2 Şamuwel Chapter 10

For English

Read 2 Şamuwel Chapter 10 Online

Read 2 Şamuwel Chapter 10 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 Şamuwel in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of 2 Şamuwel and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

2 Şamuwel 10

Bap 10

1. Birnäçe wagtdan soň ammonlaryň patyşasy Nahaş ölüp, onuň ýerine ogly Hanun tagta çykdy.

2. Dawut: «Nahaş maňa wepaly boldy, men hem onuň ogly Hanuna wepaly bolaýyn» diýdi. Ony kakasy üçin çekýän hasratyndan köşeşdirmek üçin, Dawut onuň ýanyna birnäçe çaparlar ýollady. Dawudyň çaparlary ammonlaryň ýurduna baranda,

3. ammon begleri öz patyşasyna şeýle diýdiler: «Dawut saňa şu adamlary ataňyň hormaty üçin iberendir öýdýäňmi? Ol öz çaparlaryny galany basyp almak üçin, ony gözden geçirmäge iberendir».

4. Şonda Hanun Dawudyň çaparlaryny tutup, olaryň sakgallarynyň deň ýarysyny syrdyryp, geýimlerini syrtlaryna çenli ortasyndan kesdirip, yzlaryna ugratdy.

5. Bu hakda Dawuda habar berenlerinde, ol: «Sakgalyňyz ösýänçä, Ýerihoda boluberiň, soň gelersiňiz» diýen tabşyryk bilen olaryň öňünden adam iberdi, çünki olar gaty utanýardylar.

6. Dawudy özlerine duşman edendiklerine düşünip, ammonlar Beýtrehop bilen Sobadan aramlylaryň ýigrimi müň esgerini, Topdan on iki müň adamy hem-de Magaka patyşasyny müň adamy bilen bile hakyna tutdular.

7. Dawut muny eşidip, Ýowap bilen batyr esgerli tutuş goşuny olaryň garşysyna sürdi.

8. Ammonlar çykyp, galanyň derwezesiniň agzynda söweşmek üçin nyzama durdular. Emma Soba bilen Rehop galalaryndan gelen aramlylar we Topuň hem Magakanyň adamlary açyk meýdanda aýratyn nyzama durdular.

9. Özüniň hem arkasynda, hem öňünde söweşiň ýaýbaňlanandygyny gören Ýowap Ysraýylyň saýlama esgerlerini alyp, olary aramlylaryň garşysyna nyzama duruzdy.

10. Galan goşuny öz dogany Abyşaýyň eline berdi we olary ammonlaryň garşysyna nyzama duruzdy.

11. Ýowap: «Bardy-geldi aramlylar menden güýçli çykaýsalar, sen maňa kömege ýetişersiň; bardy-geldi ammonlar senden güýçli bolup çykaýsalar, onda men saňa kömege ýetişerin.

12. Mert bol, halkymyz üçin we Hudaýymyzyň galalary üçin dözümli söweşeli. Reb bolsa Öz islänini eder» diýdi.

13. Şeýdip, Ýowap hem onuň goşunlary aramlylara garşy söweşe girişdiler; duşmanlar Ýowapdan gaçdylar.

14. Aramlylaryň gaçanyny gören ammonlar Abyşaýdan gaçyp, gala girdiler. Şondan soň Ýowap ammonlar bilen söweşmesini bes edip, yzyna gaýtdy we Iýerusalime geldi.

15. Özleriniň ysraýyllardan ýeňlendiklerini gören aramlylar bir ýere toplanyşdylar.

16. Hadadgezer Peradyň aňyrsyndaky aramlylara habar ýollap, söweşe çykardy. Olar Hadadgezeriň goşunbaşysy Şobagyň baştutanlygynda Heýlam galasyna geldiler.

17. Dawut muny eşidip, ähli ysraýyllary toplap, Iordan derýasyndan geçdi we Heýlam galasyna geldi. Aramlylar Dawudyň garşysyna nyzama durdular we söweşe girişdiler.

18. Aramlylar ysraýyllaryň goşunyndan gaçdylar. Dawut olaryň ýedi müň söweş arabaly esgerlerini hem-de pyýada goşundan kyrk müň adamy öldürdi. Ol aramlylaryň goşunbaşysy Şobagy ýaralady; Şobap şol ýerde jan berdi.

19. Hadadgezere tabyn bolan hanlaryň ählisi özleriniň ysraýyllardan ýeňlendiklerine göz ýetirdiler; olar bilen ylalaşyk baglaşyp, olara boýun egdiler. Aramlylar hem mundan beýläk ammonlara kömek etmekden gorkdular.

About 2 Şamuwel Chapter 10

Read 2 Şamuwel Chapter 10 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 Şamuwel in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: 2 Şamuwel
Chapter: 10
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading 2 Şamuwel. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading 2 Şamuwel Chapter 10 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is 2 Şamuwel Chapter 10?

2 Şamuwel Chapter 10 is part of the Book of 2 Şamuwel in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete 2 Şamuwel Chapter 10 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from 2-şamuwel

  1. 2 Şamuwel Chapter 4
  2. 2 Şamuwel Chapter 19
  3. 2 Şamuwel Chapter 15
  4. 2 Şamuwel Chapter 16
  5. 2 Şamuwel Chapter 23
  6. 2 Şamuwel Chapter 8
  7. 2 Şamuwel Chapter 13

Explore More from Köne Äht

  1. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 22
  2. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 12
  3. Işaýa Chapter 45
  4. Ezekiýel Chapter 39
  5. Ýeşuwa Chapter 2
  6. Zebur Chapter 149
  7. Ezekiýel Chapter 3

Related Chapters & Readings

  1. 2 patyşalar Chapter 12
  2. Lewiler kitaby Chapter 7
  3. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 19
  4. Ýeşuwa Chapter 16
  5. 1 Şamuwel Chapter 10
  6. 2 patyşalar Chapter 20
  7. Resullaryň Işleri Chapter 23
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *