Mika Chapter 4

For English

Read Mika Chapter 4 Online

Read Mika Chapter 4 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Mika in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Mika and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Mika 4

Bap 4

1. Şeýle günler geler, Rebbiň öýüniň duran dagy ähli daglardan belentde bolar, ähli baýyrlardan üstün bolar, halklar oňa tarap eňerler.

2. Köp milletler gelip, şeýle diýerler: «Geliň, Rebbiň dagyna, Ýakubyň Hudaýynyň öýüne çykalyň. Reb bize Öz ýollaryny öwreder. Biz hem Onuň ýodalaryndan ýöräris». Çünki kanun Siýondan, Rebbiň sözi Iýerusalimden çykar.

3. Reb halklara höküm eder. Uzakdaky güýçli milletleriň dawa-jenjelini çözer; olaryň gylyçlaryndan azal, naýzalaryndan orak ýasarlar. Millet millete garşy gylyç galdyrmaz, uruş tälimini almazlar indi.

4. Her kes öz üzüm, injir baglarynyň saýasynda oturar, olary hiç kim gorkuzmaz, çünki Hökmürowan Rebbiň Özi aýtdy.

5. Bütin halklar öz hudaýlarynyň yzyna eýererler, emma biz ömürlik Hudaýymyz Rebbiň yzyna eýereris. Ysraýyllar sürgünden gaýdyp geljek

6. Reb diýýär: «Şol gün Men maýyplary ýygnaryn. Kowlan, ejir gören halkymy bir ýere toplaryn.

7. Agsaklary aman galdyraryn, uzaklara sürlenleri güýçli millet ederin. Şu günden tä ebedä çenli Siýon dagynda Men–Reb olara hökümdarlyk ederin».

8. Eý, süriniň gözegçi diňi bolan Siýon gyzynyň galasy! Gaýtarylyp berler hökümdarlygyň, Iýerusalim gyzynyň patyşalygy diklener.

9. Indi näme üçin möňňürip aglaýaň? Dogurýan aýal ýaly nämä ah çekýäň? Patyşaň ýoklugy üçinmi? Geňeşdaryň heläk bolany üçinmi?

10. Eý, Siýon gyzy, dogurýan aýal ýaly agyryňy çekip, görgiňi gör. Çünki indi düzde ýaşarsyň sen, galadan çykyp, Babyla gidip, ol ýerde halas bolarsyň. Reb şol ýerde duşman elinden gutarar seni.

11. Indi köp milletler Saňa garşy birleşip: «Goý, Siýon haram bolsun, muny öz gözümiz bilen göreli!» diýişýärler.

12. Emma Rebbiň pikirini bilmeýär olar, Onuň maksadyna-da düşünmeýärler. Harmanda döwüljek bugdaý desseleri deý jezalandyrmak üçin Reb olary bir ýere jemledi.

13. Reb şeýle diýýär: «Eý, Siýon gyzy! Tur, döwek döw! Şahyňy demirden, toýnaklaryňy bürünçden ederin Men. Onsoň sen köp halklary ezersiň. Olaryň ähli gazananlaryny, baýlyklaryny Maňa – bütin älemiň Hökümdaryna bagyş edersiň».

About Mika Chapter 4

Read Mika Chapter 4 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Mika in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Mika
Chapter: 4
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Mika. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Mika Chapter 4 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Mika Chapter 4?

Mika Chapter 4 is part of the Book of Mika in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Mika Chapter 4 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 130
  2. Zebur Chapter 2
  3. Zebur Chapter 9
  4. Zebur Chapter 6
  5. Zebur Chapter 24
  6. Zebur Chapter 20
  7. Zebur Chapter 4

Explore More from Mika

  1. Mika Chapter 1
  2. Mika Chapter 1
  3. Mika Chapter 5
  4. Mika Chapter 5
  5. Mika Chapter 2
  6. Mika Chapter 2
  7. Mika Chapter 1

Related Chapters & Readings

  1. Efeslilere haty Chapter 3
  2. Ýermeýa Chapter 12
  3. Resullaryň Işleri Chapter 13
  4. Süleýmanyň pähimleri Chapter 3
  5. Nehemýa Chapter 8
  6. Ester Chapter 6
  7. Ýeşuwa Chapter 11
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *