Ýewreýlere haty Chapter 13

For English

Read Ýewreýlere haty Chapter 13 Online

Read Ýewreýlere haty Chapter 13 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýewreýlere haty in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Ýewreýlere haty and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Ýewreýlere haty 13

Bap 13

1. Dogan söýgüsi yzygiderli bolsun.

2. Myhmansöýerligi unutmaň. Çünki myhmansöýerlik bilen, perişdedigini bilmän, käbir adamlar perişdeleri myhman aldylar.

3. Tussagdakylary, özüňiz hem olar bilen bile tussagda ýaly ýada salyň. Horluk çekýänleri, özüňiz horlanýan ýaly ýada salyň.

4. Hemmeler nika hormat goýsun, düşek günä bilen hapalanmasyn. Çünki Hudaý ahlaksyzlary, zynahorlygy höküm eder.

5. Ýaşaýşyňyz pul söýgüsinden uzak bolsun. Bar zatlaryňyza kanagat ediň. Çünki Hudaý: «Seni hergiz terk etmerin, Seni hergiz taşlamaryn» diýendir.

6. Şoňa görä hem biz batyrlyk bilen şeýle diýýäris: «Reb meniň kömekçimdir, men gorkmaryn. Bendesi maňa näme edip biljek?»

7. Hudaýyň sözüni özüňize aýdan ýolbaşçylaryňyzy ýatlaň. Olaryň ýaşaýşynyň hasylyna seredip, imanlaryndan görelde alyň.

8. Isa Mesih düýn hem, şu gün hem, ebedilik hem üýtgewsizdir.

9. Saýry, özge taglymatlara özüňizi süýretmäň. Çünki ýüregiň naharlar bilen däl-de, Hudaýyň merhemeti bilen berkidilmegi oňatdyr. Nahara daýananlar hiç bir haýyr gören däldir.

10. Biziň bir gurbanlyk edilýän ýerimiz bardyr, ýöne ybadat çadyryna hyzmat edýänleriň ondan iýmäge haky ýokdur.

11. Baş ruhany haýwanlaryň ganyny günä üçin hödürlenen gurban hökmünde Iň Mukaddes Jaýa getirýär, ýöne olaryň maslygy düşelgeden daşarda ýakylýar.

12. Şoňa görä, Isa hem halky Öz gany bilen mukaddes etjek bolup, şäher derwezesinden daşarda öldi.

13. Şonuň üçin biz hem Onuň ugrunda sütemlere döz gelip, düşelgeden daşary Onuň ýanyna gideliň.

14. Çünki biziň bu ýerde baky şäherimiz ýok, biz geljekkini agtarýarys.

15. Şu sebäpli Isa arkaly Hudaýa elmydam öwgi gurbanlaryny, Onuň adyny ykrar edýän dodaklaryň miwesini hödürläliň.

16. Ýagşylyk etmegi, baryňyzy beýlekiler bilen paýlaşmagy unutmaň. Çünki Hudaý şu hili gurbanlary halaýandyr.

17. Ýolbaşçylaryňyzyň sözüne gulak asyň, olara janyňyz hakda hasabat berjekler hökmünde tabyn boluň. Çünki olar gözegçilik edýändir. Olar bu wezipelerini ahy-nala bilen däl-de, ― munuň size haýry bolmaz ― eýsem, şatlyk bilen ýerine ýetirer ýaly, olara tabyn boluň.

18. Biziň üçin doga ediň. Biz özümiziň sap ynsaply, her babatda oňat gezmegi isleýändigimizi bilýäris.

19. Meniň siziň ýanyňyza tiz öwrülmegim üçin doga etmegiňizi aýratyn haýyş edýärin.

20. Goýunlaryň uly Çopany bolan Rebbimiz Isany ebedi ähtiň gany bilen ölümden direlden parahatlyk Hudaýy,

21. Öz halanyny Isa Mesih arkaly sizde amala aşyryp, Öz islegini ýerine ýetirmegiňiz üçin, sizi ähli oňat işde kämilleşdirsin. Mesihe ebedilik şöhrat bolsun!

22. Doganlar, sizden haýyş edýärin, meniň bu öwüdimi kyn görmäň, çünki size diňe bir gysga hat ýazdym.

23. Doganymyz Timoteosyň boşadylanyndan habaryňyz bolsun. Gelen badyna, men onuň bilen bile sizi görmäge bararyn.

24. Ýolbaşçylaryňyzyň hemmesine, bütin mukaddeslere salam aýdyň. Italiýalylar size salam aýdýar.

25. Hudaýyň merhemeti siziň baryňyz bilen bolsun! Omyn.

About Ýewreýlere haty Chapter 13

Read Ýewreýlere haty Chapter 13 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýewreýlere haty in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Ýewreýlere haty
Chapter: 13
Testament: New Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Ýewreýlere haty. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Ýewreýlere haty Chapter 13 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Ýewreýlere haty Chapter 13?

Ýewreýlere haty Chapter 13 is part of the Book of Ýewreýlere haty in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Ýewreýlere haty Chapter 13 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Täze Äht

  1. 2 Korintoslylara haty Chapter 2
  2. 2 Korintoslylara haty Chapter 5
  3. 2 Korintoslylara haty Chapter 6
  4. 2 Korintoslylara haty Chapter 4
  5. 2 Korintoslylara haty Chapter 3
  6. 2 Korintoslylara haty Chapter 8
  7. 2 Korintoslylara haty Chapter 1

Explore More from ýewreýlere-haty

  1. Ýewreýlere haty Chapter 8
  2. Ýewreýlere haty Chapter 1
  3. Ýewreýlere haty Chapter 12
  4. Ýewreýlere haty Chapter 2
  5. Ýewreýlere haty Chapter 5
  6. Ýewreýlere haty Chapter 9
  7. Ýewreýlere haty Chapter 10

Related Chapters & Readings

  1. Işaýa Chapter 53
  2. Işaýa Chapter 30
  3. Resullaryň Işleri Chapter 15
  4. 2 Korintoslylara haty Chapter 5
  5. Markusyň Hoş Habary Chapter 2
  6. Gelip çykyş Chapter 20
  7. Zebur Chapter 118
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *