Işaýa Chapter 28

For English

Read Işaýa Chapter 28 Online

Read Işaýa Chapter 28 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Işaýa in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Işaýa and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Işaýa 28

Bap 28

1. Efraýym serhoşlarynyň buýsanýan täjiniň dat gününe! Onuň şöhratly gözelligi solup barýan güller kimindir, hasylly deräniň başyndaky şäheriň dat gününe! Şerapdan doýanlar oňa guwanýarlar.

2. Ine, Rebbiň gudratly, güýçli bir adamy bar; weýran edýän doly tupany kimin, güýçli ýagyş sili kimin, Öz eli bilen şäheri ýere çalar.

3. Efraýymyň serhoşlarynyň buýsanjy bolan täji aýak astynda depelener.

4. Hasylly deräniň başynda ýerleşen, şöhratly gözelligi solup barýan gül, tomusdan öň ýetişen injir dek bolar; ony gören, tiz ýolup iýer.

5. Şol gün halkynyň aman galanlaryna şöhrat täji, gözellik jygasy bolar Hökmürowan Reb.

6. Höküm kürsüsinde oturýana adalatlyk ruhy, derwezede duşmana zarba urýana medet bolar.

7. Ruhanydyr pygamberler-de şerapdan ýaňa yraň atýarlar, içgi zerarly entrekleýärler; şerap içip ýoldan çykýarlar, şerapdan başlary aýlanýar, içgi zerarly entrekleýärler, nähak görnüşler görýärler, höküm edenlerinde büdreýärler.

8. Ähli saçaklary gusukdan doly, arassa ýer ýokdur asla.

9. «Olar bilimi kime öwredýärler? Habary kime düşündirýärler? Süýtden kesilenleremi? Emjekden aýrylanlaramy?

10. Buýruk üstüne buýruk, buýruk üstüne buýruk, düzgün üstüne düzgün, düzgün üstüne düzgün, biraz bu ýerde, biraz ol ýerde».

11. Indi bu halka keseki agzy bilen geplär Reb düşnüksiz dilde sözlär.

12. Olara: «Bu dynçlyk ýeridir, argynlara dynç beriň, bu dynçlyk ýeridir» diýdi; emma diňlemek islemediler.

13. Şonuň üçin olar gidip, arkan ýykylyp, ýaralanarlary ýaly, duzaga düşüp, tutularlary ýaly, Rebbiň sözi olar üçin: «Buýruk üstüne buýruk, buýruk üstüne buýruk, düzgün üstüne düzgün, düzgün üstüne düzgün, biraz bu ýerde, biraz ol ýerde» bolar.

14. Munuň üçin eý, masgaralaýjylar, Iýerusalimdäki bu halka hökümdarlyk edýän siz, Rebbiň sözüni eşidiň!

15. Siz: «Biz ölüm bilen äht edişdik, ylalaşyk baglaşdyk ölüler dünýäsi bilen; uly betbagtçylyk inende ýurda, geçip gider, bize ýetmez, çünki biz ýalançylygy pena edindik, galplyk içinde gizlendik» diýdiňiz.

16. Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ine, Men Siýonda bina daşyny, synalan daşy, gymmatbaha burç daşyny, ynamdar bina goýýaryn; Oňa bil baglan howsala düşmez.

17. Adalaty ölçeg ýüpi, dogrulygy terezi ederin; doly ýagyp ýalançylyk penasyny süpürip äkider, suwlar basar gaçybatalgany.

18. Ölüm bilen eden ähtiňiz ýatyrylar, Gabyr bilen baglaşan ylalaşygyňyz puja çykar; uly betbagtçylyk gelende, ýer bilen ýegsan bolarsyňyz.

19. Betbagtçylyk her geçende, sizi süpürip äkider, ol her säher, gije-gündizine geçer». Habara düşüneniňizde, sizi gorky gaplar.

20. Üstünde uzalardan gysga bolar düşek, örtünmäge insiz bolar ýorgan.

21. Öz işini, täsin işini, amalyny, geň amalyny ýerine ýetirmek üçin, Perazim dagyndaky ýaly aýaga galar Reb, Gibgon jülgesindäki ýaly gazaba müner.

22. Indi masgaralamaňyzy bes ediň, ýogsam zynjyrlaryňyz agralar, bütin ýurduň weýran ediljekdigi baradaky permany Taňry Hökmürowan Rebden eşitdim.

23. Gulak goýuň, sesimi eşidiň, üns beriň, sözümi diňläň.

24. Sürümçiler ekin ekmek üçin dynuwsyz ýer sürýärlermi? Ýeri keşläp, malalap gezýärlermi?

25. Ýeri tekizlänlerinden soň, künji, zire sepmeýärlermi? Bugdaýy hatarlaýyn, arpany öz ýerinde, ýazlyk bugdaýy-da öz ýerinde ekmeýärlermi?

26. Hudaýy olara görkezme berer, öwreder.

27. Künji döwek bilen döwülmez, tigir ýöredilmez ziräniň üstünden, künji tokmak bilen, zire-de taýak bilen döwülýär.

28. Bugdaý çörek üçin üwelýär, emma ol ebedilik döwülmez, üstünden arabadyr atlar aýlansa-da, bugdaý üwelmez.

29. Bu-da Hökmürowan Rebdendir, Onuň maslahaty ajaýyp, paýhasy beýikdir.

About Işaýa Chapter 28

Read Işaýa Chapter 28 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Işaýa in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Işaýa
Chapter: 28
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Işaýa. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Işaýa Chapter 28 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Işaýa Chapter 28?

Işaýa Chapter 28 is part of the Book of Işaýa in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Işaýa Chapter 28 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Isaya

  1. Isaya Chapter 28
  2. Isaya Chapter 27
  3. Isaya Chapter 13
  4. Isaya Chapter 26
  5. Isaya Chapter 34
  6. Isaya Chapter 16
  7. Isaya Chapter 7

Explore More from Köne Äht

  1. Eýýup Chapter 16
  2. Ysraýyl serdarlary Chapter 9
  3. Işaýa Chapter 57
  4. Hoşeýa Chapter 3
  5. Habakuk Chapter 3
  6. Çölde Chapter 9
  7. Amos Chapter 4

Related Chapters & Readings

  1. Kanun taglymaty Chapter 14
  2. Markusyň Hoş Habary Chapter 3
  3. Ýeşuwa Chapter 9
  4. Zebur Chapter 87
  5. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 11
  6. Lewiler kitaby Chapter 19
  7. 1 Şamuwel Chapter 12
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *