Ýeşuwa Chapter 14

For English

Read Ýeşuwa Chapter 14 Online

Read Ýeşuwa Chapter 14 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýeşuwa in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Ýeşuwa and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Ýeşuwa 14

Bap 14

1. Ysraýyllaryň Kenganda alan mülk ýerleri şulardyr. Ol ýerleri Elgazar ruhany, Nunuň ogly Ýeşuwa we ysraýyl tireleriniň urugbaşylary olara mülk hökmünde paýlap berdiler.

2. Rebbiň Musanyň üsti bilen olara buýruşy ýaly, olar mülk ýerleri dokuz tiräniň we bir sany ýarym tiräniň arasynda bije atyşmak bilen paýlaşdylar.

3. Sebäbi Musa iki tirä we manaşe ýarym tiresine mülk ýeri Iordanyň gündogaryndan beripdi, emma lewi tiresine olaryň arasyndan mülk bermändi.

4. Ýusubyň nesilleriniň iki tiresi bolupdyr: manaşe we efraýym. Musa lewilere ýerden paý bermändi, olara ýaşamak üçin diňe galalary, maldarçylyk we başga emläkleri üçin öri meýdanlaryny beripdi.

5. Şeýlelikde, ysraýyllar ýerleri Rebbiň Musa buýruşy ýaly edip paýlaşdylar.

6. Ýahuda tiresinden birnäçe adam Ýeşuwanyň ýanyna Gilgala geldi. Olaryň arasyndan Keniziň agtygy Ýepunneniň ogly Kalep oňa şeýle diýdi: «Rebbiň Kadeşbarneýada ikimiz hakda Hudaýyň adamy Musa aýdan sözlerini bilýänsiň.

7. Rebbiň guly Musa ýeri gizlinlikde gözden geçirmek üçin Kadeşbarneýadan meni iberende, men kyrk ýaşymdadym. Şonda men oňa ýüregimdäki jogaby getiripdim.

8. Emma meniň bilen bile giden doganlarym halkyň ýüregine howsala saldylar, men bolsam diňe Hudaýym Rebbiň yzyna eýerdim.

9. Şol gün Musa kasam edip: „Aýagyňyň basjak ýerleri seniň we çagalaryňyň hemişelik mülki bolar, sebäbi sen tutuş kalbyň bilen Hudaýym Rebbiň yzyna eýerdiň“ diýipdi.

10. Şeýlelikde, Öz söz berşi ýaly, Reb meni diri galdyrdy, Rebbiň Musa söz beren döwründen bäri eýýäm kyrk bäş ýyl geçipdir. Şol döwür içinde ysraýyllar çölde azaşyp gezipdiler. Ine, indi men segsen bäş ýaşadym.

11. Bu günki gün hem men Musanyň özümi iberen günündäki ýaly gujurly. Söweşmäge heniz hem gujur-gaýratym ýetjek.

12. Şoňa görä-de, Rebbiň şol günki aýdan bu daglyklaryny maňa ber. Ol ýerde anaklaryň ýaşaýandygyny, galalarynyň uludygyny we olaryň berk saklanýandygyny şol gün özüň hem eşidipdiň. Rebbiň aýdyşy ýaly, men olary kowup çykararyn, Reb meniň bilen bile bolar».

13. Ýeşuwa Ýepunneniň ogly Kalebe ak pata berdi, oňa mülk ýer hökmünde Hebrony bagyş etdi.

14. Keniziň agtygy Ýepunneniň ogly Kalebiň Ysraýyl Hudaýy Rebbe ýürekden sygynandygy üçin, Hebron onuň hemişelik mülki bolup galdy.

15. Hebronyň öňki ady Kirýatarba eken. Arba anaklaryň arasynda iň beýik adam eken. Şunlukda, ýer uruşdan dynyp rahatlandy.

About Ýeşuwa Chapter 14

Read Ýeşuwa Chapter 14 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýeşuwa in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Ýeşuwa
Chapter: 14
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Ýeşuwa. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Ýeşuwa Chapter 14 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Ýeşuwa Chapter 14?

Ýeşuwa Chapter 14 is part of the Book of Ýeşuwa in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Ýeşuwa Chapter 14 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 130
  2. Hoşeýa Chapter 1
  3. Zebur Chapter 51
  4. Zebur Chapter 49
  5. Eýýup Chapter 5
  6. Zebur Chapter 9
  7. Zebur Chapter 74

Explore More from ýeşuwa

  1. Ýeşuwa Chapter 12
  2. Ýeşuwa Chapter 16
  3. Ýeşuwa Chapter 19
  4. Ýeşuwa Chapter 23
  5. Ýeşuwa Chapter 24
  6. Ýeşuwa Chapter 3
  7. Ýeşuwa Chapter 7

Related Chapters & Readings

  1. Nehemýa Chapter 13
  2. Ýunus Chapter 2
  3. Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 8
  4. Ýeşuwa Chapter 12
  5. Rut Chapter 3
  6. Ysraýyl serdarlary Chapter 9
  7. Zebur Chapter 136
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *