Süleýmanyň pähimleri Chapter 1

For English

Read Süleýmanyň pähimleri Chapter 1 Online

Read Süleýmanyň pähimleri Chapter 1 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Süleýmanyň pähimleri in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Süleýmanyň pähimleri and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Süleýmanyň pähimleri 1

Bap 1

1. Ysraýyl patyşasy, Dawut ogly Süleýmanyň pähimleri:

2. Bu pähimler danalygy we öwüt-nesihaty bilmek, paýhasly sözleriň manysyna düşünmek üçindir.

3. Parasatly hem-de dogruçyl bolmak, adyllyk we deňlik, öwüt-nesihaty özleşdirmek,

4. Sadalara paýhas, ýaşlara bilim we akyl bermek üçindir.

5. Bu pähimlere hem tymsallara, atalar sözlerine we matallaryna düşünmeklik üçin: Akyldarlar bulary eşidip, bilimini has-da artdyrsyn, düşbi adamlar sagdyn maslahat alsyn.

7. Bilimiň başlangyjy – Rebden gorkmakdyr; diňe akmaklar danalygy hem öwüt-nesihaty har edýärler.

8. Diňle, oglum, ataňyň nesihatlaryny, eneňiň öwütlerinden ýüz öwürme.

9. Ol seniň başyňa ajaýyp täç, boýnuňa monjuk bolar.

10. Eý, oglum, seni günäkärler azdyrjak bolsa ylalaşma.

11. Eger olar: «Biziň bilen ýör. Gan dökmek üçin bukuda garaşaly. Sebäpsiz ýere bigünäni öldüreli.

12. Olary ölüler dünýäsi ýaly diriligine, gabra inenler deý tutuşlaýyn ýuwdalyň.

13. Her hili baýlyk taparys, öýümizi oljadan doldurarys.

14. Ählimiz üçin horjun bir bolsun; aramyzda şärikligimiz deň bolsun» diýseler,

15. eý, oglum, olar bilen bir ýoldan ýöreme, olaryň ýol-ýodasyna gadam urma.

16. Çünki olar şere kowalaşýarlar, gan dökmäge howlugýarlar.

17. Guşuň gözüniň öňünde oňa tor gurmak puçdur. Ýöne bukuda garaşýanlaryň öz gany döküler, bukuda otyrkalar, olaryň aljak jany öz jany bolar.

19. Olaryň takdyry şeýle bolar, zuluma gyzygyp toplan baýlygy öz janyny alar.

20. Danalyk köçede gaty seslenýär, bazar ýerlerinde jar çekýär.

21. Jemendeli ýerlerde gygyrýar; şäher derwezesiniň agzynda sözleýär:

22. «Eý, nadanlar, haçana çenli nadanlygy söýjeksiňiz? Masgaralaýjylar haçana çenli öz masgaralamagyndan keýp aljakkalar? Akmaklar haçana çenli bilimi ýigrenjekkäler?

23. Meniň käýinjime üns berseňiz, ruhumy üstüňize dökerin. Men sözümi size bildirerin.

24. Men sizi çagyrdym, meni ret etdiňiz; elimi uzatdym, hiç kim oňa üns bermedi.

25. Gaýtam ähli maslahatymy ret etdiňiz, meniň käýinjimi duýmak islemediňiz.

26. Men-parasat betbagtlygyňyza gülýändirin; sizi gorky basanda ýaňsylaryn.

27. Sizi gorky gaý kimin basanda, betbagtlyk harasat bolup inende, muşakgat hem gaýgy başyňyza düşende,

28. şonda meni çagyrarsyňyz. Ýöne men jogap bermerin. Meni ir ertirden agtararsyňyz, emma tapmarsyňyz.

29. Çünki olar bilimi ýigrendiler, Rebden gorkmagy makul bilmediler.

30. Meniň maslahatymy kabul etmediler, ähli käýinjimi ýigrendiler.

31. Munuň üçin olar tutan ýollarynyň miwesini iýerler, öz pällerinden taparlar.

32. Çünki nadanlar ýoldan çykyp ölerler, akmaklary geleňsizlik heläk eder.

33. Meni diňlänler parahat mekan tutarlar, ýamanlykdan gorkman aman bolarlar». ‎

About Süleýmanyň pähimleri Chapter 1

Read Süleýmanyň pähimleri Chapter 1 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Süleýmanyň pähimleri in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Süleýmanyň pähimleri
Chapter: 1
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Süleýmanyň pähimleri. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Süleýmanyň pähimleri Chapter 1 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Süleýmanyň pähimleri Chapter 1?

Süleýmanyň pähimleri Chapter 1 is part of the Book of Süleýmanyň pähimleri in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Süleýmanyň pähimleri Chapter 1 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 130
  2. Hoşeýa Chapter 1
  3. Zebur Chapter 51
  4. Zebur Chapter 49
  5. Zebur Chapter 9
  6. Eýýup Chapter 5
  7. Zebur Chapter 50

Explore More from süleýmanyň-pähimleri

  1. Süleýmanyň pähimleri Chapter 6
  2. Süleýmanyň pähimleri Chapter 27
  3. Süleýmanyň pähimleri Chapter 17
  4. Süleýmanyň pähimleri Chapter 28
  5. Süleýmanyň pähimleri Chapter 26
  6. Süleýmanyň pähimleri Chapter 22
  7. Süleýmanyň pähimleri Chapter 9

Related Chapters & Readings

  1. Ýewreýlere haty Chapter 12
  2. 2 patyşalar Chapter 24
  3. 1 patyşalar Chapter 16
  4. Gelip çykyş Chapter 41
  5. Kanun taglymaty Chapter 16
  6. Gelip çykyş Chapter 28
  7. Ezekiýel Chapter 12
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *