Read Süleýmanyň pähimleri Chapter 27 Online
Read Süleýmanyň pähimleri Chapter 27 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Süleýmanyň pähimleri in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Süleýmanyň pähimleri and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Süleýmanyň pähimleri 27
Bap 27
1. Ertirki günüň barada öwünme, çünki sen günüň näme getirjegini bilýän dälsiň.
2. Seni öz agzyň däl, başgalar öwsün, öz diliň däl, keseki öwsün.
3. Daş agyrdyr, çäge ýükdür, ýöne akmagyň meçew bermegi ol ikisinden-de agyrdyr.
4. Gazap zabundyr, gahar sil kimindir, emma gabanjaňlygyň öňünde kim durup biler?
5. Açyk käýinç ýaşyryn söýgüden gowudyr.
6. Dostuň salan ýarasy wepalylykdandyr, ýöne duşmanyň posalary köpdür.
7. Dok adam baly ýigrenýändir, aç kişä ajy zatlar hem süýjüdir.
8. Höwürtgesinden daş giden guş nähili bolsa, öz öýünden daşlaşan adam-da şeýledir.
9. Hoşboý ýag we atyr ýüregi şatlandyrýandyr, ýakynyň ýakymy ýürekden beren maslahatyndadyr.
10. Öz ýakynyňy, ataň ýakynyny terk etme, başyňa bela gelen güni doganyň öýüne gitme, uzakdaky dogandan, ýakyn goňşy ýagşydyr.
11. Oglum, akylly bol, meniň ýüregimi şatlandyr, şonda gyjalat berseler, men jogap bererin.
12. Paýhasly adam bela-beteri görüp gizlenýändir, nadan bolsa, öňe geçip zyýan çekýändir.
13. Nätanşa kepil bolanyň geýimini al, kesekä kepil bolandan girew al.
14. Biri daň-säher turup, gaty ses bilen goňşusyndan saglyk-amanlyk sorasa, oňa nälet saýylar.
15. Igenjeň aýal hem üznüksiz damýan damjalar biri-birine meňzeşdir. Ol aýaly saklamak ýeli duruzmak ýa-da sag eliň bilen ýagy gysymyňda saklamak ýalydyr.
17. Demir demri, adam adamy ýiteldýändir.
18. Injir agajyna seredýän onuň miwesini iýer, hojaýynyna seredýän hormatly bolar.
19. Suwuň ýüzünde ýüzüň görnüşi ýaly, adam ýüreginde hem özi görünýär.
20. Ölüler dünýäsiniň we heläkçilik ýeriniň doýmaýşy ýaly, adamyň gözi-de asla doýýan däldir.
21. Kümüş göweçde, altyn kürede synalýan bolsa, adam hem öwgüde synalýandyr.
22. Akmagy sokuda galla garyp, sokudaşy bilen döwseň-de, ondan akmaklygy aýrylmaz.
23. Öz sürüleriň ýagdaýyny ýagşy bil, mallaryňa üns ber.
24. Çünki baýlyk ebedi däldir, täç-de elmydama nesilden-nesle geçýän däldir.
25. Otlar orlup, maýsa görnende, daglaryň oty ýygnalanda,
26. toklular seni geýindirer, tekeler meýdanyň bahasyny ödär.
27. Geçileriň süýdi seniň iýjegiň, içeriň iýmiti, hyzmatkäriň güzeranyna hem ýeterlik bolar.
About Süleýmanyň pähimleri Chapter 27
Read Süleýmanyň pähimleri Chapter 27 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Süleýmanyň pähimleri in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Süleýmanyň pähimleri
Chapter: 27
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Süleýmanyň pähimleri. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Süleýmanyň pähimleri Chapter 27 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Süleýmanyň pähimleri Chapter 27?
Süleýmanyň pähimleri Chapter 27 is part of the Book of Süleýmanyň pähimleri in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Süleýmanyň pähimleri Chapter 27 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Köne Äht
- Zebur Chapter 130
- Hoşeýa Chapter 1
- Zebur Chapter 51
- Zebur Chapter 49
- Zebur Chapter 9
- Eýýup Chapter 5
- Zebur Chapter 54
Explore More from süleýmanyň-pähimleri
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 9
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 10
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 8
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 11
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 2
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 13
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 24