Ýakubyň haty Chapter 4

For English

Read Ýakubyň haty Chapter 4 Online

Read Ýakubyň haty Chapter 4 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýakubyň haty in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Ýakubyň haty and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Ýakubyň haty 4

Bap 4

1. Araňyza uruşlar, dawalar nireden girýär? Agzalaryňyzda uruşýan höweslerden dälmi?

2. Siz isleýärsiňiz, ýöne gazanmaýarsyňyz; öldürýärsiňiz, içigaralyk edýärsiňiz, ýöne hiç bir zada ýetip bilmeýärsiňiz; dawalaşýarsyňyz, uruşýarsyňyz; gazanmaýarsyňyz, çünki dilemeýärsiňiz.

3. Dileýärsiňiz, ýöne hiç zat almaýarsyňyz, çünki höwesleriňize sarp etmek üçin erbet dileýärsiňiz.

4. Eý zynahorlar, dünýä dostlugynyň Hudaýa duşmançylykdygyny bilmeýärsiňizmi? Dünýäniň dosty bolmak isleýän adam özüni Hudaýa duşman edýändir.

5. Ýa-da: «Bizde mesgen tutan Ruh gabanjaňlyk bilen küýseýändir» diýen Ýazgy ýöne ýerden aýdýandyr öýdýärsiňizmi?

6. Ol iňňän uly merhemet berýändir. Şonuň üçin hem: «Hudaý tekepbirlere garşy durýandyr, kiçigöwünlilere bolsa merhemet edýändir» diýýär.

7. Indi Hudaýa boýun boluň. Iblise garşy duruň, ol sizden gaçar.

8. Hudaýa ýakynlaşyň, Ol hem size ýakynlaşar. Eý günäkärler, eliňizi arassalaň, eý ikigöwünliler, ýüregiňizi saplaň.

9. Gussa çekiň, ýas tutup aglaň; gülkiňiz ýasa, şatlygyňyz gaýga öwrülsin.

10. Rebbiň huzurynda peseliň, Ol sizi beýgelder.

11. Eý doganlar, biri-biriňizi ýamanlamaň. Kim doganyny ýamanlaýan ýa doganyna höküm edýän bolsa, ol kanuny ýamanlaýandyr, Mukaddes Kanuna höküm edýändir. Sen kanuna höküm etseň, onda kanuny berjaý edýän däl, oňa höküm edýänsiň.

12. Kanun çykaryjy, höküm ediji birdir, Ol gutarmagy hem heläk etmegi başarýandyr. Başga adamlara höküm eder ýaly, sen kim?

13. Hany indi: «Bu gün ýa ertir pylan şähere gitjek, bir ýyly ol ýerde geçirjek, alyş-beriş etjek, pul gazanjak» diýýänler.

14. Eý, ertirki günüň näme getirjegini bilmeýänler, ýaşaýşyňyz näme? Ol bir az wagt görnüp, ondan soň ýitirim bolýan bugdur.

15. Munuň deregine: «Reb islese, ýaşarys, muny ýa ony ederis» diýmelisiňiz.

16. Emma siz öz öwünjeňligiňiz bilen magtanýarsyňyz. Beýle magtanmalaryň bary erbetdir.

17. Kim ýagşylyk etmegi bilip-de, etmeýän bolsa, ol günäkärdir.

About Ýakubyň haty Chapter 4

Read Ýakubyň haty Chapter 4 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýakubyň haty in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Ýakubyň haty
Chapter: 4
Testament: New Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Ýakubyň haty. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Ýakubyň haty Chapter 4 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Ýakubyň haty Chapter 4?

Ýakubyň haty Chapter 4 is part of the Book of Ýakubyň haty in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Ýakubyň haty Chapter 4 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Täze Äht

  1. 2 Korintoslylara haty Chapter 2
  2. 2 Korintoslylara haty Chapter 3
  3. 2 Korintoslylara haty Chapter 6
  4. 2 Korintoslylara haty Chapter 5
  5. 2 Korintoslylara haty Chapter 4
  6. 2 Korintoslylara haty Chapter 10
  7. 2 Korintoslylara haty Chapter 8

Explore More from ýakubyň-haty

  1. Ýakubyň haty Chapter 1
  2. Ýakubyň haty Chapter 5
  3. Ýakubyň haty Chapter 2
  4. Ýakubyň haty Chapter 3

Related Chapters & Readings

  1. Markusyň Hoş Habary Chapter 7
  2. Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 5
  3. Ezekiýel Chapter 32
  4. Ýakubyň haty Chapter 3
  5. Zebur Chapter 62
  6. Resullaryň Işleri Chapter 21
  7. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 12
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *