. Ýöne şatlyk edip, begenişmek gerek, çünki doganyň ölüdi, direldi, ýitipdi, tapyldy"» diýýär.
About Lukanyň Hoş Habary Chapter 15
Read Lukanyň Hoş Habary Chapter 15 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Lukanyň Hoş Habary in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Lukanyň Hoş Habary
Chapter: 15
Testament: New Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Lukanyň Hoş Habary. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Lukanyň Hoş Habary Chapter 15 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Lukanyň Hoş Habary Chapter 15?
Lukanyň Hoş Habary Chapter 15 is part of the Book of Lukanyň Hoş Habary in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Lukanyň Hoş Habary Chapter 15 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from lukanyň-hoş-habary
- Lukanyň Hoş Habary Chapter 1
- Lukanyň Hoş Habary Chapter 21
- Lukanyň Hoş Habary Chapter 13
- Lukanyň Hoş Habary Chapter 22
- Lukanyň Hoş Habary Chapter 16
- Lukanyň Hoş Habary Chapter 5
- Lukanyň Hoş Habary Chapter 24
Explore More from Täze Äht
- Resullaryň Işleri Chapter 18
- 1 Timoteosa haty Chapter 6
- Lukanyň Hoş Habary Chapter 21
- 1 Korintoslylara haty Chapter 4
- Mattanyň Hoş Habary Chapter 1
- Ýakubyň haty Chapter 5
- Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 2