Read Süleýmanyň pähimleri Chapter 8 Online
Read Süleýmanyň pähimleri Chapter 8 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Süleýmanyň pähimleri in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Süleýmanyň pähimleri and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Süleýmanyň pähimleri 8
Bap 8
1. Danalyk çagyrmaýarmy eýsem? Belent jar çekýän düşünje dälmidir?
2. Ol ýol ýakasyndaky belentligiň üstünde, ýodalaryň çatrygynda durýar.
3. Ol şäher derwezeleriniň agzynda, girelgeleriň öňünde durup jar çekýär:
4. «Eý, adamlar, men sizi çagyrýaryn, çagyryşymy ynsan ogullaryna gönükdirýärin.
5. Nadanlar, akylly boluň! Siz, akmaklar, akylyňyza aýlanyň.
6. Diňläň, men möhüm zatlary aýdýaryn, dogryny beýan edýärin.
7. Çünki dilim şeksiz hakykaty gepleýär, agzym ýalany ýigrenýär.
8. Bar sözüm dogrudyr, ýokdur egri-ýalany.
9. Düşünýäne olaryň ählisi aýdyňdyr, bilim tapanlar üçin dogrudyr.
10. Kümşi däl, nesihatymy al, sap altyn ornuna bilim al.
11. Çünki danalyk jöwherden gowudyr, hiç arzyly zat oňa taý gelmez.
12. Men – danalyk, pähim-paýhas bilen ýaşaýaryn, bilim hem akyllylyk mendedir.
13. Rebden gorkmak – ýamanlygy ýigrenmekdir. Men tekepbirligi hem ulumsylygy, ýamanlyk ýoluny, ýalançy dili ýigrenýärin.
14. Öwüt hem sagdyn çözgüt mendedir. Paýhas mendirin, güýç-kuwwat hem mendedir.
15. Men arkaly patyşalar şalyk edýärler, hökümdarlar adyl höküm çykarýarlar.
16. Serdarlar, emeldarlar, barça dogruçyl höküm ýöredýänler meniň üstüm bilen höküm sürýärler.
17. Meni söýýänleri söýýärin, meni yhlas bilen agtarýanlar tapýarlar.
18. Baýlyk, şöhrat, tükenmez mal-mülk we adalat mendedir.
19. Meniň miwäm tylladan, sap altyndan gowudyr, meniň peýdam saýlama kümüşden oňatdyr.
20. Özümi söýýänlere baýlygy miras berýän, olaryň hazynalaryny doldurýan. Çünki men dogrulyk ýolundan, adalat ýodalaryndan ýöreýän.
22. Reb owal başda meni emele getirdi, Onuň eden işleriniň ilkinjisi mendim.
23. Gadymyýetde, Dünýä ýaradylmazdan öň, başda men berkarar edildim.
24. Düýpsüz suwlar ýokka, bol suwly çeşmeler ýokka doguldym.
25. Daglary ýerde dikeltmänkä, depeler döremezden öň emele geldim. Reb zemini, ýeriň topragyny entek ýaratmandy.
27. Hudaý gökleri berkarar eden mahaly, düýpsüz suwlaryň ýüzüne gözýetim çekende, men ol ýerdedim.
28. Gökde bulutlary berkidip, düýpsüz suwlarda çeşmeleri goýanda,
29. suwlar buýrugymdan çykmasyn diýip, deňze çäk çeken mahaly, Ýeriň binýadyny tutan mahaly,
30. bir ussa ýaly men Onuň ýanyndadym. Her gün Onuň begenjidim, Onuň huzurynda elmydam şatlanýardym.
31. Onuň tutuş dünýäsinden şatlandym, ynsan ogullaryna begendim.
32. Indi, ogullarym, meni diňläň! Meniň ýolumy tutýanlar nähili bagtly!
33. Öwüt-nesihatyma gulak goýup, akyl-paýhasly boluň, ony harlamaň.
34. Her gün derwezämi garawullap, gapymy gorap, meni diňleýän adam bagtlydyr!
35. Çünki meni tapan ýaşaýşy tapar we Rebbiň razylygyny gazanar.
36. Kim meni tutmasa, öz janyna zyýan edýär. Meni ýigrenýänleriň ählisi ölümi söýýändir».
About Süleýmanyň pähimleri Chapter 8
Read Süleýmanyň pähimleri Chapter 8 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Süleýmanyň pähimleri in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Süleýmanyň pähimleri
Chapter: 8
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Süleýmanyň pähimleri. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Süleýmanyň pähimleri Chapter 8 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Süleýmanyň pähimleri Chapter 8?
Süleýmanyň pähimleri Chapter 8 is part of the Book of Süleýmanyň pähimleri in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Süleýmanyň pähimleri Chapter 8 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Köne Äht
- Zebur Chapter 130
- Hoşeýa Chapter 1
- Zebur Chapter 51
- Zebur Chapter 49
- Zebur Chapter 9
- Eýýup Chapter 5
- Zebur Chapter 50
Explore More from süleýmanyň-pähimleri
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 19
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 30
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 17
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 7
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 26
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 22
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 1