1 Şamuwel Chapter 25

For English

Read 1 Şamuwel Chapter 25 Online

Read 1 Şamuwel Chapter 25 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 1 Şamuwel in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of 1 Şamuwel and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

1 Şamuwel 25

Bap 25

1. Şamuwel öldi; bütin Ysraýyl ýygnanyp, onuň ýasyny tutdy. Ony Ramadaky öz mülkünde jaýladylar. Şondan soň Dawut Paran çölüne gitdi.

2. Magonda bir adam bardy. Onuň mülki Karmeldedi. Ol adam juda baýdy; onuň üç müň goýny, müň geçisi bardy. Ol Karmelde goýunlaryny gyrkdyrýardy.

3. Onuň ady Nabal, aýalynyň ady Abygaýyldy. Aýaly akylly hem görmegeýdi, ýöne onuň özi deýýus hem hyrsyz adamdy. Ol Kalep neslindendi.

4. Nabalyň öz goýunlaryny gyrkdyrýandygyny Dawut çölde eşitdi.

5. Şonda Dawut on ýigidini şeýle tabşyryk bilen onuň ýanyna iberdi: «Karmele gidiň. Nabalyň ýanyna baryň-da, oňa menden salam aýdyň

6. we şeýle diýiň: „Özüňiň, maşgalaňyň we ähliňiziň başyňyz abat bolsun!

7. Men seniň gyrkymdadygyňy eşitdim. Seniň çopanlaryň biziň ýanymyzda boldular, biz olary ynjytmadyk. Karmelde bolan döwürlerinde olaryň hiç zady ýitmedi.

8. Öz ýigitleriňden sorasaň aýdarlar. Indi senem meniň ýigitlerim bilen mylakatly bol, çünki biz ýanyňa sähetli güni geldik. Öz gullaryňa hem ogluň Dawuda nämäň bar bolsa bermegiňi towakga edýärin“».

9. Dawudyň ýigitleri Nabalyň ýanyna baryp, ýaňky aýdylanlaryň ählisini Dawudyň adyndan oňa aýtdylar-da, ondan jogaba garaşdylar.

10. Ýöne Nabal Dawudyň ýigitlerine şeýle jogap berdi: «Dawut diýýäniňiz kim ol? Ýyşaýyň ogly diýýäniňiz kim? Häzir öz hojaýynyndan gaçyp ýören hyzmatkär kän.

11. Çöregimi, suwumy, gyrkymçylar üçin soýan malymyň etini getirip, nirelidigini-de bilmeýän adamlaryma berip goýberibereýinmi, hä?».

12. Şunlukda, Dawudyň ýigitleri yzlaryna dolandylar we gelip, bularyň hemmesini Dawuda aýtdylar.

13. Dawut ýigitlerine: «Ähliňiz gylyjyňyzy dakynyň» diýdi. Olaryň ählisi gylyjyny dakyndy, Dawut hem gylyjyny dakyndy. Dört ýüze golaý adam Dawudyň yzyna düşdi, iki ýüz adam bolsa goşlaryň ýanynda galdy.

14. Emma bir ýigit Nabalyň aýaly Abygaýyla şeýle diýdi: «Biziň hojaýynymyza salam aýtmak üçin, Dawut çölden çaparlar ýollapdyr. Emma hojaýynymyz olary kemsitdi.

15. Olar bize kän ýagşylyk edipdiler, bizi ynjytmandylar. Olaryň ýanynda bolan döwrümizde biziň hiç zadymyz ýitmändi.

16. Bile goýunlarymyzy saklanymyzda, olar biziň daşymyzyň galasy bolupdylar.

17. Indi şuny bil-de, näme etmelidigiň hakda oýlan, çünki biziň hojaýynymyza we onuň tutuş maşgalasyna garşy erbet karara gelnendir. Nabalyň häsiýeti juda ýaramaz, onuň bilen gepleşip bilýän adam ýok».

18. Şundan soň Abygaýyl wagt ýitirmän, iki ýüz çörek, iki tulum şerap, bäş goýnuň gowurdagyny, bir batman gowurgany, ýüz goşawuç kişmişi, iki ýüz goşawuç injir kişdesini aldy-da, olary eşeklere ýükledi.

19. Ol hyzmatkärlerine: «Öňüme düşüň, men siziň yzyňyzdan ýörejek» diýdi. Ýöne ol adamsy Nabala hiç zat aýtmady.

20. Abygaýyl dagyň ýapgyt tarapyndan eşekli inip gelýärkä, Dawut hem adamlary bilen oňa tarap gelýärdi. Şeýdip, olar duşuşdylar.

21. Şol wagt Dawut içini gepledip gelýärdi: «Haýp, çölde men bu adamyň ähli emlägini gorapdyryn. Onuň ýeke zady-da ýitmändi. Emma ol meniň ýagşylygyma ýamanlyk bilen jogap berdi.

22. Eger daň atýança onuň erkek göbeklisiniň baryny gyrmasam, onda, goý, Hudaý maňa-da şony, hatda ondan-da beterini görkezsin».

23. Abygaýyl Dawudy görende, eşekden howlukmaç düşdi-de, ýere ýüzin düşüp, oňa tagzym etdi.

24. Ol Dawudyň aýagyna ýykylyp, şeýle diýdi: «Günäsi, goý, meniň boýnuma bolsun, agam. Özüň bilen gepleşmäge gyrnagyňa ygtyýar et, onuň iki agyz sözüni diňle.

