Read Süleýmanyň pähimleri Chapter 7 Online
Read Süleýmanyň pähimleri Chapter 7 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Süleýmanyň pähimleri in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Süleýmanyň pähimleri and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Süleýmanyň pähimleri 7
Bap 7
1. Oglum, meniň sözlerimi sakla, buýruklarymy unutma.
2. Buýruklarymy sakla, şonda ýaşarsyň, öwütlerimi gözüň göreji ýaly aýa.
3. Olary barmaklaryňa dak, ýüregiň gatyna ýazyp goý.
4. Özüňi zynahor aýaldan saklar ýaly, süýji dilli başga aýaldan gorar ýaly, danalyga: «Sen meniň uýam» diý. Paýhasa: «Garyndaşym» diý.
6. Bir gezek men öz öýümiň penjiresinden, gözenegiň arasyndan aşak seredýärdim.
7. Nadan jahyllaryň arasynda bir kemakyl ýaş ýigidi gördüm.
8. Alagaraňkyda, agşamara, gije aralaşyp, garaňky düşende, burçdaky ol aýalyň öýüne golaý köçeden geçip, onuň öýüne tarap barýar.
10. Seret, bir aýal öňünden çykdy, loly lybasyndaky gara ýürekli aýal ony garşy aldy.
11. Ol şermendedir hem hötjetdir, öz öýünde oturyp bilmez.
12. Bir görseň köçede, bir görseň bazarda, her burçda bir adama garaşýandyr.
13. Aýal ýigidi gujagyna garbap, ony ogşaýar, Ýüzüni galňadyp, şeýle diýýär:
14. «Men şu gün wadamy ýerine ýetirdim, salamatlyk gurbanlygyny berdim.
15. Şonuň üçin seni garşylamaga çykdym, gözlegiňe çykdym-da, indi tapdym.
16. Dürli gülli müsür matasyndan düşek ýazdym.
17. Düşegime hoşboý ysly mür, sarysabyr hem dalçyn sepdim.
18. Gel, ertire çenli yşkdan doýup-ganýançak, aýşy-eşretden lezzet alaly.
19. Çünki ärim öýde ýok; ol uzak ýola gitdi.
20. Ýanyna kümüşli horjunyny aldy. Aý dolýança, öýe dolanmaz».
21. Ençeme söz bilen özüne maýyl edýär, süýji dili bilen ýigidi yrýar.
22. Ýigit öldürilmäge alnyp barylýan öküz ýaly, bagryndan ok geçýänçä, duzaga howlugýan sugun ýaly, janynyň kastynadygyny bilmän tora barýan guş mysaly, aýalyň yzyna düşýär.
24. Şol sebäpli, ogullarym, maňa gulak goýuň, aýtjak sözüme üns beriň.
25. Ýüregiňiz onuň ýoluna yrylmasyn, onuň ýodalarynda azaşmaň.
26. Çünki ol köpleri ýaralap ýykdy, pidalary sansyz-sajaksyzdyr.
27. Onuň öýi – ölüler dünýäsiniň ýoludyr, ölüme inýändir.
About Süleýmanyň pähimleri Chapter 7
Read Süleýmanyň pähimleri Chapter 7 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Süleýmanyň pähimleri in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Süleýmanyň pähimleri
Chapter: 7
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Süleýmanyň pähimleri. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Süleýmanyň pähimleri Chapter 7 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Süleýmanyň pähimleri Chapter 7?
Süleýmanyň pähimleri Chapter 7 is part of the Book of Süleýmanyň pähimleri in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Süleýmanyň pähimleri Chapter 7 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Köne Äht
- Zebur Chapter 130
- Hoşeýa Chapter 1
- Zebur Chapter 51
- Zebur Chapter 49
- Zebur Chapter 9
- Eýýup Chapter 5
- Zebur Chapter 54
Explore More from süleýmanyň-pähimleri
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 28
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 20
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 19
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 8
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 1
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 9
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 5