Ýermeýa Chapter 26

For English

Read Ýermeýa Chapter 26 Online

Read Ýermeýa Chapter 26 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýermeýa in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Ýermeýa and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Ýermeýa 26

Bap 26

1. Ýahuda patyşasy Ýoşyýanyň ogly Ýehoýakymyň patyşalygynyň başynda Rebbiň şu sözi aýan boldy:

2. «Reb şeýle diýýär: Rebbiň öýüniň howlusynda dur-da, sežde etmek üçin Ýahuda şäherlerinden ol ýere gelen her kese aýt. Saňa aýtmagy buýran sözlerimiň ýekejesini-de gaçyrman, baryny olara ýetir.

3. Belki, diňlärler we ýaman ýollaryndan dönerler. Şonda Men hem olaryň pis işleri zerarly başlaryndan betbagtlyk indermek niýetimden el çekerin.

4. Olara Reb şeýle diýýär diý: „Eger siz Maňa gulak goýmasaňyz, beren kanunyma görä ýöremeseňiz,

5. size gaýta-gaýta ýollan gullarym pygamberleriň sözlerini öňki ýaly ýene-de diňlemeseňiz,

6. onda Men bu öýi Şilo kimin ýok ederin. Bu şäheri bolsa ýer ýüzüniň ähli milletleriniň arasynda nälete duçar ederin“».

7. Ruhanylar, pygamberler we ähli halk Rebbiň öýünde Ýermeýanyň aýdan bu sözlerini eşitdiler.

8. Ýermeýa Rebbiň ähli halka aýt diýip, özüne buýran zatlarynyň baryny aýdyp bolanynda, ruhanylar, pygamberler we ähli halk ony tutup: «Sen hökman ölersiň!

9. Näme üçin sen: „Bu öý Şilo kimin bolar we bu şäher ilatsyz harabaçylyga öwrüler“ diýip, Rebbiň adyndan pygamberlik etdiň?» diýdiler. Rebbiň öýünde ähli halk Ýermeýanyň daşyny gabady.

10. Ýahudanyň ýolbaşçylary bu zatlary eşidenlerinde, patyşanyň köşgünden çykyp, Rebbiň öýüne geldiler we Täze derwezäniň girelgesinde oturdylar.

11. Onsoň ruhanylar, pygamberler ýolbaşçylar bilen ähli halka ýüzlenip: «Öz gulaklaryňyz bilen eşidişiňiz ýaly, ol adamy bu şähere garşy pygamberlik edendigi üçin, ölüm jezasyna höküm etmeli» diýdiler.

12. Şonda Ýermeýa ähli ýolbaşçylara we tutuş halka ýüzlenip, şeýle diýdi: «Bu öý bilen şäher hakda ýaňky eşiden sözleriňizi pygamberlik etmegim üçin meni Reb ýollady.

13. Indi ýollaryňyzy we işleriňizi düzediň, Hudaýyňyz Rebbe gulak asyň. Şonda Reb-de siziň garşyňyza aýdan betbagtçylygyny goýbolsun eder.

14. Men bolsa, ine, siziň eliňizde. Nämäni gowy hem dogry görseňiz, maňa şony ediň.

15. Emma şuny berk bilip goýuň, eger meni öldürseňiz, bu şäher-de, munda ýaşaýan ilat bilen siz-de dökülen bigünä gan üçin jogapkär bolarsyňyz. Hakykatdan hem, bu sözleriň baryny siziň gulagyňyza ýetirmegim üçin meni Reb ýollady».

16. Onsoň ýolbaşçylar bilen ähli halk ruhanylara: «Bu adam bize Hudaýymyz Rebbiň adyndan gepländigi üçin, ol ölüme höküm edilmeli däldir» diýdiler.

17. Onsoň ýurduň birnäçe ýaşulusy öňe çykyp, ol ýerde ýygnanan halka şeýle diýdi:

18. «Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň döwründe moreşetli Mika pygamberlik edip, ol ähli halka Hökmürowan Reb şeýle diýýär diýip ýüzlendi: „Siýon ekin meýdany kimin sürler. Iýerusalim harabaçylyga öwrülip, dag depesindäki ybadathanany jeňňellik basar“.

19. Ýahuda patyşasy Hizkiýa we tutuş Ýahuda Mikany öldürdimi? Ýok, Hizkiýa Rebden gorkup, Oňa ýalbardy. Reb-de halkyň garşysyna aýdan betbagtçylygyny goýbolsun etdi. Biz bolsak öz janymyza elhenç betbagtlyk getirýäris!».

20. Rebbiň adyndan pygamberlik eden ýene bir adam bardy, ol kirýatýegarymly Şemagýanyň ogly Uryýady. Ol hem edil Ýermeýa ýaly sözläp, bu şäher bilen ýurduň garşysyna pygamberlik etdi.

21. Ýehoýakym patyşa bilen onuň ähli edermen urşujylary, emeldarlary onuň sözlerini eşidenlerinde, patyşa ony öldürjek boldy. Emma Uryýa muny eşiden badyna, gorkup, Müsüre gaçyp gitdi.

22. Ýehoýakym patyşa Akboryň ogly Elnatany we onuň bilen birnäçe adamy Müsüre iberdi.

23. Olar Uryýany Müsürden çykaryp, Ýehoýakym patyşanyň ýanyna getirdiler. Ol ony gylyç bilen öldürip, jesedini hem ýönekeý halkyň gonamçylygyna zyňdyrdy.

24. Emma Şapanyň ogly Ahykamyň Ýermeýany goraýandygy sebäpli, ol öldürilmäge halkyň eline berilmedi.

About Ýermeýa Chapter 26

Read Ýermeýa Chapter 26 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýermeýa in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Ýermeýa
Chapter: 26
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Ýermeýa. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Ýermeýa Chapter 26 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Ýermeýa Chapter 26?

Ýermeýa Chapter 26 is part of the Book of Ýermeýa in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Ýermeýa Chapter 26 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 130
  2. Hoşeýa Chapter 1
  3. Zebur Chapter 51
  4. Zebur Chapter 49
  5. Eýýup Chapter 5
  6. Zebur Chapter 9
  7. Gelip çykyş Chapter 18

Explore More from ýermeýa

  1. Ýermeýa Chapter 12
  2. Ýermeýa Chapter 10
  3. Ýermeýa Chapter 34
  4. Ýermeýa Chapter 35
  5. Ýermeýa Chapter 44
  6. Ýermeýa Chapter 43
  7. Ýermeýa Chapter 30

Related Chapters & Readings

  1. Koloselilere haty Chapter 4
  2. Müsürden çykyş Chapter 16
  3. Ysraýyl serdarlary Chapter 2
  4. Gelip çykyş Chapter 14
  5. Ysraýyl serdarlary Chapter 20
  6. Işaýa Chapter 30
  7. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 14
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *