Efeslilere haty Chapter 6

For English

Read Efeslilere haty Chapter 6 Online

Read Efeslilere haty Chapter 6 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Efeslilere haty in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Efeslilere haty and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Efeslilere haty 6

Bap 6

1. Eý çagalar, Rebde ene-ataňyzyň sözlerine gulak asyň, çünki bu dogrudyr.

2. «Ýagşylyk görüp, ýer ýüzünde ýaşyň uzak bolar ýaly, ataňy, eneňi syla».

3. Wada bilen berlen ilkinji buýruk şudur.

4. Eý atalar, siz hem çagalaryňyzy gaharlandyrman, olary Rebbiň terbiýe hem öwüdi bilen ulaldyň.

5. Eý gullar, dünýädäki hojaýynyňyzyň sözüne, Mesihiň sözüne gulak asýan ýaly, gorky, titreme we akýüreklilik bilen gulak asyň.

6. Adama ýaranjak bolýanlar ýaly, göze hoş görünsin diýip, iş bitirmän, eýsem, Mesihiň gullary hökmünde Hudaýyň islegini ýürekden berjaý ediň.

7. Adamlara däl-de, Rebbe gulluk edýän ýaly, ýagşy niýet bilen gulluk ediň.

8. Çünki gul bolsun, azat bolsun, her kimiň eden her ýagşylygynyň Rebden gaýtjagyny bilýänsiňiz.

9. Eý hojaýynlar, siz hem gullaryňyza şeýle ediň, olara gorky salmaň. Çünki olaryň hem öz Rebbiňiziň Gökdedigini, Onuň tarapgöýlik etmeýänini bilýänsiňiz.

10. Mahlasy, Rebde, Onuň üstün gudratynda güýçleniň.

11. Iblisiň hilelerine garşy durup biler ýaly, Hudaýyň ähli ýaraglaryny dakynyň.

12. Çünki biziň söweşimiz adamlara garşy däl-de, hökümdarlara garşy, ygtyýarlylara garşy, bu garaňky dünýäniň häkimiýetlerine garşy, ýamanlygyň Gökdäki ruhy gudratlaryna garşydyr.

13. Şonuň üçin ýaman günde garşylyk görkezmegi, zerur bolan her zady edeňizden soň, ýeriňizde durmagy başarar ýaly, Hudaýyň ähli ýaraglaryny ele alyň.

14. Şeýlelikde, biliňizi hakykat bilen guşap, egniňize dogrulyk sowudyny geýip,

15. aýaklaryňyza bolsa parahatlyk getirýän Hoş Habary wagyz etme taýynlygyny geýip, ýeriňizde duruň.

16. Bularyň ählisiniň üstesine-de, iman galkanyny ele alyň! Onuň bilen şeýtanyň bütin otly oklaryny öçürmegi başararsyňyz.

17. Gutulyş tuwulgasyny, Hudaýyň sözi bolan Ruhuň gylyjyny alyň.

18. Her hili doga we dileg bilen, hemişe Ruhda doga ediň. Şu maksat bilen bütin mukaddesler üçin ýalbaryp, durnuklylykda hüşgär boluň.

19. Ugrunda zynjyr bilen bagly bolup, ilçilik edýän Hoş Habarymyň syryny batyrgaýlyk bilen wagyz etmek üçin, agzymy her açanymda gerekli sözler berler ýaly, meniň üçin hem doga ediň.

20. Hoş Habary bolmalysy ýaly batyrgaýlyk bilen bildirmegim üçin doga ediň.

21. Meniň nähilidigimi, näme edýänimi siz biler ýaly, söýgüli doganymyz, Rebbiň sadyk hyzmatkäri Tihikus size bar zady aýdar.

22. Ine, şunuň üçin hal-ýagdaýymyzy biliň, ol ýüregiňize teselli bersin diýip, Tihikusy size ýolladym.

23. Ata Hudaýdan, Reb Isa Mesihden doganlara parahatlyk, iman, söýgi dileg edýärin.

24. Hudaýyň merhemeti Rebbimiz Isa Mesihi ölmez-ýitmez söýgi bilen söýýänleriň bary bilen bolsun! Omyn.

About Efeslilere haty Chapter 6

Read Efeslilere haty Chapter 6 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Efeslilere haty in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Efeslilere haty
Chapter: 6
Testament: New Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Efeslilere haty. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Efeslilere haty Chapter 6 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Efeslilere haty Chapter 6?

Efeslilere haty Chapter 6 is part of the Book of Efeslilere haty in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Efeslilere haty Chapter 6 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from efeslilere-haty

  1. Efeslilere haty Chapter 1
  2. Efeslilere haty Chapter 4
  3. Efeslilere haty Chapter 3
  4. Efeslilere haty Chapter 2
  5. Efeslilere haty Chapter 5

Explore More from Täze Äht

  1. Ýewreýlere haty Chapter 7
  2. Filipililere haty Chapter 3
  3. 2 Timoteosa haty Chapter 2
  4. Ýahýa gelen ylham Chapter 4
  5. 2 Timoteosa haty Chapter 4
  6. 2 Korintoslylara haty Chapter 12
  7. Ýewreýlere haty Chapter 8

Related Chapters & Readings

  1. Hoşeýa Chapter 9
  2. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 21
  3. Zebur Chapter 105
  4. Ezekiýel Chapter 41
  5. Mattanyň Hoş Habary Chapter 7
  6. Süleýmanyň pähimleri Chapter 24
  7. Amos Chapter 2
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *