Read 2 Şamuwel Chapter 13 Online
Read 2 Şamuwel Chapter 13 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 Şamuwel in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of 2 Şamuwel and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
2 Şamuwel 13
Bap 13
1. Aradan esli wagt geçdi. Dawudyň ogly Abşalomyň Tamar atly bir owadan uýasy bardy. Dawudyň başga bir ogly Amnon oňa aşyk boldy.
2. Öz öweý uýasy Tamara bolan yşk heserinden ýaňa gussa çekip, ol keselledi. Ol boý gyz bolansoň, oňa bir zat etmek Amnona kyn bolup görünýärdi.
3. Ýöne Amnonyň Ýonadap diýen bir dosty bardy. Ýonadap Dawudyň dogany Şimganyň ogludy. Ol juda mekir adamdy.
4. Ýonadap Amnona: «Eý şazada, gün-günden halyň perişan bolup barýa-la! Belki, munuň sebäbini maňa aýdarsyň?!» diýdi. Amnon oňa: «Doganym Abşalomyň uýasy Tamara aşyk boldum» diýdi.
5. Ýonadap oňa: «Kesellän bol-da, düşegiňe geçip ýat. Kakaň halyňy soramaga gelende, oňa: „Uýam Tamar gelip, meni naharlasyn. Ol öz ýanymda nahar taýýarlasyn. Onuň öz ýanymda nahar taýýarlanyny göräýeýin hem-de nahary onuň öz elinden iýäýeýin“ diýip aýt» diýdi.
6. Şunlukda, Amnon kesellän kişi bolup, düşegine geçip ýatdy. Patyşa halyny soramaga gelende, ol: «Uýam Tamar gelip, ýanymda tagamly kökeler bişirip bersedi, men onuň öz elinden iýsedim» diýdi.
7. Dawut: «Dogany Amnonyň öýüne barsyn-da, oňa nahar taýýarlasyn» diýip, Tamaryň yzyndan adam iberdi.
8. Tamar doganynyň öýüne bardy. Amnon düşekde ýatyrdy. Tamar hamyr ýugrup, ony ýaýdy, doganynyň ýanynda tagamly kökeler bişirdi.
9. Kökeleri tabaga saldy-da, getirip, onuň öňünde goýdy, ýöne ol iýmedi. Amnon: «Ýanymdakylaryň ählisi çyksyn» diýdi. Hemmeler onuň ýanyndan çykdylar.
10. Şonda Amnon Tamara: «Kökeleri ýatjak jaýyma elt, men ony öz eliňden iýjek» diýdi. Tamar bişiren tagamly kökelerini dogany Amnonyň ýatjak jaýyna alyp bardy.
11. Tamar kökeleri onuň ýanyna alyp gelende, Amnon oňa ýapyşyp: «Uýam, gel, bile ýataly-la!» diýdi.
12. Tamar oňa şeýle diýdi: «Ýok, dogan, namysyma degme! Ysraýylda munuň ýaly zat görlen däldir. Beýle nejis iş etme!
13. Beýle masgaraçylykdan soň men nirä giderin?! Senem Ysraýylyň binamyslarynyň biri bolup galarsyň. Gowusy, git-de, patyşa bilen gepleş. Ol meni senden gaýgyrmaz».
14. Ýöne Amnon oňa gulak asmagam islemän, ondan güýçli bolansoň, ony zorlady.
15. Şondan soň onda Tamara bolan güýçli ýigrenç döredi. Bu ýigrenç onuň öňki yşk heserinden-de has güýçlüdi. Amnon oňa: «Çyk!» diýdi.
16. Emma Tamar: «Ýok, dogan, kowmak bilen maňa edýän bu ýamanlygyň öňki eden ýamanlygyňdan hem uludyr» diýdi. Emma Amnon oňa gulak asmady.
17. Ol hyzmatkär ýigidini çagyryp: «Şu aýaly öýden çykar-da, gapyny ýap» diýdi.
18. Hyzmatkär ony öýden çykaryp, gapyny ýapdy. (Tamaryň egninde ýeňli uzyn köýnegi bardy. Ir döwürlerde şalaryň ýetişen gyzlary şeýle geýner ekenler.)
19. Tamar başyndan kül sowrup, egnindäki köýneginiň ýakasyny ýyrtdy. Elleri bilen başyny tutup, ýolboýy möňňürip aglap gitdi.
20. Dogany Abşalom oňa: «Saňa doganyň Amnon el urdumy? Häzirlikçe sesiňi çykarma, uýam, ol seniň doganyň. Munuň üçin özüňi horlama» diýdi. Şeýdip, Tamar dogany Abşalomyň öýünde ýalňyz ýaşaberdi.
