Read Habakuk Chapter 1 Online
Read Habakuk Chapter 1 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Habakuk in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Habakuk and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Habakuk 1
Bap 1
1. Habakuk pygambere aýanlyk üsti bilen gelen pygamberlik.
2. Ýa Reb, haçana çenli medet diläp perýat edeýin? Sen gulak salýaňmy? Zulumdan perýat edýän, Ýöne Sen halas etmeýäň.
3. Näme üçin pisligi maňa gördürýäň? Ýamanlyga neneň çydaýaň? Zorluk we zulum gözümiň alnynda, Uruş-galmagalyň, jenjeliň soňy gelenok.
4. Şonuň üçin kanunyň güýji ýok, Adalata ýol ýok, Erbetler dogruçyllardan üstün çykýarlar, Şeýdibem, hakykat ýoýulýar.
5. «Milletlere serediň! Haýran galyň! Siziň günleriňizde Etjek işimi eşideniňizde, Gulagyňyza ynanmarsyňyz.
6. Özgeleriň ýurtlaryny eýelejek bolup, Dünýäniň çar tarapyna ýöriş edýän Rehimsiz we zalym babyl milletini Size garşy öjükdürerin.
7. Aýylganç hem gorkunçdyrlar, Öz düzgünlerine görä hereket edýärler.
8. Atlary barsdan ýüwrük, Özlerem gijeki aç gurtdan guduz, Atlylary uzakdan ýer gazap gelýär, Aw üstüne topulýan bürgüt dek okdurylýarlar.
9. Zulum etmekde olaryň hyýaly, Çölüň ýeli kimin öňe dyzaýar, Ýesirleri çäge kimin toplaýarlar.
10. Patyşalary masgaralaýarlar, Hökümdarlary ýaňsylaýarlar, Galalaryň üstünden gülýärler, Ýanynda depe ýasap, ele salýarlar.
11. Olar ýel kimin geçip gidýärler. Bu günäli adamlaryň hudaýy – öz güýçleridir».
12. Owaldan bar bolan Sen dälmi, ýa Reb?! Mukaddes Hudaýym biz ölmeris! Eý, Reb, babyllary bize höküm etsin diýip saýladyň, Eý, Gaýam, olary bize jeza bersin diýip bellediň.
13. Pisligi görerden päkdir gözleriň, Ýamanlyga seredip bilýän dälsiň Sen, Hilegärlere neneň jeza bermän çydaýäň, Erbetler özlerinden dogryny ýuwudýarka, Sen näme dymýarsyň?
14. Sen ynsanlary deňizdäki balyklar ýaly, Serdarlary bolmadyk süýrenijiler ýaly etdiň.
15. Duşmanlar olary çeňňek bilen tutýarlar, torlary bilen awlaýarlar, giň torda gyra çekip çykarýarlar. Muňa şatlanyp, heşelle kakýarlar.
16. Olar hudaýlary hökmünde toruna gurbanlyk berýärler, Toruň hatyrasyna ýakymly ysly tütetgi ýakýärlar, Çünki tory olary lezzetli durmuş, Bol saçak bilen üpjün edýär.
17. Torlaryny boşatmagyny dowam ederlermi? Milletleri rehimsizlik bilen gyrarlarmy?
About Habakuk Chapter 1
Read Habakuk Chapter 1 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Habakuk in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Habakuk
Chapter: 1
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Habakuk. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Habakuk Chapter 1 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Habakuk Chapter 1?
Habakuk Chapter 1 is part of the Book of Habakuk in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Habakuk Chapter 1 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Habakuk
- Habakuk Chapter 1
- Habakuk Chapter 3
- Habakuk Chapter 2
- Habakuk Chapter 3
- Habakuk Chapter 1
- Habakuk Chapter 3
- Habakuk Chapter 3
Explore More from Köne Äht
- Zebur Chapter 6
- Nagmalar nagmasy Chapter 1
- Zebur Chapter 37
- Ester Chapter 2
- Zebur Chapter 97
- Işaýa Chapter 9
- Ýermeýa Chapter 2