Read Lewiler kitaby Chapter 1 Online
Read Lewiler kitaby Chapter 1 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Lewiler kitaby in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Lewiler kitaby and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Lewiler kitaby 1
Bap 1
1. Reb Özüne ýüz tutulýan çadyrdan Musany çagyryp, oňa şeýle diýdi:
2. «Ysraýyl halkyna aýt, Rebbe mal gurbanlyk bermek isleýänler, goý, gara mallardan ýa-da dowarlardan bersinler.
3. Siz gara maly ýakma gurbanlyk berseňiz, malyňyz şikessiz öküzçe bolsun. Rebbiň bu gurbanlygy siziň adyňyzdan kabul ederi ýaly, siz bu ýakma gurbanlygyny Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna getiriň.
4. Ýakma gurbanlyk berýän malyň eýesi, onuň kellesine elini goýsun we Hudaý ol maly sizi günäleriňizden saplaýan gurbanlyk hökmünde kabul eder.
5. Soňra öküzçäniň eýesi Rebbiň huzurynda onuň damagyny çalsyn. Harunyň ogullary – ruhanylar bolsa onuň ganyny Rebbe hödür edip, ony Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpsinler.
6. Soňra gurbanlyk malynyň eýesi, ony deriden çykaryp, böleklesin.
7. Ruhany Harunyň ogullary gurbanlyk sypasynyň üstünde odun örüp, ot ýaksynlar.
8. Soňra Harunyň ogullary – ruhanylar, böleklenen eti, malyň kellesidir içýagy bilen bilelikde, gurbanlyk sypasynyň üstünde ýanyp duran otda goýsunlar.
9. Malyň garyn içegeleri we aýaklary suwa ýuwulsyn. Ruhany bolsa bularyň hemmesini gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbe tutuşlygyna ot üsti bilen berilýän bu ýakma gurbanlygynyň ysy Oňa ýakymlydyr.
10. Dowarlardan alnan janly ýakma gurbanlyk berilýän bolsa, onda bu gurbanlyk janlysy hiç bir şikessiz goç ýa-da erkeç bolsun.
11. Malyň eýesi gurbanlyk janlysynyň damagyny gurbanlyk sypasynyň demirgazyk tarapynda, Rebbiň huzurynda çalsyn. Harunyň ogullary – ruhanylar bolsa, gurbanlyk janlysynyň ganyny gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpsinler.
12. Soňra malyň eýesi gurbanlyk janlysyny böleklesin. Ruhany bolsa, ol bölekleri janlynyň kellesidir içýagy bilen bilelikde gurbanlyk sypasynda ýanyp duran otda goýsun.
13. Gurbanlyk janlysynyň garyn içegeleri we aýaklary suwa ýuwulsyn. Onsoň ruhany bularyň hemmesini gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbe tutuşlygyna ot üsti bilen berilýän bu ýakma gurbanlygynyň ysy, Oňa ýakymlydyr.
14. Eger Rebbe ýakma gurbanlyk hökmünde guş hödürlenilýän bolsa, onda siziň gurbanlyk guşuňyz gumry ýa-da kepderi bolsun.
15. Ruhany gurbanlyk guşunyň boýnuny ýolup, onuň kellesini gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Onuň ganyny gurbanlyk sypasynyň gapdalyna sykyp akdyrsyn.
16. Ruhany guşuň petekesini içindäki zatlary bilen bile alyp, gurbanlyk sypasynyň gündogar tarapyna, kül atylýan ýere taşlasyn.
17. Soňra ruhany guşuň ganatlaryndan tutup, ony ikä bölsün, ýöne bölekleri biri-birinden doly bölüp aýyrmasyn. Onsoň ol guşy gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Rebbe tutuşlygyna ot üsti bilen berilýän bu ýakma gurbanlygynyň ysy, Oňa ýakymlydyr.
About Lewiler kitaby Chapter 1
Read Lewiler kitaby Chapter 1 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Lewiler kitaby in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Lewiler kitaby
Chapter: 1
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Lewiler kitaby. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Lewiler kitaby Chapter 1 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Lewiler kitaby Chapter 1?
Lewiler kitaby Chapter 1 is part of the Book of Lewiler kitaby in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Lewiler kitaby Chapter 1 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Köne Äht
- Zebur Chapter 130
- Hoşeýa Chapter 1
- Zebur Chapter 51
- Eýýup Chapter 5
- Zebur Chapter 49
- Gelip çykyş Chapter 18
- Zebur Chapter 44
Explore More from lewiler-kitaby
- Lewiler kitaby Chapter 20
- Lewiler kitaby Chapter 10
- Lewiler kitaby Chapter 16
- Lewiler kitaby Chapter 19
- Lewiler kitaby Chapter 5
- Lewiler kitaby Chapter 18
- Lewiler kitaby Chapter 13