Read 2 Şamuwel Chapter 17 Online
Read 2 Şamuwel Chapter 17 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 Şamuwel in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of 2 Şamuwel and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
2 Şamuwel 17
Bap 17
1. Ahytopel Abşaloma şeýle diýdi: «Ygtyýar et, on iki müň adamy saýlaýyn-da, şu gije Dawudyň yzyndan kowalaýyn.
2. Ýadap gurbatdan düşen wagty men onuň üstüne çozup, ony howsala salaýyn. Ýanyndaky ähli goşun gaçar, men diňe patyşanyň özüni öldürerin.
3. Ýaş gelniň öz adamsynyň öýüne gelşi ýaly, ähli halkyň saňa tarap öwrülmegi üçin, seniň şol ideýän adamyň öldürilmegi wajypdyr. Şonda bütin halk parahatçylykda bolar».
4. Maslahat Abşaloma-da, Ysraýylyň ähli ýaşulularyna-da ýarady.
5. Abşalom: «Arky urugyndan bolan Huşaýy-da çagyr, onam diňläli, näme diýýär» diýdi.
6. Huşaý gelende, Abşalom oňa: «Ahytopeliň maslahat-a, ine, şeýle. Şonuň diýeni bilen bolubermelimi ýa özüň bir maslahat berýäňmi?» diýdi.
7. Huşaý: «Ahytopeliň bu gezekki beren maslahaty gowy maslahat däl» diýip,
8. ýene sözüni dowam etdi: «Kakaňyň hem-de onuň adamlarynyň batyr ýigitlerdigini bilýänsiň. Olar sährada çagasyny elinden aldyran aýy ýaly ýowuz boldular. Üstesine-de, ataň tejribeli urşujydyr. Ol gijäni goşunyň arasynda geçirmez.
9. Häzir ol bir gowakda ýa-da başga bir ýerde gizlenendir. Ilkinji hüjümde biziňkilerden öleni bolaýsa, onda ony eşidenler: „Abşalomyň yzyna düşenler gyrlypdyr“ diýerler.
10. Şonda arslan ýürek gaýduwsyz batyram gorkudan ýaňa pagyş-para erär, sebäbi kakaňyň batyr ýigitdigini, onuň ýanyndakylaryň-da gaýduwsyzdygyny tutuş Ysraýyl bilýär.
11. Şoňa görä meniň maslahatym şeýle: Dandan Beýerşeba çenli ähli ysraýyllar deňiz kenarynyň çägeleriçe köplükde seniň ýanyňa toplansyn. Söweşde olara özüň baştutanlyk et.
12. Biz ony nirede bolsa-da tapyp, ýere çyg düşüşi ýaly bolup, onuň üstüne dökülmelidiris. Şonda onuň ne özi aman galar, ne-de ýanyndakylar.
13. Eger-de ol gala tarap çekiläýse, onda ähli ysraýyllar ýüp getirerler we ol ýeriň iň soňky çaglyna çenli, galany jülgä çekeris».
14. Abşalom bilen ähli ysraýyllar: «Arky urugyndan bolan Huşaýyň maslahaty Ahytopeliň maslahatyndan gowy» diýdiler. Sebäbi Reb Abşalomy heläkçilige duçar etmek üçin, Ahytopeliň oňat maslahatyny puja çykarmak kararyna gelipdi.
15. Huşaý ruhanylar Sadok bilen Abýatara şeýle diýdi: «Abşaloma hem-de ysraýyl ýaşulularyna Ahytopel şeýle maslahat berdi, men hem beýle maslahat berdim.
16. Indi haýal etmän, adam iberiň-de, Dawuda şu habary ýetiriň: „Şu gije çölde – derýanyň saý ýerinde galman, aňry tarapa geçmese, patyşanyň özi-de, ýanyndaky tutuş goşun-da heläk bolar“».
