Hoşeýa Chapter 9

For English

Read Hoşeýa Chapter 9 Online

Read Hoşeýa Chapter 9 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Hoşeýa in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Hoşeýa and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Hoşeýa 9

Bap 9

1. «Eý, Ysraýyl, şatlanma, beýleki halklar ýaly joşma. Çünki sen zyna edip, Hudaýyňdan uzaklaşdyň. Hemme harman ýerlerinde sen zynanyň muzduna göwün berdiň.

2. Ne däne, ne şerap size ýeter. Siziň täze şeraba bolan umydyňyz puja çykar.

3. Siz Rebbiň topragynda ýaşamarsyňyz. Efraýym Müsüre dolanjak. Aşurda haram zatlar iýersiňiz.

4. Ysraýyl halky içgi sadakasyny Rebbe bermez. Gurbanlyklaryndan Ol razy bolmaz. Onuň nany ýashana ýeriniň çöregi ýaly, ondan iýenler haram bolarlar. Çünki olaryň nany diňe garyn doýurmak üçindir. Ol Rebbiň öýüne getirilmez.

5. Baýramçylyk gününde, Rebbe dabara gününde näme edersiňiz?

6. Olar weýrançylykdan gutulsalar-da, Müsür olary ýygnap alar. Nop şäheri olary gabra gömer. Kümüş hazynasyny demirtiken örter. Çadyrlarynda ýandak biter.

7. Olaryň jeza günleri geldi. Olaryň hasap bermeli günleri ýetdi. Ysraýyl muny bilsin. Etmişleriniň agyr bolany üçin, ýigrenjiniň köplüginden, Pygamberi „akmak“, Ruhdan dolanlary bolsa „däli“ saýdylar.

8. Pygamber meniň Hudaýymyň Efraýymda goýan garawulydyr. Ýöne onuň ugran ýollarynda duzak gurdular. Hudaýyň öýünde-de oňa ýigrenç bar.

9. Gibga günlerinde bolşy ýaly, Olar agyr heläkçilige düşdüler. Ol etmişlerini ýatlar. Olaryň etmişlerine görä jeza bar.

10. Çölde üzüm tapan ýaly, Men Ysraýyly tapdym. Ilkinji miwe beren injir agajyny gören ýaly, Men ata-babalaryňyzy gördüm. Ýöne olar Pegor dagynyň butuna sežde edenlerinde, özlerini ryswaçylyga urarlar. Göwün beren zatlary ýaly ýigrenji boldular.

11. Bir guş kimin Efraýymyň şöhraty uçup gider. Olardan çaga önmez, ne hamyla bolar, ne-de göwreli.

12. Çagalaryny ýetişdirse-de, Balalaryny ellerinden alaryn. Men olary terk edenimde, Olaryň dat gününe!

13. Men Efraýymy Sur galasy ýaly, otluk ýaýlada gördüm. Emma Efraýym öz ogullaryny jelladyň eline berjek».

14. Ber olara, Reb! Näme berersiň? Aýallaryna önelgesiz ýatgy, süýtsüz göwüs ber.

15. Reb diýýär: «Olaryň Gilgaldaky ýaramaz işleri üçin, şol ýerde olary ýigrendim. Men olary öýümden kowaryn. Indi Men olary halamaryn. Bar hökümdary Maňa garşy baş göterdiler.

16. Efraýym keselledi, köki gurady. Olar miwe bermezler. Çaga dogursalar-da, Men eziz çagalaryny öldürjek».

17. Meniň Hudaýym olary ret eder. Çünki Ony diňlemediler. Olar milletler arasynda sergezdan bolarlar.

About Hoşeýa Chapter 9

Read Hoşeýa Chapter 9 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Hoşeýa in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Hoşeýa
Chapter: 9
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Hoşeýa. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Hoşeýa Chapter 9 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Hoşeýa Chapter 9?

Hoşeýa Chapter 9 is part of the Book of Hoşeýa in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Hoşeýa Chapter 9 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from hoşeýa

  1. Hoşeýa Chapter 4
  2. Hoşeýa Chapter 1
  3. Hoşeýa Chapter 3
  4. Hoşeýa Chapter 7
  5. Hoşeýa Chapter 10
  6. Hoşeýa Chapter 5
  7. Hoşeýa Chapter 8

Explore More from Köne Äht

  1. Ýunus Chapter 4
  2. Işaýa Chapter 8
  3. Zebur Chapter 142
  4. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 9
  5. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 29
  6. Lewiler kitaby Chapter 10
  7. Zebur Chapter 17

Related Chapters & Readings

  1. Lewiler kitaby Chapter 24
  2. Kanun taglymaty Chapter 25
  3. Ezekiýel Chapter 5
  4. 1 patyşalar Chapter 13
  5. Ýermeýa Chapter 18
  6. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 11
  7. Zebur Chapter 67
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *