Işaýa Chapter 22

For English

Read Işaýa Chapter 22 Online

Read Işaýa Chapter 22 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Işaýa in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Işaýa and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Işaýa 22

Bap 22

1. Görnüş jülgesi barada pygamberlik. Baryňyz üçeklere çykar ýaly, size näme boldy?

2. Eý, şowhun-şagalaňly, goh-galmagally, şadyýan şäher! Öldürilenleriň gylyçdan ölmedi, söweşde-de ölmedi.

3. Ähli baştutanlaryň bilelikde gaçdylar; ýaýlaryny ulanmadylar, ýesir düşdüler, uzaklara gaçdylar, ýöne tapylanlaryň bary ele düşdi.

4. Munuň üçin men: «Nazaryňy menden sow, zar-zar aglaýyn» diýdim. Eziz halkymyň weýrançylygy üçin teselli bermäň maňa.

5. Görnüş jülgesinde Taňry Hökmürowan Rebbiň howsalaly, tabyn edýän, aljyraňňy güni bolar. Diwarlar ýykylar bu gün, daglara perýat ediler.

6. Eýlam söweş arabalary, atlylary bilen sagdagyny galgadýar, Kir goşuny galkanlaryny somlaýar.

7. Söweş arabalaryndan hyryn-dykyndyr gözel jülgeleriň, atlylar derwezelerde nyzama durdular.

8. Ýahudanyň örtgüsi aýryldy. Şol gün jeňňeliň gorhanasyna seretdiň.

9. Dawut şäherindäki köp jaýryklary gördüňiz, aşaky howza suw topladyňyz.

10. Iýerusalimiň öýlerini sanadyňyz, diwary berkitmek üçin öýleri ýykdyňyz.

11. Köne howzuň suwlary üçin, iki diwaryň arasyndan suw howdanyny gazdyňyz. Ýöne ony Ýaradana seretmediňiz, owaldan Taýynlany görmediňiz.

12. Şol gün Taňry Hökmürowan Reb ýas baglamaga çagyrdy sizi, saçlaryňyzy ütüp, jul geýinmäge çagyrdy.

13. Emma siz öküz, goýun öldürip, et iýip, şerap içip, şatlanýarsyňyz, begenýärsiňiz. «Geliň, iýip-içeliň, ertir biz öleris» diýýärsiňiz.

14. Hökmürowan Reb gulagyma: «Elbetde, ölýänçäňiz bu günäňizden saplanmarsyňyz» diýdi. Muny Taňry Hökmürowan Reb diýýär.

15. Taňry Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Git-de, patyşanyň emeldary, köşk häkimi Şebnanyň ýanyna bar-da, oňa şeýle diý:

16. „Bu ýerde näme işiň bar? Özüňe gabyr gazar ýaly kimiň bar? Özüňe belentde gabyr gazýarsyň, gaýada özüňe dynç ýer edinýärsiň.

17. Eý, güýçli kişi, Reb seni güýç bilen togalar. Ol seni ykjam tutup,

18. aýlap-aýlap, top kimin bir giň ýurda taşlar. Sen ol ýerde ölersiň. Ajaýyp söweş arabalaryň ol ýerde galar. Öz jenabyňyň öýüni biabraý eden sensiň.

19. Seni ornuňdan kowaryn, wezipäňden boşadylarsyň.

20. Şol gün Men gulum Hilkiýa ogly Elýakymy çagyraryn.

21. Seniň donuňy oňa geýdirip, guşagyňy onuň biline guşaryn. Häkimýetiňi oňa bererin; ol Iýerusalimiň ilatyna we Ýahuda halkyna ata bolar.

22. Dawudyň öýüniň açaryny onuň gerşinden asaryn. Onuň açanyny hiç kim ýapyp bilmez, ýapanyny hiç kim açyp bilmez.

23. Ony ýere gazyk kimin gaýym kakaryn, ol öz nesillerine hormat tagty bolar.

24. Çadyryň gazyga baglanyşy ýaly, onuň urugynyň çagalarynyň, agtyklarynyň abraýy-da oňa baglydyr"».

25. Hökmürowan Reb: «Şol gün ýere gaýym kakylan gazyk ýerinden sogrular; ol çapylyp ýykylar; oňa baglanan çadyr-da ýok bolar» diýýär. Muny Reb aýdýandyr.

About Işaýa Chapter 22

Read Işaýa Chapter 22 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Işaýa in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Işaýa
Chapter: 22
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Işaýa. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Işaýa Chapter 22 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Işaýa Chapter 22?

Işaýa Chapter 22 is part of the Book of Işaýa in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Işaýa Chapter 22 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Isaya

  1. Isaya Chapter 27
  2. Isaya Chapter 28
  3. Isaya Chapter 13
  4. Isaya Chapter 26
  5. Isaya Chapter 25
  6. Isaya Chapter 1
  7. Isaya Chapter 34

Explore More from Köne Äht

  1. Müsürden çykyş Chapter 11
  2. Nehemýa Chapter 10
  3. Gelip çykyş Chapter 12
  4. Zebur Chapter 97
  5. Ýeşuwa Chapter 8
  6. Işaýa Chapter 14
  7. 1 Şamuwel Chapter 24

Related Chapters & Readings

  1. 2 Timoteosa haty Chapter 3
  2. Çölde Chapter 27
  3. 2 Korintoslylara haty Chapter 1
  4. Ezekiýel Chapter 6
  5. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 10
  6. Zebur Chapter 72
  7. Zebur Chapter 144
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *