Read Koloselilere haty Chapter 2 Online
Read Koloselilere haty Chapter 2 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Koloselilere haty in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Koloselilere haty and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Koloselilere haty 2
Bap 2
1. Men siziň üçin, Laodikiýadakylar we meni görmedikleriň ählisi üçin, nähili uly göreş alyp barýandygymy siziň bilmegiňizi isleýärin.
2. Ata Hudaýyň syryny, ýagny akyldarlygyň hem bilimiň bütin hazynalarynyň gizlenen Mesihini tanamaklary üçin,
3. düşünjeden ugur alan doly ynamyň baýlygyna gowuşmaklary üçin, söýgüde birigip, ýürekleriniň teselli tapmagyny isleýärin.
4. Muny hiç kim sizi süýji sözler bilen aldamasyn diýip aýdýaryn.
5. Çünki beden boýunça özüm araňyzda ýok hem bolsam, düzgünliligiňizi, Mesihe bolan imanyňyzyň berkligini görüp, ruh boýunça şatlyk bilen siziň ýanyňyzdadyryn.
6. Reb Mesih Isany nähili kabul eden bolsaňyz, Onda şeýle hem geziň. Size öwredilişi ýaly, Onda kök urup abatlanyp,
7. imanda berkäp, köp şükürler ediň.
8. Ätiýajy elden bermäň! Mesih bilen däl-de, adam däpleri we dünýä ýörelgeleri boýunça dörän filosofiýa, boş aldaw bilen biri sizi ýesir edäýmesin!
9. Çünki hudaýlygyň bütin dolulygy beden şekilinde Mesihde ýaşaýandyr.
10. Siz hem ähli hökümdarlyk, ähli häkimiýetler başy bolan Mesihde kämillige gowşansyňyz.
11. Siz Onuň sünneti bilen, günäli tebigaty çykaryp, adam eli bilen edilmedik sünnet bilen Onda sünnetlendiňiz.
12. Çokundyryşda Onuň bilen birlikde gömlüp, Ony ölümden direlden Hudaýyň güýjüne iman edip, Onuň bilen birlikde direldiňiz.
13. Günäliligiňiz bilen, günäli tebigatyňyzyň sünnetsizligi bilen ölükäňiz, Hudaý sizi Onuň bilen birlikde janlandyrdy. Ähli günälerimizi geçdi.
14. Biziň tersimize, kada-kanunlary bilen bize garşy bolan borçnamany öçürdi, ony haça çüýläp, aradan aýyrdy.
15. Hökümdarlaryň, häkimiýetleriň elinden erkini aldy, olary haçda ýeňip, açykdan-açyk paş etdi.
16. Şonuň üçin, hiç kim sizi iýmit we içgi, baýram, täze aý ýa sabat güni hakda höküm etmesin.
17. Bular geljekki zatlaryň kölegesidir, göwre bolsa Mesihdir.
18. Ýalan kiçigöwünlilikden, perişdelere ybadat etmekden lezzet alýan, görmedik zatlaryna garyşýan, tebigy akylynda boş ýere paňkarýan, Başa berk ýapyşmaýanyň biri sizi sylagyňyzdan mahrum etmesin.
19. Bütin beden bogunlaryň hem baglaryň kömegi bilen bu Başdan iýmitlenip, bitewileşip, Hudaýyň beren ösüşi bilen ösýändir.
20. Mesih bilen bilelikde dünýäniň elementlerine ölen bolsaňyz, näme üçin dünýäde ýaşaýanlar ýaly,
21. «Galtaşma, datma, el degirme» ýaly kada-kanunlara uýýarsyňyz?
22. Bularyň hemmesi ulanylma arkaly ýogalmak üçin bellenen, adamlaryň buýruk hem taglymatlaryna daýanýan zatlardyr.
23. Hawa, bu kada-kanunlaryň galp dindarlykda, kiçigöwünlilik we bedeni horlamada akyldarlyk görnüşi bardyr, ýöne günäli tebigaty kanagatlandyrmanyň öňüni almakda peýdasy ýokdur.
About Koloselilere haty Chapter 2
Read Koloselilere haty Chapter 2 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Koloselilere haty in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Koloselilere haty
Chapter: 2
Testament: New Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Koloselilere haty. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Koloselilere haty Chapter 2 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Koloselilere haty Chapter 2?
Koloselilere haty Chapter 2 is part of the Book of Koloselilere haty in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Koloselilere haty Chapter 2 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from koloselilere-haty
Explore More from Täze Äht
- Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 10
- Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 6
- Mattanyň Hoş Habary Chapter 13
- Ýakubyň haty Chapter 3
- Mattanyň Hoş Habary Chapter 4
- Filipililere haty Chapter 3
- 2 Korintoslylara haty Chapter 3