Ýahudanyň haty Chapter 1

For English

Read Ýahudanyň haty Chapter 1 Online

Read Ýahudanyň haty Chapter 1 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýahudanyň haty in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Ýahudanyň haty and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

1

Ýahudanyň haty 1

Bap 1

1. Isa Mesihiň guly, Ýakubyň dogany Ýahudadan Ata Hudaý tarapyndan mukaddes edilip, Isa Mesihde saklanýan çagyrylanlara salam!

2. Size rehim, parahatlyk, söýgi eçilsin!

3. Eý, söýgüli doganlar, men size ortak gutulyşymyz hakda ýazmak üçin bütin gaýratymy sarp edip, mukaddeslere bir gezek tabşyrylan iman ugrunda göreşiň diýip ýazmaga, nesihat bermäge mejbur boldum.

4. Çünki Hudaýymyzyň merhemetini ahlaksyzlyga öwren, ýalňyz Baýarymyz Hudaýy we Rebbimiz Isa Mesihi inkär edýän hudaýsyzlar, gadymdan şu höküm üçin bellenen käbir adamlar ogrynça araňyza sokuldylar.

5. Ýöne muny ozal bilýän hem bolsaňyz, Rebbiň Müsür diýaryndan halky bir gezek gutarandan soň, ikinji gezek iman etmedikleri heläk edenligini size ýatladasym gelýär.

6. Ol öz mertebelerini saklaman, mesgenlerini terk eden perişdeleri hem ebedi zynjyrlar bilen baglap, tümlük astynda magşar günüň hökümine saklady.

7. Şeýle, Sodom, Gomorra we olaryň töweregindäki şäherler hem zynahorluga berlip, jyns azgynlygyna eýerip, ebedi ot jezasyny çekmek bilen göreldä goýuldy.

8. Şonuň ýaly, bu düýş görüjiler hem teni nejisleýär, häkimiýeti äsgermeýär, şöhratly güýçlere sögýär.

9. Baş perişde Mikaýyl Musanyň jesedi barada iblis bilen çekişip, jedelleşende oňa sögmän, bir höküm getirmäge-de ýürek etmän, diňe: «Saňa Reb käýesin!» diýdi.

10. Emma bular bilmeýän zatlaryna sögýärler; pähimsiz haýwanlar ýaly tebigatyna görä düşünýän zatlary olary heläk edýär.

11. Waý, olaryň halyna! Çünki olar Kabylyň ýoluny tutdular, muzd üçin özlerini Balamyň hatasyna tabşyrdylar, Korahyň topalaňynda heläk boldular.

12. Bular siz bilen gorkusyz iýip-içip, diňe özlerini bakan mahallary siziň muhabbet zyýapatlaryňyza tegmilt bolýarlar. Ýel bilen kowlan suwsuz bulutlar, iki gezek ölen, kökünden goparylan miwesiz güýz agaçlary,

13. öz biabraýçylygynyň köpügini saçýan ýowuz deňiz tolkunlary, sergezdan ýyldyzlardyrlar. Baky garaňky tümlük olar üçin saklanandyr.

14. Adamdan soňra ýedinji bolan Hanok hem bular hakda welilik edip, şeýle diýipdir:

15. «Hudaýsyzlyk bilen eden bütin hudaýsyz işleri zerarly, hudaýsyz günäkärleriň Oňa aýdan ähli paýyş sözleri zerarly, hemmeleriň üstünden höküm çykarmaga, bütin hudaýsyzlary höküm etmäge Reb, ine, müňlerçe mukaddesi bilen geldi».

16. Bular hüňürdeýän, öz bijelerinden närazy, erbet höweslerinde gezýänlerdir. Olaryň agzy gopbamsy sözler aýdýandyr, nep üçin ikiýüzlülik edýändirler.

17. Emma siz, eý, söýgüli doganlar, Rebbimiz Isa Mesihiň resullarynyň öňünden aýdan sözlerini ýada salyň.

18. Olar size: «Soňky wagtlarda öz hudaýsyzlyklarynyň höweslerine görä gezýän ýaňsylaýjylar bolar» diýip aýdardylar.

19. Bular aýralyk salýan, Mukaddes Ruhdan mahrum tebigy adamlardyr.

20. Eý, söýgüli doganlar, siz özüňizi iň mukaddes imanyňyzyň üstünde gurup, Mukaddes Ruhda doga edip,

21. ebedi ýaşaýyş üçin Rebbimiz Isa Mesihiň rehimine garaşyň, özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň.

22. Şübhe içinde bolan käbirlerine rehimdar boluň.

23. Käbirlerini gorky bilen, otdan çekip gutaryň. Käbirlerine bolsa günäli ten bilen hapalanan lybasy-da ýigrenip, rehimdar boluň.

24. Halasgärimiz ýalňyz Hudaý sizi büdremekden goramagy, şöhratynyň huzurynda uly şatlyk bilen tegmiltsiz duruzmagy başarýandyr.

25. Şöhrat, ululyk, gudrat we häkimiýet Rebbimiz Isa Mesih arkaly ähli döwürlerden öň, häzir we ähli döwürleriň dowamynda Hudaýyňky bolsun! Omyn.

About Ýahudanyň haty Chapter 1

Read Ýahudanyň haty Chapter 1 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýahudanyň haty in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Ýahudanyň haty
Chapter: 1
Testament: New Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Ýahudanyň haty. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Ýahudanyň haty Chapter 1 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Ýahudanyň haty Chapter 1?

Ýahudanyň haty Chapter 1 is part of the Book of Ýahudanyň haty in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Ýahudanyň haty Chapter 1 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Täze Äht

  1. Lukanyň Hoş Habary Chapter 1
  2. Mattanyň Hoş Habary Chapter 3
  3. Lukanyň Hoş Habary Chapter 14
  4. Lukanyň Hoş Habary Chapter 13
  5. Lukanyň Hoş Habary Chapter 4
  6. Lukanyň Hoş Habary Chapter 21
  7. Lukanyň Hoş Habary Chapter 7

Explore More from ýahudanyň haty

Related Chapters & Readings

  1. Ezekiýel Chapter 14
  2. Ýahýa gelen ylham Chapter 4
  3. 2 patyşalar Chapter 9
  4. Resullaryň Işleri Chapter 24
  5. Ýahýa gelen ylham Chapter 14
  6. Ezekiýel Chapter 2
  7. Zebur Chapter 119
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *