Read Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 2 Online
Read Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 2 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Pawlusyň Rimlilere haty in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Pawlusyň Rimlilere haty and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Pawlusyň Rimlilere haty 2
Bap 2
1. Şonuň üçin, eý, höküm edýän adam, sen ötünçsizsiň, çünki başga birini höküm edýän zadyňda özüňe iş kesýänsiň, çünki, eý, höküm edýän, sen şol zatlaryň özüni edýänsiň.
2. Biz bolsak Hudaýyň höküminiň beýle zatlary edýänler barada hakykat esasyndadygyny bilýäris.
3. Eý, beýle işleri edenleri höküm edip-de, özi bu işleri edýän adam, sen Hudaýyň höküminden gaçyp syparyn öýdýärsiňmi?
4. Ýa-da Hudaýyň ýagşylygynyň özüňi toba eltýänini bilmän, Onuň ýagşylygynyň, sabrynyň, çydamynyň baýlygyny äsgermezlik edýärsiňmi?
5. Sen keçjallygyňa, toba gelmez ýüregiňe görä, gazap güni üçin Hudaýyň adyl höküminiň aýan boljak güni üçin, özüňe gazap ýygnaýarsyň.
6. Hudaý her kişä öz eden işine görä hak berer:
7. ýagşy işde çydamlylyk görkezip, şöhrat, hormat we çüýremezligi agtarýanlara ebedi ýaşaýyş;
8. igenjeň, hakykata boýun bolman, nädogrulyga boýun bolanlara bolsa gazap hem gahar,
9. ilki bilen ýehudylara, soňra greklere, ýamanlyk eden her adama muşakgat we gaýgy;
10. ýagşylyk eden adama hem, ilki bilen ýehudylara, soňra greklere şöhrat, hormat we parahatlyk berer.
11. Sebäbi Hudaýyň ýüz görmesi ýokdur.
12. Mukaddes Kanuny bolman günä edenler bikanun hem heläk bolar. Kanun astynda günä edenler kanun boýunça höküm ediler.
13. Çünki Hudaýyň huzurynda aklanjaklar kanuny diňleýänler däl-de, kanuny berjaý edýänlerdir.
14. Sebäbi kanuny ýok milletler häsiýetlerine görä kanuna laýyk işleri berjaý edýän bolsa, onda bu kanuny ýoklaryň özi bir kanundyr.
15. Ynsaplary olar bilen birlikde güwä geçmek, pikirleri öz aralarynda olary kä aýyplap, kä-de ýuwmarlamak bilen, kanuna laýyk işleriň olaryň ýüreginde ýazylgydygyny görkezýändir.
16. Meniň Hoş Habaryma görä, Hudaýyň Isa Mesih arkaly adamlaryň ýaşyryn işleriniň üstünden höküm çykarjak gününde şu zatlar bolar.
17. Ine, sen ýehudy adyny alyp-da, kanuna guwanýan, Hudaýa buýsanýan bolsaň,
18. kanundan tälim almak bilen, Onuň islegini bilip, iň ýagşy zatlary saýgarýan bolsaň,
19. kanunda bilim we hakykatyň esasyna eýe bolup, körleriň ýol görkezýäni, tümlükdäkileriň yşygy,
20. nadanlaryň terbiýeçisi, ýaşy ýetmedikleriň mugallymydygyňa öz ynamyň bar bolsa,
21. onda başgasyna tälim berýän sen indi özüňe tälim bermeýärsiňmi? Ogrulyk etmeli däl diýip wagyz edýän sen ogrulyk edýärsiňmi?
22. Zyna etmeli däl diýýän sen zyna edýärsiňmi? Butlary ýigrenji saýýan sen ybadathanany ýarýarsyňmy?
23. Kanuna buýsanýan sen kanuna garşy çykmak bilen, Hudaýa hormatsyzlyk edýärsiňmi?
24. Çünki ýazylyşy ýaly, milletler arasynda Hudaýyň adyna siz zerarly dil ýetirilýär.
25. Kanuny berjaý etseň, sünnetlilik peýdalydyr, eger-de kanuna garşy çyksaň, onda sünnetliligiň eýýäm sünnetsizlige öwrülendir.
26. Şeýle hem bir sünnetsiz kanunyň adyl hökümlerini saklaýan bolsa, onuň sünnetsizligi sünnetlilik hasaplanmazmy?
27. Ten boýunça sünnetsiz bolsa-da, kanuny ýerine ýetirýän adam Ýazga we sünnetlilige eýe bolup, kanuna garşy çykýan seni höküm etmezmi?
28. Sebäbi daşy ýehudy entek ýehudy däl, daşy, teni sünnetli hem entek sünnetli däldir,
29. diňe içi ýehudy ýehudydyr, ýazgyda däl-de, ýüregiň ruhdaky sünnetliligi hakyky sünnetlilikdir. Munuň öwgüsi adamlardan däl-de, Hudaýdandyr.
About Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 2
Read Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 2 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Pawlusyň Rimlilere haty in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Pawlusyň Rimlilere haty
Chapter: 2
Testament: New Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Pawlusyň Rimlilere haty. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 2 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 2?
Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 2 is part of the Book of Pawlusyň Rimlilere haty in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 2 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from pawlusyň-rimlilere-haty
- Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 4
- Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 1
- Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 13
- Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 15
- Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 16
- Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 9
- Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 10
Explore More from Täze Äht
- 1 Korintoslylara haty Chapter 9
- 1 Korintoslylara haty Chapter 2
- Ýahýa gelen ylham Chapter 15
- Resullaryň Işleri Chapter 10
- Lukanyň Hoş Habary Chapter 16
- Mattanyň Hoş Habary Chapter 5
- Petrusyň birinji haty Chapter 3