25. Haýyş edýärin, agam, bu nejis Nabalyň sözlerini göwnüňe alma. Onuň özi-de ady ýalydyr. Onuň ady Nabal, özi-de akmak. Men – keniziň agamyň, ýagny seniň iberen nökerleriňi görmändirin.

26. Seni gan dökmekden we ar almakdan Rebbiň Özi saklapdyr. Indi, eý agam, Rebden we seniň adyňdan ant içýärin, agam, saňa ýamanlyk etmek isleýän duşmanlaryň, goý, Nabal ýaly bolsun.

27. Ine, şu sowgatlary gyrnagyň seniň ýigitleriňe bermek üçin agasyna getirdi.

28. Öz gyrnagyňyň hyýanatçylygyny bagyşla. Rebbiň agamyň neslini abat etjegi şübhesizdir, sebäbi agam Reb üçin göreşýär. Ömürboýy senden ýamanlyk çykmaz.

29. Eger kimdir biri agamy yzarlasa ýa-da janyna kast etse, onda janyňy Hudaýyň Reb aman saklasyn, duşmanlaryňy bolsa sapandan daş atan kimin edip öldürsin.

30. Sen agam barada aýdan ähli ýagşylyklaryny ýerine ýetirip, Reb seni Ysraýyla hökümdar bellände, onda sen nähak gan dökmek ýa-da özüňi goramak üçin hasrata sebäp bolmarsyň, ynsabyň-da saňa yza bermez.

31. Reb özüňi ýalkanda, gyrnagyňy ýatlagyn».

32. Dawut Abygaýyla şeýle diýdi: «Şu gün meni saňa duşuran Ysraýyl Hudaýy Rebbe alkyş bolsun!

33. Paýhasyňa berekella, özüňe berekella. Bu gün gan dökmekden hem öç almakdan meniň ellerimi sen sakladyň!

34. Dogrusyny aýtsam, size hasrat getirmekden meni saklan Ysraýyl Hudaýy Rebden ant içýärin, eger sen haýal etmän meniň ýanyma gelmedik bolsadyň, onda daň atýança Nabalyň ýekeje erkek göbeklisini goýman gyrjagym şübhesizdi».

35. Soňra Dawut onuň getiren zatlaryny aldy-da: «Arkaýyn öýüňe gaýdyber; sözüň kabul boldy, haýyşyň bitdi» diýdi.

36. Abygaýyl Nabalyň ýanyna gaýdyp geldi. Ol öýünde şalarça meýlis gurap otyrdy. Ol çendenaşa serhoşdy, keýpi diýseň çagdy. Şoňa görä, daň atýança Abygaýyl oňa dil ýarmady.

37. Ertesi irden, serhoşlukdan açylansoň, bolan işleriň baryny aýaly oňa gürrüň berdi. Bu zatlary eşiden Nabalyň ýüreginden tutdy, ol doňňara daşa döndi.

38. On gün çemesi wagtdan soň Reb Nabaly urdy; ol öldi.

39. Nabalyň ölendigini eşidende, Dawut şeýle diýdi: «Meni kemsideni üçin, Nabaly günäkär saýan we Öz guluny ýaman işden saklan Rebbe alkyş bolsun! Reb Nabalyň ýaman niýetini onuň öz başyndan inderdi». Dawut Abygaýyla öýlenmek üçin oňa sawçy iberdi.

40. Dawudyň adamlary Karmele Abygaýylyň ýanyna gelip, oňa: «Dawut bizi saňa sawçylyga iberdi» diýdiler.

41. Ol ýerinden turdy-da, dyza çöküp tagzym etdi we şeýle diýdi: «Keniziňiz jenabymyň gullarynyň aýagyny ýuwmaga-da taýyn» diýdi.

42. Abygaýyl dessine eşege mündi. Ol bäş kenizini ýanyna alyp, Dawudyň sawçylarynyň yzyna düşdi. Şeýdip, ol Dawudyň aýaly boldy.

43. Dawut ýizregelli Ahynogama-da öýlendi. Bularyň ikisi-de onuň aýaly boldy.

44. Şawul bolsa Dawuda beren gyzy Mikaly gallymly Laýyşyň ogly Palta berdi.

About 1 Şamuwel Chapter 25

Read 1 Şamuwel Chapter 25 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 1 Şamuwel in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: 1 Şamuwel
Chapter: 25
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading 1 Şamuwel. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading 1 Şamuwel Chapter 25 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is 1 Şamuwel Chapter 25?

1 Şamuwel Chapter 25 is part of the Book of 1 Şamuwel in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete 1 Şamuwel Chapter 25 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from 1-şamuwel

  1. 1 Şamuwel Chapter 16
  2. 1 Şamuwel Chapter 13
  3. 1 Şamuwel Chapter 19
  4. 1 Şamuwel Chapter 24
  5. 1 Şamuwel Chapter 22
  6. 1 Şamuwel Chapter 1
  7. 1 Şamuwel Chapter 28

Explore More from Köne Äht

  1. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 30
  2. Ýeşuwa Chapter 22
  3. Işaýa Chapter 44
  4. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 18
  5. Gelip çykyş Chapter 15
  6. Zebur Chapter 131
  7. Çölde Chapter 4

Related Chapters & Readings

  1. Ester Chapter 4
  2. Nagmalar nagmasy Chapter 6
  3. Lewiler kitaby Chapter 5
  4. Işaýa Chapter 19
  5. Mattanyň Hoş Habary Chapter 20
  6. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 2
  7. Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 14
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *