Read Danyýel Chapter 5 Online
Read Danyýel Chapter 5 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Danyýel in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Danyýel and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Danyýel 5
Bap 5
1. Belşasar şalyk tagtyna çykandan soň, töreleriniň müňüsi üçin uly meýlis gurady we olar bilen bile şerap içdi.
2. Belşasar şerapdan keýplenip, atasy Nebukadnesaryň Iýerusalimdäki ybadathanadan alyp gaýdan altyn we kümüş gap-gaçlaryny getirmekligi buýurdy. Patyşa, onuň töreleri, aýallary we gyrnaklary şeraby şolara guýup içmekçidiler.
3. Şeýdip, Iýerusalimdäki ybadathanadan Hudaýyň öýünden alnyp gaýdylan altyn gap-gaçlary getirdiler. Patyşa, onuň töreleri, aýallary we gyrnaklary şeraby şolara guýup içdiler.
4. Olar şerap içip, altyndan, kümüşden, bürünçden, demirden, agaçdan we daşdan ýasalan hudaýlary alkyşladylar.
5. Şol pursatda bir ynsan eliniň barmaklary peýda bolup, çyradanyň gapdalyndaky şa köşgüniň diwarynyň ýüzüne bir zatlar ýazmaga başlady. Patyşanyň ýazýan ele gözi düşdi.
6. Patyşanyň ýüzünde reňk-pet galmady, pikirleri ony howsala saldy. Onuň süňňi saňňyldap, dyzlary biri-birine degip sandyrap başlady.
7. Patyşa: «Palçylary, müneçjimleri we bilgiçleri getiriň» diýip, batly ses bilen gygyrdy. Ol Babyl akyldarlaryna ýüzlenip: «Kimde-kim şu ýazgyny okap, onuň manysyny düşündirip berse, gyrmyzy don ýapylyp, onuň boýnuna altyn zynjyr dakylar we patyşalykda ol meniň sag elim bolar» diýdi.
8. Onsoň patyşanyň ähli akyldarlary içeri girdiler, emma olar patyşa bu ýazgyny ne okap berip, ne-de onuň manysyny düşündirip bildiler.
9. Mundan soň Belşasar patyşa gaty howsala düşdi, onuň ýüzünde reňk-pet galmady, töreleri hem aljyraňňylyga düşdüler.
10. Patyşanyň hem-de onuň töreleriniň sesini eşidip, patyşanyň ejesi meýlis jaýyna geldi. Patyşanyň ejesi şeýle diýdi: «Patyşa baky ýaşasyn! Pikirleriň seni howsala salmasyn, ýüzüňiň reňki solmasyn.
11. Seniň patyşalygyňda mukaddes hudaýlaryň ruhy bilen doldurylan bir adam bar. Ataňyň döwründe ol nuranalygy, düşünjeliligi, hudaýlar ýaly paýhaslylygy bilen özüni tanatdyrdy. Ataň Nebukadnesar patyşa ony jadygöýleriň, palçylaryň, müneçjimleriň we bilgiçleriň üstünden baştutan edip goýdy.
12. Patyşanyň Belteşasar diýip at beren bu Danyýeline düýşleri ýormakda, tapmaçalary bilmekde, kyn ýagdaýdan çykalga tapmakda ýiti aň, bilim we düşünje berlipdir. Indi Danyýeli çagyrt, bu ýazgynyň manysyny saňa ol aýdyp berer».
13. Şondan soň Danyýeli patyşanyň huzuryna getirdiler. Patyşa Danyýele şeýle diýdi: «Patyşa atamyň Ýahudadan ýesir edip getiren Danyýeli senmi?
14. Men sende hudaýlaryň ruhunyň bardygyny, saňa ýiti aň, düşünje we beýik paýhaslylyk berlendigini eşitdim.
15. Bu ýazgyny okap, onuň näme aňladýandygyny maňa aýdyp bermekleri üçin akyldarlary, palçylary huzuryma getirdiler, emma olar munuň näme aňladýandygyny düşündirip bilmediler.
