2 Korintoslylara haty Chapter 11

For English

Read 2 Korintoslylara haty Chapter 11 Online

Read 2 Korintoslylara haty Chapter 11 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 Korintoslylara haty in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of 2 Korintoslylara haty and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

2 Korintoslylara haty 11

Bap 11

1. Käşgä meniň akylsyzlygyma az-kem çydasadyňyz! Ýöne siz maňa çydaman hem durmaýarsyňyz.

2. Çünki men size Hudaýyň yhlasy bilen yhlas edýärin, sebäbi men sizi päk gyz hökmünde Mesihe hödürlemek üçin diňe bir äre niýetledim.

3. Emma ýylanyň How enäni kezzaplyk bilen aldaýşy ýaly, siziň hem pikirleriňiz bozulyp, Mesihde bolan sadalykdan aýrylarmykan diýip gorkýaryn.

4. Çünki biri gelip, biziň wagyz edenimizden başga Isany wagyz edip-de, alanyňyzdan başga ruhy alsaňyz ýa kabul edeniňizden başga Hoş Habary kabul etseňiz, muňa gowy çydarsyňyz.

5. Çünki men hiç zatda bu ýokary derejeli resullardan yzda däldirin diýip güman edýärin.

6. Söz sözlemekde ökde däl hem bolsam, bilimde ökdedirin. Biz muny size her ýolda, her zatda görkezendiris.

7. Ýa-da sizi beýgeltmek üçin özümi peseltmek bilen günä etdimmi? Çünki men Hudaýyň Hoş Habaryny size mugt wagyz etdim.

8. Size gulluk etmek üçin, beýleki ýygnaklardan muzd alyp, olara harç çekdirdim.

9. Araňyzda bolup, mätäçlik çekenimde-de, hiç kime ýük bolmadym, sebäbi Makedoniýadan gelen doganlar meniň ýetmezimi ýetirdiler. Hiç bir zatda size agram salman, özümi sakladym, şeýle-de saklaryn.

10. Mesihiň mendäki hakykaty bilen aýdýaryn: Ahaýa etrabynda hiç kim meni bu magtançdan mahrum edip bilmez.

11. Näme üçin? Sizi söýmeýänim üçinmi? Muny Hudaý bilýändir.

12. Ýöne magtanýan zatlarynda biziň bilen deň saýylmak üçin pursat gözleýänlere pursat bermejek bolup, edenimi ýene-de ederin.

13. Çünki beýle adamlar galp resullar, Mesihiň resullarynyň keşbine girýän aldawçy işgärlerdir.

14. Bu geň zat däl, sebäbi, şeýtanyň özi-de nur perişdesiniň keşbine girýär.

15. Şonuň üçin onuň gullukçylary-da dogrulyk gullukçylarynyň keşbine girse, bu uly bir zat däldir, olaryň soňy işlerine görä bolar.

16. Ýene-de diýýärin: hiç kim meni akylsyzdyr öýtmesin. Ýöne şeýle bolsa, men hem biraz magtanar ýaly, siz meni bir akylsyz hökmünde kabul ediň.

17. Men bu aýdýanlarymy Rebbe görä däl-de, akylsyz ýaly magtanma ynamy bilen aýdýaryn.

18. Köpleriň dünýä ýollaryna görä magtanyşy ýaly, men-de şeýle magtanýaryn.

19. Çünki siz akylly bolup, ýene akylsyzlara höwes bilen çydaýarsyňyz.

20. Çünki biri sizi gul etse, biri sizi iýse, biri sizi talasa, biri özüni ýokary tutsa, biri siziň ýaňagyňyza şapbatlasa, siz oňa çydaýarsyňyz.

21. Biziň muňa güýjümiz ýetmänsoň, utanyp gepleýärin. Biri näme zada ýürek edýän bolsa, akylsyzlyk bilen aýdýaryn, men hem ýürek edýändirin.

22. Olar ýewreými? Men-de. Ysraýyllymy? Men-de. Ybraýymyň neslimi? Men-de.

23. Olar Mesihiň gullukçylarymy? (Däli ýaly aýdýaryn.) Men olardan artyk: zähmetde artyk, tussaglarda artyk, ýenjilmekde ― hetdenaşa, ölümli hatarlarda ― ençeme gezek.

24. Ýehudylardan bäş gezek kyrkdan bir kem şallak iýdim;

25. üç gezek taýaklandym, bir gezek daşlandym, üç gezek gämim gark bolup, bir gije-gündizi deňizde geçirdim.

26. Ençeme gezek ýolagçylyk etdim, derýalarda hem garakçylar arasynda, öz halkym hem özge milletler arasynda howp-hatara uçradym. Şäherde, çölde, deňizde, galp doganlar arasynda howp-hatarda boldum.

27. Zähmet hem zorlukda, köp gezek ukusyzlykda, açlyk hem suwsuzlykda, köp gezek orazalarda, sowukda hem ýalaňaçlykda boldum.

28. Bulardan başga-da her gün meni basmarlaýan ähli ýygnaklar baradaky aladadyr.

29. Kim ejizläp, men ejizlemeýärin? Kim büdräp, men ýanmaýaryn?

30. Magtanmaly bolsa, men öz ejizligimi görkezýän zatlar bilen magtanjak.

31. Meniň ýalan sözlemeýänimi baky mübärek Rebbimiz Isanyň Hudaýy hem Atasy bilýändir.

32. Şamda Aret patyşanyň welaýat häkimi meni tutjak bolup, şamlylaryň şäherini saklaýardy. Şonda meni sebede salyp, şäher diwarynyň penjiresinden aşak düşürdiler, şeýdip, ondan sypdym.

About 2 Korintoslylara haty Chapter 11

Read 2 Korintoslylara haty Chapter 11 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 Korintoslylara haty in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: 2 Korintoslylara haty
Chapter: 11
Testament: New Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading 2 Korintoslylara haty. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading 2 Korintoslylara haty Chapter 11 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is 2 Korintoslylara haty Chapter 11?

2 Korintoslylara haty Chapter 11 is part of the Book of 2 Korintoslylara haty in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete 2 Korintoslylara haty Chapter 11 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from 2-korintoslylara-haty

  1. 2 Korintoslylara haty Chapter 2
  2. 2 Korintoslylara haty Chapter 5
  3. 2 Korintoslylara haty Chapter 4
  4. 2 Korintoslylara haty Chapter 6
  5. 2 Korintoslylara haty Chapter 3
  6. 2 Korintoslylara haty Chapter 1
  7. 2 Korintoslylara haty Chapter 10

Explore More from Täze Äht

  1. Mattanyň Hoş Habary Chapter 3
  2. 1 Timoteosa haty Chapter 6
  3. Ýahýa gelen ylham Chapter 12
  4. Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 5
  5. Ýahýa gelen ylham Chapter 10
  6. Resullaryň Işleri Chapter 12
  7. 1 Korintoslylara haty Chapter 1

Related Chapters & Readings

  1. Mattanyň Hoş Habary Chapter 2
  2. Resullaryň Işleri Chapter 18
  3. Gelip çykyş Chapter 8
  4. Zebur Chapter 79
  5. Ýermeýanyň agysy Chapter 3
  6. Müsürden çykyş Chapter 22
  7. Çölde Chapter 1
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *