Read Kanun taglymaty Chapter 7 Online
Read Kanun taglymaty Chapter 7 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Kanun taglymaty in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Kanun taglymaty and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Kanun taglymaty 7
Bap 7
1. «Hudaýyňyz Reb sizi mülk edinjek ýeriňize getirende, Ol sizden has güýçli we köp sanly halklary öňüňizden kowup çykarar. Olar hetler, girgaşlar, amorlar, kenganlar, perizler, hiwiler hem-de ýabuslar – jemi ýedi milletdir.
2. Hudaýyňyz Reb olary siziň eliňize berende, siz olary dargadyp, bütinleý ýok edip taşlamalysyňyz. Olar bilen äht baglaşmaň we olara rehimdarlyk etmäň.
3. Olar bilen garyndaşlyk açmaň. Olar bilen gyz alşyp-berişmäň.
4. Çünki olar çagalaryňyzy başga hudaýlara gulluk etdirdip, Rebbiň yzyna eýermekden ýüz öwürderler. Şonda Rebbiň gahary size garşy tutaşyp, Ol sizi derrew ýok edip taşlar.
5. Emma siz olar bilen şeýle ediň: olaryň gurbanlyk sypalaryny ýumrup taşlaň, dikme daşlaryny döwüp, Aşera butlaryny ýykyň we beýleki butlaryny hem oda ýakyň.
6. Çünki siz Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes halksyňyz. Hudaýyňyz Reb Özüniň gymmatly halky bolmagyňyz üçin ýer ýüzündäki ähli halklaryň arasyndan sizi saýlady.
7. Rebbiň sizi ýürekden söýmeginiň we saýlamagynyň sebäbi, bu siziň beýleki halklardan san taýdan köp bolmagyňyz däldir, siz ähli halklaryň arasynda san taýdan iň azysyňyz.
8. Munuň sebäbi Reb sizi söýdi we ata-babalaryňyza eden wadasynda durdy. Reb sizi Müsürden gudratly goly bilen çykaryp, onuň patyşasy fyrownyň elinden – gulçulykdan azat etdi.
9. Şonuň üçin hem bilip goýuň, Hudaýyňyz Reb – Ol Hudaýdyr. Ol ynamdar Hudaýdyr. Ol Özüni söýenleriň we buýruklaryny ýerine ýetirenleriň müňlerçe nesline tükeniksiz söýgüsini we ähtini saklaýar.
10. Emma Ol Özüni ýigrenýänleriň ýigrençlerini öz başlaryndan inderip, olary şol bada ýok edýär.
11. Şonuň üçin hem meniň bu günki size ähli tabşyryklarymy, parzlarymdyr düzgünlerimi yhlas bilen ýerine ýetiriň».
12. «Şu hökümlere gulak goýup, olary yhlas bilen ýerine ýetirseňiz, Hudaýyňyz Reb ata-babalaryňyza wada edişi ýaly, siziň bilen tükeniksiz söýgüsini we ähtini saklar.
13. Reb sizi söýer, ýalkar we köpelder. Ol ata-babalaryňyza wada eden ýurdunda siziň örňäp ösmegiňize, ýeriňizden alynýan önüme, dänäňize, şerabyňyza we ýagyňyza, şeýle hem, mal-garalaryňyzyň köpelmegine, sürüleriňiziň sanynyň artmagyna bereket berer.
14. Halklaryň içinde iň ýalkanany siz bolarsyňyz. Siziň araňyzda nesilsiz erkek ýa-da önelgesiz aýal, gysyr mal bolmaz.
15. Reb sizi her hili kesellerden gorar. Müsürde gören ähli aýylganç keselleriňiz size ýokuşmaz. Olary sizi ýigrenýänlere ýokuşdyrar.
16. Hudaýyňyz Rebbiň eliňize berjek ähli halklaryny ýok edip taşlaň, olara rehim etmäň, olaryň hudaýlaryna sygynmaň, sebäbi bu siziň üçin duzak bolar.
17. Siz öz-özüňize: „Bu halklaryň sany biziňkiden köp, nädip biz bulary kowup çykararkak?“ diýip,
18. olardan gorkmaň. Diňe Hudaýyňyz Rebbiň fyrowny we tutuş Müsür halkyny näme edendigini hökman ýadyňyza salyň.
19. Öz gözüňiz bilen gören beýik synaglary, alamatlary, mugjyzalary, güýç-gudraty bilen Hudaýyňyz Reb sizi Müsürden çykaryp getirdi. Hudaýyňyz Reb siziň gorkýan halklaryňyzyň hemmesini-de şeýle eder.
20. Mundan başga-da, Hudaýyňyz Reb diri galanlar we gaçgaklar ýok bolýança, olary howsala salar.
21. Olardan gorkmaň, çünki siziň araňyzdaky Hudaýyňyz Reb beýik we haýbatly Hudaýdyr.
22. Hudaýyňyz Reb bu halklary siziň öňüňizden ýuwaş-ýuwaşdan kowup çykarar. Siz olaryň soňuna çalt çykyp bilmersiňiz, ýogsam siziň garşyňyza ýyrtyjy haýwanlar köpeler.
23. Emma Hudaýyňyz Reb olary siziň eliňize berer, olaryň hemmesi ýok bolýança olary uly howsala salar.
24. Reb olaryň hanlaryny-da siziň eliňize berer, siz olaryň adyny asmanyň astyndan öçürip taşlaň. Olary ýok edýänçäňiz, hiç kim siziň öňüňizde durup bilmez.
25. Olaryň hudaýlarynyň butlaryny ýakyň. Özüňize almak üçin olardaky altyna, kümşe göz gyzdyrmaň, sebäbi bu size duzak bolar. Çünki bu – Hudaýyňyz Reb üçin nejis zatdyr.
26. Munuň ýaly nejis zady öýüňize getirmäň, ýogsam siziň özüňiz hem şonuň ýaly bütinleý ýok edilersiňiz. Ony ýigreniň we ret ediň, çünki ol bütinleý ýok edilmeli zatdyr».
About Kanun taglymaty Chapter 7
Read Kanun taglymaty Chapter 7 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Kanun taglymaty in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Kanun taglymaty
Chapter: 7
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Kanun taglymaty. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Kanun taglymaty Chapter 7 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Kanun taglymaty Chapter 7?
Kanun taglymaty Chapter 7 is part of the Book of Kanun taglymaty in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Kanun taglymaty Chapter 7 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Kanun Taglymaty
- Kanun taglymaty Chapter 3
- Kanun taglymaty Chapter 2
- Kanun taglymaty Chapter 26
- Kanun taglymaty Chapter 28
- Kanun taglymaty Chapter 1
- Kanun taglymaty Chapter 23
- Kanun taglymaty Chapter 17
Explore More from Köne Äht
- Ester Chapter 10
- 1 Şamuwel Chapter 1
- Hoşeýa Chapter 7
- Habakuk Chapter 3
- Müsürden çykyş Chapter 33
- Çölde Chapter 16
- 1 patyşalar Chapter 9