2 Şamuwel Chapter 16

For English

Read 2 Şamuwel Chapter 16 Online

Read 2 Şamuwel Chapter 16 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 Şamuwel in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of 2 Şamuwel and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

2 Şamuwel 16

Bap 16

1. Dawut belentlikden biraz daşlaşanda, Mepiboşediň hyzmatkäri Siba goşa eşeklere iki ýüz çörek, ýüz goşawuç kişmiş, ýüz goşawuç injir we bir meşik şerap ýükläp, Dawudyň öňünden çykdy.

2. Dawut patyşa oňa: «Bu zatlary näme üçin getirdiň?» diýdi. Siba: «Eşekler-ä patyşanyň maşgalasyna ulag bolar, çöreklerdir ir-iýmişler ýigitlere iýmit bolar, şeraby bolsa çöldäki argyn adamlar içerler» diýip jogap berdi.

3. Dawut: «Jenabyňyň agtygy nirede?» diýip sorady. Siba: «Ol Iýerusalimde. Ol: „Ysraýyl halky şu gün atamyň şalygyny maňa gaýtaryp bermeli“ diýýär» diýdi.

4. Dawut patyşa: «Mepiboşediň ähli zady indi seniňki» diýdi. Siba: «Saňa tagzym! Özüňiz merhemet ediň, eý, şa hezretleri!» diýdi.

5. Dawut patyşa Bahuryma gelende, Şawulyň garyndaşlaryndan Geranyň ogly Şimgi diýen adam ol ýerden çykdy. Ol gidip barşyna Dawuda sögünýärdi.

6. Şimgi Dawutdyr onuň nökerlerini daşlady. Ähli esgerleri hem patyşanyň janpenalary Dawudyň sagynda hem solunda durdular.

7. Şimgi: «Güm bol! Güm bol! Ganhor, deýýus!

8. Ýerine şa bolan adamyň Şawulyň garyndaşlarynyň tutuş ganyny Reb senden aldy. Ol şalygy ogluň Abşaloma berdi. Görýäňmi, öz pisligiňiň pidasy bolduň, sebäbi sen ganhor» diýip garganýardy.

9. Seruýanyň ogly Abyşaý patyşa garap: «Bu itiň maslygy näme üçin şa hezretlerine gargap dur? Ygtyýar beriň, kellesini aglaýyn» diýdi.

10. Patyşa bolsa: «Seruýanyň ogullary, bu siziň işiňiz däl, ol gargaýan bolsa, diýmek, Reb oňa „Dawuda garga“ diýendir. Şeýle bolsa, onuň edenine däl diýip biljek barmy?» diýdi.

11. Soňra Dawut Abyşaýa hem-de ähli adamlaryna: «Öz bilimden önen oglum kastyma çykansoň, bu benýaminden näme gowulyga garaşýaňyz?! Goý, gargasa gargabersin, oňa degmäň, sebäbi bu Rebbiň emridir.

12. Belki, Reb çekýän ezýetimi görüp, şu günki gargyşyň ýerine maňa bähbitlisini eder» diýdi.

13. Şeýdip, Dawut adamlary bilen öz ugruna gitdi. Baýryň etegi bilen, Dawudyň deňinden barýan Şimgi oňa gargaýardy, ony daşlaýardy, kesekleýärdi.

14. Patyşa bilen onuň ýanyndaky ýadap surnugan goşun Iordan derýasyna gelip, ol ýerde dynç aldylar.

15. Abşalom bilen tutuş ysraýyl halky Iýerusalime geldiler; Ahytopel hem olaryň ýanyndady.

16. Dawudyň dosty arky urugyndan bolan Huşaý Abşalomyň ýanyna baryp: «Patyşanyň ömri uzak bolsun! Patyşanyň ömri uzak bolsun!» diýdi.

17. Abşalom oňa: «Dostuňa wepalylygyň şumy seniň? Näme üçin dostuň bilen gitmediň?» diýdi.

18. Huşaý: «Ýok, Rebbiň we şu adamlaryň, hem-de tutuş Ysraýylyň saýlan adamynyň tarapynda boljak, şonuň ýanynda galjak.

19. Üstesine-de, men kime hyzmat etmeli? Onuň ogluna dälmi? Kakaňa nähili hyzmat eden bolsam, saňa-da şonuň ýaly hyzmat ederin» diýdi.

20. Abşalom Ahytopele ýüzlenip: «Hany, maslahat beriň, biz näme etmeli?» diýdi.

21. Ahytopel: «Kakaňyň öýe seretmek üçin goýup giden gyrnak aýallary bilen ýat. Şeýtseň, özüňi kakaňa duşman edendigiňi tutuş Ysraýyl eşider we seniň tarapyňdakylaryň goluna kuwwat berer» diýdi.

22. Şeýlelikde, üçegiň ýokarsynda Abşalom üçin çadyr gurdular. Abşalom bütin Ysraýylyň gözüniň alnynda kakasynyň gyrnak aýallarynyň ýanyna girdi.

23. Şol döwürde Ahytopeliň berýän maslahaty Hudaýdan soralan maslahat hasap edilerdi. Ahytopeliň ähli maslahaty Dawut bilen Abşalomyň ikisi üçinem şeýledi.

About 2 Şamuwel Chapter 16

Read 2 Şamuwel Chapter 16 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 Şamuwel in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: 2 Şamuwel
Chapter: 16
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading 2 Şamuwel. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading 2 Şamuwel Chapter 16 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is 2 Şamuwel Chapter 16?

2 Şamuwel Chapter 16 is part of the Book of 2 Şamuwel in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete 2 Şamuwel Chapter 16 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from 2-şamuwel

  1. 2 Şamuwel Chapter 4
  2. 2 Şamuwel Chapter 19
  3. 2 Şamuwel Chapter 15
  4. 2 Şamuwel Chapter 8
  5. 2 Şamuwel Chapter 13
  6. 2 Şamuwel Chapter 23
  7. 2 Şamuwel Chapter 18

Explore More from Köne Äht

  1. 1 patyşalar Chapter 2
  2. Işaýa Chapter 47
  3. Gelip çykyş Chapter 42
  4. Zebur Chapter 103
  5. 1 patyşalar Chapter 20
  6. Malaky Chapter 1
  7. Ýermeýa Chapter 47

Related Chapters & Readings

  1. Çölde Chapter 1
  2. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 4
  3. 2 Şamuwel Chapter 24
  4. Ýakubyň haty Chapter 1
  5. Gelip çykyş Chapter 12
  6. Ezekiýel Chapter 3
  7. Markusyň Hoş Habary Chapter 5
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *