2 Korintoslylara haty Chapter 5

For English

Read 2 Korintoslylara haty Chapter 5 Online

Read 2 Korintoslylara haty Chapter 5 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 Korintoslylara haty in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of 2 Korintoslylara haty and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

2 Korintoslylara haty 5

Bap 5

1. Çünki biziň bu dünewi öýümiz, bu çadyr weýran bolsa, Gökde Hudaýdan bir ymaratymyzyň, el bilen ýasalmadyk ebedi öýümiziň bardygyny bilýäris.

2. Sebäbi Gökdäki mesgenimizi geýinmegi küýsäp, munda ah çekýäris.

3. Ýöne geýinsek, ýalaňaç görünmeris.

4. Çünki bu çadyrda bolýan biz ýük astynda ah çekýäris, sebäbi pany bolanlary ýaşaýyş ýuwutsyn diýip, ýalaňaçlanmak däl-de, geýinmek isleýäris.

5. Hudaý bizi şunuň özi üçin taýýarlap, bize Ruhy hem girew berdi.

6. Şeýlelikde, hemişe gaýratly bolup, tende mesgen tutýan wagtymyz Rebden uzakdadygymyzy bilýäris ―

7. çünki biz didar arkaly däl-de, iman arkaly gezýäris.

8. Gaýratly bolup, tenden aýrylmagy, Rebbiň ýanynda mesgen tutmagy gowy görýäris.

9. Şonuň üçin bu tende ýaşasak-da, aýrylsak-da, Onuň pisindi oturjak adamlary bolmaga yhlas edýäris.

10. Çünki ýagşy bolsun, ýaman bolsun, bedendekäk öz edenlerimize laýyk almytymyzy almak üçin, hemmämiz Mesihiň höküm kürsüsi öňünde häzir bolmalydyrys.

11. Şeýlelikde, biz Rebden gorkmagyň nämedigini bilýändigimiz üçin adamlary ynandyrýarys, ýöne Hudaýa aýandyrys, siziň ynsabyňyza-da aýandyrys diýen umydym bar.

12. Biz ýene-de özümizi size maslahat bermeýäris, ýöne ýürek bilen däl-de, daşky görnüş bilen magtanýanlara aýdara gepiňiz bolar ýaly, size biziň bilen magtanmaga esas berýäris.

13. Biz akylymyzy ýitiren bolsak, bu Hudaý üçindir, eger-de akylymyz başymyzda bolsa, siziň üçindir.

14. Çünki Mesihiň söýgüsi bizi mejbur edýär, sebäbi biri hemmäniň ugrunda öldi, eýle bolsa, hemmesi ölendir diýip hasap edýäris.

15. Ol ýaşaýanlar artykmaç özleri üçin däl-de, olar ugrunda Ölen we Direlen üçin ýaşasyn diýip, hemmäniň ugrunda öldi.

16. Şonuň üçin biz mundan beýläk hiç kimi adam ölçeglerine görä tanamaýarys. Mesihi şeýle tanan hem bolsak, indi beýle tanamaýarys.

17. Şonuň üçin kim Mesihe bagly bolsa, ol täze mahlukdyr. Köne zatlar geçdi, indi ählisi täze bolandyr.

18. Herki zat Hudaýdandyr. Ol bizi Mesih arkaly Özi bilen ýaraşdyrdy, bize ýaraşdyrma gullugyny berdi.

19. Ýagny Hudaý dünýäni Özi bilen Mesihde ýaraşdyrdy, ýazyklaryny hasaba alman, bize ýaraşdyrma sözüni berdi.

20. Şeýlelikde, indi hamala Hudaý biz arkaly haýyş edýän ýaly, biz Mesihiň ilçileridiris. Mesih tarapyndan ýalbarýarys: Hudaý bilen ýaraşyň!

21. Biz Oňa bagly bolup, Hudaýyň dogrulygyndan paý alar ýaly, Ol günäni tanamaýan Mesihi biziň üçin günä gurbany etdi.

About 2 Korintoslylara haty Chapter 5

Read 2 Korintoslylara haty Chapter 5 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 Korintoslylara haty in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: 2 Korintoslylara haty
Chapter: 5
Testament: New Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading 2 Korintoslylara haty. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading 2 Korintoslylara haty Chapter 5 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is 2 Korintoslylara haty Chapter 5?

2 Korintoslylara haty Chapter 5 is part of the Book of 2 Korintoslylara haty in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete 2 Korintoslylara haty Chapter 5 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from 2-korintoslylara-haty

  1. 2 Korintoslylara haty Chapter 2
  2. 2 Korintoslylara haty Chapter 3
  3. 2 Korintoslylara haty Chapter 6
  4. 2 Korintoslylara haty Chapter 4
  5. 2 Korintoslylara haty Chapter 10
  6. 2 Korintoslylara haty Chapter 9
  7. 2 Korintoslylara haty Chapter 8

Explore More from Täze Äht

  1. Koloselilere haty Chapter 1
  2. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 16
  3. Petrusyň birinji haty Chapter 2
  4. 1 Timoteosa haty Chapter 1
  5. Ýewreýlere haty Chapter 6
  6. 1 Korintoslylara haty Chapter 10
  7. Mattanyň Hoş Habary Chapter 19

Related Chapters & Readings

  1. Zebur Chapter 32
  2. Ýewreýlere haty Chapter 13
  3. Gelip çykyş Chapter 3
  4. Ysraýyl serdarlary Chapter 20
  5. Ýewreýlere haty Chapter 3
  6. Zakarýa Chapter 2
  7. Müsürden çykyş Chapter 18
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *