Read Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 8 Online
Read Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 8 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Pawlusyň Rimlilere haty in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Pawlusyň Rimlilere haty and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Pawlusyň Rimlilere haty 8
Bap 8
1. Şeýlelik bilen, Mesih Isada bolanlara, ten bilen däl-de, Ruh bilen gezýänlere häzir hiç hili iş kesme ýokdur.
2. Çünki Mesih Isadaky ýaşaýyş Ruhunyň kanuny meni günä hem ölüm kanunyndan azat edendir.
3. Çünki teniň güýçsüzligi zerarly, kanuna mümkin bolmadyk zady Hudaý etdi.
4. Ol kanunyň talap edýän dogrulygy tene görä däl, Ruha görä gezýän bizde ýerine ýeter ýaly, Öz Ogluny günä teni meňzeşliginde günä üçin ýollap, tende günä iş kesdi.
5. Çünki tene görä bolanlar tene degişli işlere, Ruha görä bolanlar hem Ruha degişli işlere pikir edýändir.
6. Çünki tene daýanýan pikir ölüm, Ruha daýanýan pikir ýaşaýyşdyr, parahatlykdyr.
7. Sebäbi tene daýanýan pikir Hudaýa duşmançylykdyr, Hudaýyň kanunyna tabyn bolýan däldir, muny başarýan hem däldir.
8. Şonuň üçin teniň hökümi astyndakylar Hudaýyň göwnünden turmagy başarmaz.
9. Hudaýyň Ruhy sizde mesgen tutan bolsa, onda siz tende däl, Ruhdasyňyz. Kimde Mesihiň Ruhy ýok bolsa, ol Onuňky däldir.
10. Mesih sizde bolsa, onda ten günä üçin öli, ruh hem aklanma üçin diridir.
11. Isany Direldeniň Ruhy sizde mesgen tutýan bolsa, onda Mesihi ölümden Direlden sizde mesgen tutan Ruhy üçin ölümli bedeniňize-de ýaşaýyş berer.
12. Eý doganlar, biz borçludyrys, ýöne tene görä ýaşamak üçin tene borçly däldiris.
13. Tene görä ýaşasaňyz, ölersiňiz, ýöne beden işlerini Ruh bilen öldürseňiz, ýaşarsyňyz.
14. Çünki Hudaýyň Ruhy arkaly ideklenýänleriň bary Hudaýyň ogludyr.
15. Çünki siz ýene-de gorky üçin gulluk ruhuny däl-de, ogullyk ruhuny alansyňyz. Biz şol ruh bilen: «Abba, Ata» diýip seslenýäris.
16. Biziň Hudaýyň perzendidigimize şol ruhuň özi ruhumyz bilen güwä geçýär.
17. Perzent bolan bolsak, onda hem mirasçydyrys ― Hudaýyň mirasçylary, Mesihiň hem mirasdaşlarydyrys. Isa bilen bile görgi görýän bolsak, bile şöhratlanmagymyz üçindir.
18. Meniň pikirimçe, şu wagtky görgüler bize aýan boljak geljekki şöhrat bilen deňeşdirer ýaly däl.
19. Çünki ýaradylyş Hudaýyň ogullarynyň aýan bolmagyna küýseg bilen garaşýar.
20. Sebäbi ýaradylyş öz islegi bilen däl-de, ony tabyn Etdireniň islegi bilen puçluga tabyn boldy.
21. Munda ýaradylyşyň özi hem çüýreme gullugyndan azat edilip, Hudaýyň perzentleriniň şöhratly azatlygyna gowşar diýen umyt bardy.
22. Çünki biz bütin ýaradylyşyň şu wagta çenli birlikde ah çekip, birlikde burgusynyň tutup ýatanyny bilýäris.
23. Diňe bir ýaradylyş hem däl, eýsem, Ruhuň ilkinji miwesini alan biziň özümiz hem ogullyga alynmagymyza, ýagny tenimiziň halas bolmagyna garaşyp, içimizden ah çekýäris.
24. Çünki biz bu umyt bilen halas bolandyrys. Ýöne görünýän umyt umyt däldir, görýän zadyna kim umyt baglar?
25. Ýöne görmedik zadymyza umyt baglasak, şonda sabyrly garaşarys.
26. Ruh hem ejizligimizde bize kömek berer, çünki biz nähili doga etmelidigimizi bilmeýäris, ýöne Ruhuň Özi aýdyp bolmaz iňňildiler bilen biziň üçin töwella eder.
27. Emma ýürekleri Derňeýän Ruhuň pikiriniň nämedigini bilýändir, çünki Ruh mukaddesler üçin Hudaýyň islegine görä töwella edýändir.
28. Biz ähli zatlaryň Hudaýy söýýänleriň, Onuň maksadyna görä çagyrylanlaryň bähbidi üçin birlikde işleýändigini bilýäris.
29. Sebäbi köp doganlaryň arasynda Öz Oglunyň ilkinji doglan bolmagy üçin, Hudaý öňden tanaýan adamlaryny Oglunyň keşbine dönmek üçin öňden belläp goýdy.
30. Ol öňden bellänlerini-de çagyrdy, çagyranlaryny-da aklady, aklanlaryny-da şöhratlandyrdy.
31. Ýeri, muňa näme diýersiň? Hudaý bizlik bolsa, onda kim bize garşy?
32. Öz Ogluny gaýgyrman, biziň hemmämiz üçin ölüme beren Hudaý Onuň bilen bile bize bar zady nähili bagyşlamaz?
33. Hudaýyň saýlanlaryny kim aýyplar? Olary aklaýan Hudaýdyr.
34. Kim iş keser? Biziň üçin töwella edýän ölen, ondan hem beter direlip, Hudaýyň sagynda oturan Mesih Isadyr.
35. Mesihiň söýgüsinden bizi kim aýrar? Muşakgatmy, gaýgymy, azarmy, açlykmy, ýalaňaçlykmy, howpmy ýa gylyçmy?
36. «Seniň ugruňda bizi her gün öldürýärler, bizi goýun hasaplaýarlar» diýip ýazylypdyr.
37. Emma biz özümizi Söýýän arkaly bularyň baryny ýeňenlerden üstündiris.
38. Sebäbi, men ne ölümiň, ne-de ýaşaýşyň, ne perişdeleriň, ne hökümdarlaryň, ne-de gudratlaryň, ne şu wagtyň, ne-de geljegiň,
39. ne belentligiň, ne-de çuňlugyň ne-de başga mahlugyň Rebbimiz Mesih Isada bolan Hudaý söýgüsinden bizi aýyrmagy başarmajakdygyna ynanýaryn.
About Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 8
Read Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 8 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Pawlusyň Rimlilere haty in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Pawlusyň Rimlilere haty
Chapter: 8
Testament: New Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Pawlusyň Rimlilere haty. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 8 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 8?
Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 8 is part of the Book of Pawlusyň Rimlilere haty in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 8 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from pawlusyň-rimlilere-haty
- Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 1
- Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 6
- Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 4
- Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 2
- Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 15
- Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 12
- Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 7
Explore More from Täze Äht
- Lukanyň Hoş Habary Chapter 6
- Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 13
- Filipililere haty Chapter 2
- Ýahýa gelen ylham Chapter 5
- Markusyň Hoş Habary Chapter 5
- Lukanyň Hoş Habary Chapter 21
- Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 19