16. Ýöne seniň düýşleri ýorup, kyn meseleleri çözüp bilýändigiňi eşitdim. Indi sen bu ýazgyny okap, onuň manysyny maňa düşündirip berseň, saňa gyrmyzy don ýapylar, boýnuňa altyn zynjyr dakylyp, patyşalykda meniň sag elim bolarsyň».
17. Şonda Danyýel patyşa şeýle jogap berdi: «Peşgeşleriň, goý, özüňe galsyn, sylag-serpaýlaryňy-da başga birine ber! Ýöne men ýazgyny okap, manysyny saňa düşündirip bereýin.
18. Eý, patyşa, Beýik Hudaý seniň ataň Nebukadnesara patyşalyk, beýiklik, şan-şöhrat we hormat berdi.
19. Hudaýyň oňa beren beýikliginden ýaňa ähli halklar, milletler we uruglar ondan gorkup sandyraşýardylar. Ol islän adamyny öldürip, islän kişisini-de diri goýýardy. Halanyny beýgeldip, halanyny-da peseldýärdi.
20. Emma ol doňýürek bolup, tekepbirlik bilen gopbamsy hereket edende, patyşalyk tagtyndan düşürildi we şöhraty elinden alyndy.
21. Ol ynsanlar arasyndan kowuldy, aňy haýwan aňyna öwrüldi. Ynsan patyşalygynyň üstünden Beýik Hudaýyň höküm sürýändigine we patyşalygy Özüniň islän adamyna berýändigine düşünýänçä, ol ýabany eşekler bilen ýaşady, öküzler ýaly ot iýdi, endamy gögüň çygy bilen ýuwuldy.
22. Emma sen, onuň ogly Belşasar, bularyň baryny bilip durkaňam ýüregiňi pespäl tutmadyň!
23. Gaýtam, özüňi gögüň Taňrysyna garşy goýup, tekepbirlik etdiň. Onuň ybadathanasynyň gap-gaçlaryny seniň huzuryňa getirdiler. Seniň özüň, töreleriň, aýallaryň we gyrnaklaryň olara şerap guýup içdiňiz. Görmeýän, eşitmeýän we bilmeýän, kümüşden, altyndan, bürünçden, demirden, agaçdan, daşdan ýasalan hudaýlary alkyşladyňyz. Emma janyňyzy Öz elinde saklaýan we ähli ýollaryňyza göz-gulak bolýan Hudaýy şöhratlandyrmadyňyz.
24. Şonuň üçin hem Ol bir el goýberip, şeýle ýazgyny ýazdyrdy.
25. Ýazylan ýazgy şudur: MENE, MENE, TEKEL we PARSIN.
26. Bu sözleriň manysy şeýle: MENE Hudaý seniň patyşalygyňyň möhletini hasaplap, ony soňlady.
27. TEKEL sen terezide çekildiň we ýeňil çykdyň.
28. PERES patyşalygyň bölünip, madaýlara we parslara berildi».
29. Şundan soň Belşasaryň buýrugy boýunça Danyýele gyrmyzy don ýapdylar, boýnuna altyn zynjyr dakdylar we ony patyşanyň sag eli diýip jar etdiler.
30. Babyl patyşasy Belşasar şol gije öldürildi.
31. Patyşalygy altmyş iki ýaşly madaýly Darýuş eline aldy.
About Danyýel Chapter 5
Read Danyýel Chapter 5 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Danyýel in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Danyýel
Chapter: 5
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Danyýel. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Danyýel Chapter 5 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Danyýel Chapter 5?
Danyýel Chapter 5 is part of the Book of Danyýel in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Danyýel Chapter 5 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from danyýel
- Danyýel Chapter 3
- Danyýel Chapter 2
- Danyýel Chapter 1
- Danyýel Chapter 4
- Danyýel Chapter 6
- Danyýel Chapter 12
- Danyýel Chapter 10
Explore More from Köne Äht
- Zebur Chapter 111
- Çölde Chapter 34
- Eýýup Chapter 13
- Ysraýyl serdarlary Chapter 21
- Işaýa Chapter 38
- Wagyz kitaby Chapter 8
- Nahum Chapter 1