Read Süleýmanyň pähimleri Chapter 28 Online
Read Süleýmanyň pähimleri Chapter 28 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Süleýmanyň pähimleri in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Süleýmanyň pähimleri and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Süleýmanyň pähimleri 28
Bap 28
1. Ýaramaz adam hiç kim kowalamasa-da gaçýandyr, dogruçyl bolsa arslan kimin batyrdyr.
2. Ýurt gozgalaň etse, serdary köpelýändir, aň-düşünjeli adam arkaly bolsa, abadanlyk dowam edýändir.
3. Ejizleri ezýän garyp hasyly süpürip äkidýän çabga ýalydyr.
4. Kanuny bozýanlar ýaramazlary öwýändir, kanuny saklaýanlar bolsa olar bilen göreşýändir.
5. Ýaman adamlar adalata düşünýän däldir, Rebbi agtarýanlar bolsa oňa doly düşünýändir.
6. Sadyk ýolda gezýän garyp egri ýoldan ýöreýän baýdan ýagşydyr.
7. Düşünjeli ogul kanuny saklaýar, horanlar bilen ýoldaş bolan atasyna ysnat getirer.
8. Peýda we göterim bilen baýlygyny artdyrýan ony garyplara sahawat edýän adam üçin ýygnaýandyr.
9. Kim kanuny diňlemezlik üçin gulagyny dykýan bolsa, onuň Hudaýdan dilegi-de ýigrenjidir.
10. Kim dogruçyllary ýaman ýola çekýän bolsa, öz gazan gorpuna özi ýykylar. Sadyklar bolsa ýagşy miras alarlar.
11. Baý öz gözüne akyllydyr, düşünjeli garyp bolsa ony synlap tanaýandyr.
12. Dogrular üstün çykanda, uly dabara bolýandyr, emma erbetler güýje eýe bolsa, adamlar bukulýandyr.
13. Ýazyklaryny ýaşyran üstünlik gazanmaz, olary boýun alyp terk etse, merhemet tapar.
14. Mydama Rebden gorkýan adam nähili bagtly! Ýüregini gataldýanlar bolsa bela uçraýar.
15. Ejiz halkyň ýaramaz hökümdary arlaýan arslan, topulýan aýy ýalydyr.
16. Düşünjesiz hökümdar juda zalymdyr, adalatsyz gazanjy ýigrenýän bolsa ömrüni uzaldýandyr.
17. Biriniň ganyna galan adam gabra çenli gaçar, ony hiç kim goldamasyn.
18. Sadyk gezýänler halas bolar, egri ýolly adamlar bolsa duýdansyz ýykylar.
19. Öz ýerini bejerýäniň nany bol bolar, boş işlere kowalaşýan garyplykdan bol bolar.
20. Sadyk adamyň ýalkawy köp bolar, baýlygyň yzynda hars urýan bolsa jezasyz galmaz.
21. Tarapgöý bolmak ýagşy däldir, bir döwüm nan diýip ynsan ýazykly bolar.
22. Gysganç adam baýlygyň yzynda hars urup, başyna garyplygyň geljegini bilýän däldir.
23. Dili bilen ýaranjaňlyk edýänden, birine käýeýän köp göwün awlar.
24. Ata-enesini talap, ýene «Bu ýazyk däldir» diýýän garakçynyň şärigidir.
25. Açgöz adam jenjelçidir, Rebbe bil baglaýan bolsa doklukda ýaşar.
26. Özüne ynanýan akmakdyr, parasatly gezýän bolsa gutular.
27. Ýoksula ýardam edýän mätäç bolmaz, görmezlige salýan bolsa, näletsiz galmaz.
28. Erbetler güýje eýe bolanda, adamlar bukulýandyr, olar heläk bolanda bolsa, dogruçyllar güýçlenýändir.
About Süleýmanyň pähimleri Chapter 28
Read Süleýmanyň pähimleri Chapter 28 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Süleýmanyň pähimleri in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Süleýmanyň pähimleri
Chapter: 28
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Süleýmanyň pähimleri. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Süleýmanyň pähimleri Chapter 28 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Süleýmanyň pähimleri Chapter 28?
Süleýmanyň pähimleri Chapter 28 is part of the Book of Süleýmanyň pähimleri in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Süleýmanyň pähimleri Chapter 28 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Köne Äht
- Zebur Chapter 130
- Hoşeýa Chapter 1
- Zebur Chapter 51
- Zebur Chapter 49
- Eýýup Chapter 5
- Zebur Chapter 9
- Gelip çykyş Chapter 18
Explore More from süleýmanyň-pähimleri
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 12
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 8
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 2
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 11
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 22
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 30
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 21