Read Ýewreýlere haty Chapter 4 Online
Read Ýewreýlere haty Chapter 4 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýewreýlere haty in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Ýewreýlere haty and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Ýewreýlere haty 4
Bap 4
1. Şonuň üçin Onuň dynçlyk ülkesine girme wadasy heniz ýerindeligine görä, sizden biri muňa ýetmän galaýmasyn diýip gorkuda bolalyň.
2. Çünki Hoş Habar bize wagyz edilişi ýaly, olara-da wagyz edildi, ýöne eşiden sözlerini iman bilen utgaşdyrmandyklary üçin, onuň olara peýdasy bolmady.
3. Dünýäniň ýaradylyşynyň başynda işlerini tamamlan Hudaýyň: «Gaharlananymda: olar dynçlyk ülkäme girmezler diýip ant içdim» diýşi ýaly, biz iman getirenler bu dynçlyga gireris.
4. Çünki bir ýerde ýedinji gün hakda: «Ýedilenji gün Hudaý ähli işini tamamlady we şol gün dynç aldy» diýipdir.
5. Ýene-de şol ýerde: «Olar dynçlyk ülkäme girmez» diýýär.
6. Şeýlelikde, Hoş Habary ilki eşidenler söze gulak asmandyklary üçin, ol dynçlyga girip bilmediler, ýöne käbir girjekler bar.
7. Şonuň üçin Hudaý köp wagtdan soň, Dawut arkaly aýdylyşy ýaly: «Bu gün Onuň sesini eşitseňiz, ýüregiňizi gatatmaň» diýende, «bu gün» diýmek bilen ýene bir güni belleýär.
8. Çünki Ýeşu olary dynçlyga ýetiren bolsa, onda Hudaý mundan soň başga günüň gürrüňini etmezdi.
9. Şeýlelikde, Hudaýyň halky üçin ýene bir sabat gününiň dynçlygy galýar.
10. Hudaý Öz işlerinden nähili dynç alan bolsa, Onuň dynçlygyna giren hem öz işlerinden şeýle dynç alandyr.
11. Şeýlelikde, hiç kim olaryň pitnesinden görelde alyp ýykylmaz ýaly, ol dynçlyga girmek üçin gaýrat edeliň.
12. Hudaýyň sözi diri hem täsirlidir, her bir iki ýüzli gylyçdan kesgirdir. Ol jan hem ruhy, bogunlary hem ýiligi bölýänçä batýandyr, ýüregiň düşünjeleridir niýetlerine höküm edýändir.
13. Hudaýdan gizlin hiç bir mahluk ýokdur, hasap bermeli Hudaýymyzyň gözleriniň öňünde ähli zat ýalaňaç hem açykdyr.
14. Gökden geçen uly Baş Ruhanymyz, Hudaýyň Ogly Isamyzyň barlygyna görä, ykrar eden imanymyzy berk tutalyň.
15. Çünki biziň ejizliklerimize gynanyp bilmeýän däl, eýsem, her zatda biziň ýaly synalyp, günä etmedik bir Baş Ruhanymyz bardyr.
16. Rehimdarlyga gowşup, gerek wagtynda bize kömek berjek merhemeti tapar ýaly, Hudaýyň merhemet tagtyna ynam bilen golaýlaşalyň.
About Ýewreýlere haty Chapter 4
Read Ýewreýlere haty Chapter 4 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýewreýlere haty in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Ýewreýlere haty
Chapter: 4
Testament: New Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Ýewreýlere haty. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Ýewreýlere haty Chapter 4 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Ýewreýlere haty Chapter 4?
Ýewreýlere haty Chapter 4 is part of the Book of Ýewreýlere haty in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Ýewreýlere haty Chapter 4 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Täze Äht
- 2 Korintoslylara haty Chapter 2
- 2 Korintoslylara haty Chapter 3
- 2 Korintoslylara haty Chapter 6
- 2 Korintoslylara haty Chapter 5
- 2 Korintoslylara haty Chapter 4
- 2 Korintoslylara haty Chapter 10
- 2 Korintoslylara haty Chapter 9
Explore More from ýewreýlere-haty
- Ýewreýlere haty Chapter 13
- Ýewreýlere haty Chapter 1
- Ýewreýlere haty Chapter 10
- Ýewreýlere haty Chapter 2
- Ýewreýlere haty Chapter 9
- Ýewreýlere haty Chapter 3
- Ýewreýlere haty Chapter 11