Ysraýyl serdarlary Chapter 10

For English

Read Ysraýyl serdarlary Chapter 10 Online

Read Ysraýyl serdarlary Chapter 10 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ysraýyl serdarlary in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Ysraýyl serdarlary and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Ysraýyl serdarlary 10

Bap 10

1. Abymelekden soň Ysraýyly halas etmek üçin ysakar tiresinden Dodonyň agtygy Puwanyň ogly Tola aýaga galdy. Ol Efraýym daglygynda ýerleşýän Şamyr diýen ýerde efraýymlaryň arasynda ýaşady.

2. Ol ýigrimi üç ýyl Ysraýyla serdar boldy. Soňra ol dünýäden ötdi, ony Şamyrda jaýladylar. Ýaýyr serdar

3. Ondan soň, Ysraýyla ýigrimi iki ýyllap Gilgatly Ýaýyr serdar boldy.

4. Onuň otuz ogly bardy; olar otuz eşekli bolup, hersi bir eşek münýärdi. Olar Gilgadyň otuz galasyna öz hökümlerini ýöredýärdiler. Henize çenli şol galalar Hawwosýaýyr diýlip atlandyrylýar.

5. Ýaýyr aradan çykanda, ony Kamon galasynda jaýladylar.

6. Ysraýyllar ýene Rebbiň ýigrenýän işlerini edip başladylar. Ysraýyllar Bagal bilen Aştoret butlaryna hem-de Aramyň, Sidonyň, Mowabyň, ammonlaryň, piliştlileriň hudaýlaryna gulluk edip başladylar. Rebbi bolsa terk etdiler, Oňa gulluk etmediler.

7. Şonuň üçin Rebbiň Ysraýyla gahary geldi. Ol ysraýyllary piliştlileriň we ammonlaryň eline berdi.

8. Şol ýyl olar ysraýyllary dargadyp, olara gaty azar berdiler. Iordanyň gündogaryndaky Gilgatda, ýagny amorlaryň ýerinde ýaşaýan ähli ysraýyllara olar on sekiz ýyllap sütem etdiler.

9. Iň soňunda ýahuda, benýamin we efraýym tireleri bilen uruşmak üçin ammonlar Iordandan geçdiler. Ysraýyllar uly gaýgy-alada galdylar.

10. Olar Rebbe ýüzlenip: «Biz Seniň öňüňde günä etdik, öz Hudaýymyz Seni terk edip, bagallara gulluk etdik» diýip eňreşdiler.

11. Reb ysraýyllara şeýle diýdi: «Sizi müsürlileriň hem, amorlaryň hem, ammonlaryň hem, piliştlileriň hem elinden azat eden Men dälmi?

12. Sidonlar, amalekler we mowaplylar size sütem eden wagty Meni çagyranyňyzda, Men sizi olaryň elinden halas etdim.

13. Siz Meni unutdyňyz we başga hudaýlara gulluk etdiňiz, şonuň üçin Men size indi rehim etjek däl.

14. Baryň, öz saýlan hudaýlaryňyza ýüz tutuň, gysaja düşeniňizde, sizi, goý, şolar halas edibersinler».

15. Ysraýyllar Rebbe ýüzlenip: «Biz Seniň öňüňde günäli, bize islän jezaňy berip bilersiň, ýöne bu gün bizi halas et!» diýdiler.

16. Şeýdip, olar keseki hudaýlardan ýüz öwrüp, ýene Rebbe gulluk edip başladylar. Reb olara ýene-de dözmedi.

17. Ammonlar üýşüp, Gilgatda düşelge gurdular. Ysraýyllar ýygnanyp, Mispada düşelge gurdular.

18. Gilgat halkynyň tirebaşylary biri-birilerine: «Ammonlaryň garşysyna kim ilkinji bolup urşa başlasa, şol adam Gylgadyň tutuş ilatyna baştutan bolar» diýdiler.

About Ysraýyl serdarlary Chapter 10

Read Ysraýyl serdarlary Chapter 10 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ysraýyl serdarlary in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Ysraýyl serdarlary
Chapter: 10
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Ysraýyl serdarlary. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Ysraýyl serdarlary Chapter 10 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Ysraýyl serdarlary Chapter 10?

Ysraýyl serdarlary Chapter 10 is part of the Book of Ysraýyl serdarlary in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Ysraýyl serdarlary Chapter 10 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 130
  2. Hoşeýa Chapter 1
  3. Zebur Chapter 51
  4. Eýýup Chapter 5
  5. Zebur Chapter 49
  6. Gelip çykyş Chapter 18
  7. Zebur Chapter 44

Explore More from ysraýyl-serdarlary

  1. Ysraýyl serdarlary Chapter 1
  2. Ysraýyl serdarlary Chapter 20
  3. Ysraýyl serdarlary Chapter 21
  4. Ysraýyl serdarlary Chapter 19
  5. Ysraýyl serdarlary Chapter 11
  6. Ysraýyl serdarlary Chapter 9
  7. Ysraýyl serdarlary Chapter 15

Related Chapters & Readings

  1. Hoşeýa Chapter 7
  2. 2 patyşalar Chapter 19
  3. Ýermeýa Chapter 19
  4. 2 Korintoslylara haty Chapter 8
  5. Zebur Chapter 94
  6. Ýeşuwa Chapter 11
  7. Ezekiýel Chapter 1
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *