Read Süleýmanyň pähimleri Chapter 21 Online
Read Süleýmanyň pähimleri Chapter 21 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Süleýmanyň pähimleri in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Süleýmanyň pähimleri and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Süleýmanyň pähimleri 21
Bap 21
1. Patyşanyň ýüregi Rebbiň elinde akar ýap ýalydyr, ony islän tarapyna öwürýändir.
2. Adamyň ähli ýoly öz gözüne dogrudyr, emma ýürekdäkini ölçeýän Rebdir.
3. Dogrulyk we adalatlylyk etmek Rebbe gurbanlyk berenden ýakymlydyr.
4. Ulumsy nazar, tekepbir ýürek, ýaramazlaryň çyrasy – günädir.
5. Janypkeşiň maksady diňe bolçulyga getirýär, alňasak adamlaryň bary mätäç düşýändir.
6. Ýalan söz bilen toplanan hazyna ölüme kowalap barýan ümür-dumandyr.
7. Ýaramazlaryň zorlugy özlerini süpürip äkidýändir, çünki olar adalaty berjaý etmekden boýun gaçyrýandyr.
8. Ýazyklynyň ýoly egridir, päkleriň bolşy dogrudyr.
9. Igenjeň aýal bilen öýde ýaşandan, üçegiň bir burçunda ýaşamak ýegdir.
10. Ýaramazyň göwni ýamanlyk küýseýär, ýakyny onuň göwnünden turmaýar.
11. Masgaralaýja jeza berlende, nadan akylly bolýandyr, dana adam tälim alanda, bilimini artdyrýandyr.
12. Dogruçyl ýaramazyň öýüni synlaýar, ýaramazlar heläkçilige barýar.
13. Garybyň dady-perýadyna gulak asmadygyň öz dady-perýadyna-da jogap berilmez.
14. Gizlin berlen sowgat gahary, goltuga sokulan para güýçli gazaby ýatyrýar.
15. Adalaty berjaý etmek dogruçyl adama şatlykdyr, ýaman iş edýäne heläkçilikdir.
16. Düşünje ýolundan sowlan ölüler toparynda ornaşar.
17. Hezilligi söýýän mätäçdir, şeraby we ýagy söýýän baýamaz.
18. Ýaramazlar dogruçyl üçin, biwepalar hem sadyk üçin töleg bolar.
19. Igenjeň hem gaharjaň aýal bilen ýaşandan, çölde ýaşamak gowudyr.
20. Arzyly hazyna hem ýag dananyň jaýyndadyr, akmak bolsa baryny symyşlar.
21. Dogruçyllyk hem sadyklyk yzlaýan adam ýaşaýyş hem hormat tapar.
22. Akyldar adam güýçlüleriň şäherine baryp, olaryň bil baglaýan berkitmesini ýumurýar.
23. Agzyna we diline berk janyny beladan goraýandyr.
24. Çendenaşa bihaýa iş edýän gedem hem tekepbir adamyň ady masgaralaýjydyr.
25. Ýaltany öz höwesi öldürýär, çünki onuň elleri işden boýun gaçyrýar.
26. Ol uzak gün açgözlük bilen isleýär, dogruçyl bolsa ölçemän berýär we gysganmaýar.
27. Ýaramazlaryň gurbanlygy ýigrenjidir, eger ol ýaman niýet bilen getiren bolsa, ondanam beterdir.
28. Galp şaýat heläk bolar, diňleýän adamyň sözi dowam eder.
29. Ýaramaz adam ýüzüni galňadýandyr, dogruçyl adam bolsa öz ýoluny oýlaýandyr.
30. Rebbe garşy durup biljek hiç bir danalyk, düşünje ýa-da maslahat ýokdur.
31. At söweş güni üçin seýislenýändir, emma ýeňiş Rebdendir.
About Süleýmanyň pähimleri Chapter 21
Read Süleýmanyň pähimleri Chapter 21 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Süleýmanyň pähimleri in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Süleýmanyň pähimleri
Chapter: 21
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Süleýmanyň pähimleri. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Süleýmanyň pähimleri Chapter 21 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Süleýmanyň pähimleri Chapter 21?
Süleýmanyň pähimleri Chapter 21 is part of the Book of Süleýmanyň pähimleri in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Süleýmanyň pähimleri Chapter 21 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Köne Äht
- Zebur Chapter 130
- Hoşeýa Chapter 1
- Zebur Chapter 51
- Zebur Chapter 49
- Zebur Chapter 9
- Eýýup Chapter 5
- Zebur Chapter 50
Explore More from süleýmanyň-pähimleri
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 17
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 2
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 16
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 8
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 27
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 7
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 24