Read 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 18 Online
Read 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 18 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby 18
Bap 18
1. Birnäçe wagtdan soň Dawut piliştlilere zarba urup, olary özüne tabyn etdi. Ol Gat galasyny hem-de onuň obalaryny piliştlileriň elinden aldy.
2. Ol mowaplylary ýeňdi. Mowaplylar Dawuda tabyn bolup, oňa salgyt tölediler.
3. Soňra Dawut Perat derýasynyň töweregindäki agalygyny täzeden dikeltmek üçin giden Soba patyşasy Hadadgezeri Hamatyň ýakynynda boýun egdirdi.
4. Dawut onuň müň sany söweş arabasyny, arabaly goşunynyň ýedi müň esgerini hem-de ýigrimi müň esgerli pyýada goşunyny ýesir aldy. Ol atlaryň ýüz araba ýeter ýalysyny goýup, galanlaryny maýyp etdi.
5. Damaskda ýaşaýan aramlylar Soba patyşasy Hadadgezere kömege gelende, Dawut aramlylaryň ýigrimi iki müňüsini öldürdi.
6. Dawut Damaskda ýaşaýan aramlylaryň arasynda goşun bölümlerini ýerleşdirdi. Aramlylar Dawuda tabyn bolup, oňa salgyt tölediler. Dawudyň baran ýerinde Reb oňa ýeňiş getirýärdi.
7. Dawut Hadadgezeriň gullarynyň göterýän altyn galkanlaryny alyp, Iýerusalime getirdi.
8. Hadadgezeriň galalary Tibhatdan hem-de Kundan Dawut juda köp bürünji ele saldy. Soň Süleýman şol bürünçlerden bürünç howuz, sütünleri hem enjamlary ýasady.
9. Hamat şasy Togu Dawudyň Soba şasy Hadadgezeriň ähli goşunyny derbi-dagyn edendigini eşitdi.
10. Hadadgezer bilen urşup, ondan üstün çykmagy mynasybetli Dawut patyşany gutlamak hem-de hal-ahwal soraşmak üçin, Togu öz ogly Hadoramy Dawudyň ýanyna iberdi. Sebäbi Hadadgezer Togu bilen ýygy-ýygydan uruşýardy. Hadoram özi bilen kümüş, altyn hem bürünç sowgatlar äkitdi.
11. Dawut bu sowgatlary-da ähli halklardan: edomlardan, mowaplardan, ammonlardan, piliştlilerden hem amaleklerden ele salan altyn-kümüşleri bilen bile Rebbe bagyş etdi.
12. Seruýanyň ogly Abyşaý Duz jülgesinde on sekiz müň edomlyny öldürdi.
13. Ol Edomda goşun bölümlerini ýerleşdirdi; ähli edomlylar Dawuda tabyn boldular. Dawudyň giden ýerinde Reb oňa ýeňiş getirýärdi.
14. Şeýdip, Dawut tutuş Ysraýyla patyşalyk edýärdi. Ol tutuş halkyny adyllyk hem hakykat bilen dolandyrýardy.
15. Seruýanyň ogly Ýowap onuň goşunbaşysydy; Ahyludyň ogly Ýehoşapat – ýyl ýazgyçydy,
16. Ahytubyň ogly Sadok bilen Abýataryň ogly Abymelek ruhanydylar, Şawşa – kätipdi,
17. Ýehoýadanyň ogly Benaýa keretler bilen peletleriň baştutanydy, Dawudyň ogullary bolsa şa hyzmatynyň baştutanlarydy.
About 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 18
Read 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 18 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Chapter: 18
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 18 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 18?
1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 18 is part of the Book of 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 18 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from 1-ýyl-ýazgylarynyň-kitaby
- 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 28
- 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 24
- 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 8
- 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 5
- 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 27
- 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 25
- 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 23
Explore More from Köne Äht
- Ýermeýa Chapter 28
- Zebur Chapter 9
- Eýýup Chapter 19
- Ezekiýel Chapter 37
- Zebur Chapter 109
- 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 28
- Işaýa Chapter 28