Read Mika Chapter 6 Online
Read Mika Chapter 6 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Mika in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Mika and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Mika 6
Bap 6
1. Rebbiň aýdýan sözüne gulak asyň! Turuň, dawaňyzy daglaryň öňünde beýan ediň, Baýyrlar-da sesiňizi eşitsin!
2. Eý, daglar, ýer ýüzüniň sarsmaz binýatlary, Rebbiň dawasyna gulak asyň! Çünki Rebbiň Öz halky bilen dawasy bar, Ol Ysraýyl bilen haklaşar.
3. «Eý, halkym, Men saňa näme etdim? Nämede saňa ýük boldum? Maňa jogap ber!
4. Men sizi Müsürden çykardym, Gulçulykdan azat etdim, Size baş edip, Musany, Haruny we Merýemi iberdim.
5. Eý, halkym, Mowap şasy Ballagyň saňa garşy niýetini, Begoryň ogly Bilgamyň oňa beren jogabyny, Şitimden Gilgala çenli bolan işleri ýadyňa sal! Şonda Men-Rebbiň halas ediş işlerimi bilersiň» diýýär Reb.
6. Rebbiň huzuryna näme bilen baraýyn? Gökdäki Hudaýa nähili sežde edeýin? Onuň huzuryna ýakma gurbanlygy bilen geleýinmi? Ýa-da bir ýaşar göleler bilen?
7. Reb müňlerçe goçdan, On müňlerçe zeýtun ýagly derýadan hoşal bolarmy? Ýazygym üçin nobahar oglumy bereýinmi? Janymyň günäsi üçin bilimden öneni bereýinmi?
8. Eý, adamzat, Reb ýagşynyň nämedigini saňa bildirdi. Adalaty berjaý etmekden, merhemeti söýmekden, Hudaýyňyzyň öňünde kiçi göwünli gezmekden başga Reb sizden näme talap edýär?
9. Reb gala seslenýär, (Seniň adyňdan gorkmak danalykdyr). Ol diýýär: «Eý, halk we gala jemagaty, diňläň!
10. Öýlerini haram hazynalardan dolduran pisleri, Men nädip bilmezlige salaýyn? Kem ölçemek näletlidir.
11. Ýalan tereziler ulanan, Torbasy kem ölçeg daşly adamy Men neneňsi aklaýyn?
12. Baýlary sütemden doly, halky-da ýalançy, agyzlaryndan ýalan sözler çykýar.
13. Şonuň üçin Men size zarba urup, günäleriňiz sebäpli sizi weýran etdim.
14. Iýersiňiz, emma doýmarsyňyz, aç galarsyňyz. Ýygnarsyňyz, ýöne saklamarsyňyz. Saklanyňyzy gylyç bilen ýok ederin.
15. Ekersiňiz, emma ormarsyňyz. Zeýtuny ýenjersiňiz, emma ýagyny sürtmersiňiz, üzüm sykarsyňyz, emma şerabyny içmersiňiz.
16. Çünki Omry şanyň parzlaryna, Ahap nesilleriniň pis işlerine eýerdiňiz, geňeşlerine uýduňyz. Şonuň üçin Men sizi haraba öwrerin, ilatyňyzy ile ryswa ederin; halkymyň kemsitmesini çekersiňiz».
About Mika Chapter 6
Read Mika Chapter 6 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Mika in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Mika
Chapter: 6
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Mika. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Mika Chapter 6 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Mika Chapter 6?
Mika Chapter 6 is part of the Book of Mika in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Mika Chapter 6 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Köne Äht
- Zebur Chapter 130
- Zebur Chapter 2
- Zebur Chapter 9
- Zebur Chapter 6
- Zebur Chapter 24
- Zebur Chapter 20
- Zebur Chapter 4