17. Göze ilmezlik üçin gala girip bilmeýändiklerine görä, Ýonatan bilen Ahymagas Enrogelde garaşýardylar. Bir gyrnak gelip, olara habar berýärdi, olar bolsa gidip, Dawuda aýdýardylar.
18. Emma bir gezek bir ýetginjek olary görüp, Abşaloma habar berdi. Ýonatan bilen Ahymagas haýal etmän gidip, Bahurymda biriniň öýüne bardylar. Şol adamyň howlusynda bir guýusy bardy; olar şol guýynyň içine girdiler.
19. Hojaýynyň aýaly guýynyň agzyny örtgi bilen örtdi-de, üstüne däne serdi; ol ýerde hiç zat bilner ýaly bolmady.
20. Abşalomyň adamlary ol aýalyň öýüne gelip, ondan Ahymagas bilen Ýonatanyň nirededigini soradylar. Aýal olara: «Olar arykdan geçdiler» diýip jogap berdi. Gözleýänler ol ikisini gözläp tapmandan soň, Iýerusalime dolandylar.
21. Ýaňkylar gidenden soň, ol ikisi guýudan çykyp gitdiler-de, Dawut patyşany habardar etdiler. Olar Ahytopeliň Dawudyň garşysyna eden maslahatyny aýdyp, Dawuda: «Bol, basymrak, suwdan geçip, ötägit» diýdiler.
22. Şondan soň Dawut bilen onuň ýanyndaky goşun Iordan derýasyndan geçdiler. Daň saz berýänçä, olar derýadan doly geçip gutardylar.
23. Öz maslahatynyň ýer tutmandygyny gören Ahytopel eşegini gaňňalady-da, öz galasyna, öýüne gitdi. Baryp, maşgalasyna wesýet edenden soň bolsa özüni asdy. Ony kakasynyň gubry goýlan gümmezde jaýladylar.
24. Abşalom Ysraýylyň ähli adamlaryny ýanyna alyp, Iordan derýasyndan geçende, Dawut Mahanaýyma barypdy.
25. Abşalom Amasany Ýowabyň ýerine goşunbaşy edip goýdy. Amasa Ýytra diýen bir ysraýylyň ogludy. Ýytra Ýowabyň ejesi, Seruýanyň aýal dogany, Nahaşyň gyzy Abygaýyla öýlenipdi.
26. Ysraýyllar bilen Abşalom Gilgatda düşlediler.
27. Dawut Mahanaýyma baranda, ammonlaryň Raba galasyndan Nahaşyň ogly Şoby, lodebarly Emiýeliň ogly Makyr, Rogelimden gilgatly Barzyllaý dagy
28. Dawut bilen onuň ýanyndaky adamlaryna ýorgan-düşek, gap-çanak, toýun gaplar, hurşluk üçin bugdaý, arpa, un, gowurga, noýba, mäş,
29. bal, süzme, goýun etini, sygyr süýdünden edilen peýnir getirdiler. Sebäbi olar goşunyň çölde aç-suwsuz hem ýadawdygyny aýdypdylar.
About 2 Şamuwel Chapter 17
Read 2 Şamuwel Chapter 17 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 Şamuwel in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: 2 Şamuwel
Chapter: 17
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading 2 Şamuwel. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading 2 Şamuwel Chapter 17 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is 2 Şamuwel Chapter 17?
2 Şamuwel Chapter 17 is part of the Book of 2 Şamuwel in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete 2 Şamuwel Chapter 17 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from 2-şamuwel
- 2 Şamuwel Chapter 15
- 2 Şamuwel Chapter 19
- 2 Şamuwel Chapter 4
- 2 Şamuwel Chapter 14
- 2 Şamuwel Chapter 23
- 2 Şamuwel Chapter 16
- 2 Şamuwel Chapter 8
Explore More from Köne Äht
- Zebur Chapter 26
- Nagmalar nagmasy Chapter 4
- 1 Şamuwel Chapter 4
- Işaýa Chapter 30
- Abadýa Chapter 1
- Zebur Chapter 127
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 5