21. Bolan işi eşidende, Dawut patyşanyň juda gahary geldi.
22. Uýasynyň namysyna degendigi üçin, Abşalom Amnony ýigrenýärdi. Ýöne ol Amnona ýagşydan-ýamandan hiç zat diýenokdy.
23. Iki ýyldan soň Abşalom Efraýyma golaý bolan Bagalhasorda goýun gyrkdyrýardy. Ol patyşanyň ähli ogullaryny şol ýere çagyrdy.
24. Abşalom patyşanyň ýanyna gelip: «Guluň häzir goýun gyrkdyrýar. Özüňiz hem-de adamlaryňyz men guluň bilen bile gidäýseňiz» diýdi.
25. Emma patyşa oňa: «Ýok, oglum, hemmämiz gitmäli; biz saňa ýük bolarys» diýdi. Abşalom hernäçe ýalbarsa-da, Dawut gitmäge razy bolmady, ýöne oňa ak pata berdi.
26. Abşalom oňa: «Bolmasa, doganym Amnon gidäýsin» diýdi. Patyşa oňa: «Näme üçin ol seniň bilen gitmeli?» diýip sorady.
27. Emma Abşalom ýalbaryp, Amnony we beýleki ähli ogullaryny özi bilen ibermäge patyşany razy etdi.
28. Abşalom hyzmatkärlerine şeýle buýruk berdi: «Serediň, Amnon şerapdan serhoş bolanda, men: „Amnony uruň“ diýerin. Şonda siz ony öldürersiňiz. Gorkmaň. Size muny men buýurýandyryn. Gorkmaň, mert boluň!».
29. Abşalomyň adamlary Amnony buýrulyşy ýaly etdiler. Şanyň beýleki ogullary bolsa öz gatyrlaryna münüp gaçdylar.
30. Olar entek ýoldakalar, Dawuda: «Abşalom seniň ogullaryňyň ýekesini-de goýman, baryny öldüripdir» diýip habar berdiler.
31. Patyşa turup, ýakasyny ýyrtyp, ýer bagyrtlady. Onuň ýanyndaky adamlary-da ýakalaryny ýyrtdylar.
32. Emma Dawudyň dogany Şimganyň ogly Ýonadap: «Şa hezretleri: „Ogullarymyň baryndan dyndarypdyrlar“ diýip pikir etmesin. Öldürilen diňe Amnon. Bu Amnonyň öz uýasy Tamaryň namysyna degen gününden bäri Abşalomyň ýüregine düwen niýetidi.
33. Şoňa görä, goý, şa hezretleri ogullarynyň ählisi ölen ýaly bolup, özüni horlap oturmasyn. Diňe Amnon öldi» diýdi.
34. Abşalom gaçyp gidipdi. Dag tarapdaky Horonaýym ýolundan bir topar adamyň gelýändigine gözegçi nökeriň gözi düşdi.
35. Ýonadap patyşa: «Hanha, seret, guluňyň aýdyşy ýaly, ogullaryň gelýär» diýip,
36. sözüni soňlap-soňlamanka, şanyň ogullary gelip ýetdiler. Olar ses edip aglaşdylar. Patyşa bilen onuň adamlary-da gözýaş döküp aglaşdylar.
37. Abşalom gaçyp, Geşur patyşasy Ammyhudyň ogly Talmaýyň ýanyna gitdi. Dawut bolsa uzak wagtlap oglunyň ýasyny tutdy.
38. Geşura gaçyp baran Abşalom ol ýerde üç ýyl ýaşady.
39. Amnonyň ölüminden soň, köp wagtyň geçmegi bilen Dawut patyşa köşeşdi, ol indi Abşalomy yzarlajak hem bolmady.
About 2 Şamuwel Chapter 13
Read 2 Şamuwel Chapter 13 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 Şamuwel in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: 2 Şamuwel
Chapter: 13
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading 2 Şamuwel. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading 2 Şamuwel Chapter 13 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is 2 Şamuwel Chapter 13?
2 Şamuwel Chapter 13 is part of the Book of 2 Şamuwel in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete 2 Şamuwel Chapter 13 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from 2-şamuwel
- 2 Şamuwel Chapter 19
- 2 Şamuwel Chapter 15
- 2 Şamuwel Chapter 4
- 2 Şamuwel Chapter 16
- 2 Şamuwel Chapter 23
- 2 Şamuwel Chapter 17
- 2 Şamuwel Chapter 14
Explore More from Köne Äht
- Nagmalar nagmasy Chapter 8
- 2 Şamuwel Chapter 11
- Ezekiýel Chapter 19
- Nehemýa Chapter 2
- Zebur Chapter 43
- 1 Şamuwel Chapter 23
- Zebur Chapter 32