Mika Chapter 2

For English

Read Mika Chapter 2 Online

Read Mika Chapter 2 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Mika in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Mika and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Mika 2

Bap 2

1. Düşeginde pislik oýlaýanlaryň, niýetini ýamana düwýänleriň, dat gününe! Daň atanda niýetlerini amala aşyrýarlar, çünki olaryň muňa güýji ýetýär.

2. Gözüne ýakan ekin meýdanlaryny zorluk bilen alýarlar, islän öýlerini eýeleýärler; öý eýesini öýünden, halky mirasyndan mahrum edýärler.

3. Şonuň üçin Reb şeýle diýýär: «Men bu halka garşy bela taýynlaýaryn, ondan boýun gaçyryp bilmersiňiz. Başyňyzy dik tutup gezmersiňiz, çünki bu pis zamana bolar.

4. Şol gün sizi masgaralap ýaňsylarlar, siz şeýle agy aýdymyny aýdarsyňyz: „Büs-bütin weýran bolduk! Reb halkymyň mirasyny dagadýar. Ol muny elimden alýar! Ýerimizi haýynlara paýlaýar“».

5. Muňa görä Rebbiň halkynyň arasynda ýurt bije üsti bilen paýlaşylanda, sizden paýy miras almaga adam tapylmaz.

6. Adamlar: «Wagyz etme» diýip, maňa wagyz edýärler, «Beýle zatlar hakda wagyz etme, biz utanja galmarys» diýýärler.

7. Eý, Ýakubyň nesli, heý: «Rebbiň sabyr käsesi doldumy? Ol beýle işleri edermi?» diýmelimi siz? Meniň sözlerim dogruçylyň haýryna dälmi näme?

8. Emma siz halkymyň garşysyna duşman kimin aýaga galýarsyňyz. Söweşden gelýänleriň, asuda geçip barýanlaryň egninden donlaryny sypyrýarsyňyz.

9. Halkymyň aýallaryny rahat öýlerinden kowýaňyz. Çagalaryny berekedimden ebedilik mahrum edýäňiz.

10. Turuň, gidiň, çünki bu ýer dynçlyk ýeri däldir! Murdarlygyňyz zerarly bu ýer zalymlyk bilen weýran ediler.

11. Ýalançy, kezzap biri gelip: «Size bol şerap we içgi hakynda wagyz edeýin» diýse, bu halk şeýle pygamberi kabul eder.

12. «Eý, Ýakubyň nesilleri, Men hökman ähliňizi bir ýere ýygnaryn. Ysraýyllardan aman galanlaryny bir ýere toplaryn. Men sizi agyldaky goýunlar kimin, örüdäki süri kimin bir ýere getirerin. Ýurduňyz ýene-de adamdan dolar».

13. Taňry ýol açyp, halkyň öňünden gider. Gala derwezelerini ýykyp, daşary çykarlar. Patyşalary baş bolar, Reb öňlerinden ýörär.

About Mika Chapter 2

Read Mika Chapter 2 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Mika in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Mika
Chapter: 2
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Mika. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Mika Chapter 2 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Mika Chapter 2?

Mika Chapter 2 is part of the Book of Mika in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Mika Chapter 2 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 130
  2. Zebur Chapter 2
  3. Zebur Chapter 9
  4. Zebur Chapter 6
  5. Zebur Chapter 24
  6. Zebur Chapter 20
  7. Zebur Chapter 4

Explore More from Mika

  1. Mika Chapter 6
  2. Mika Chapter 6
  3. Mika Chapter 6
  4. Mika Chapter 2
  5. Mika Chapter 2
  6. Mika Chapter 4
  7. Mika Chapter 5

Related Chapters & Readings

  1. Süleýmanyň pähimleri Chapter 26
  2. Müsürden çykyş Chapter 17
  3. 2 Şamuwel Chapter 10
  4. Kanun taglymaty Chapter 23
  5. Resullaryň Işleri Chapter 13
  6. 1 patyşalar Chapter 21
  7. Zebur Chapter 87
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *