Read Ýermeýa Chapter 13 Online
Read Ýermeýa Chapter 13 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýermeýa in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Ýermeýa and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Ýermeýa 13
Bap 13
1. Reb maňa: «Git-de, özüňe zygyr matadan tikilen guşak satyn alyp, ony biliňe guşa, ýöne ony suwa batyrma» diýdi.
2. Şeýlelikde, men Rebbiň sözi boýunça bir guşak satyn alyp, ony bilime guşadym.
3. Maňa ýene Rebbiň sözi geldi:
4. «Biliňdäki satyn alan guşagyňy al-da, Parat obasyna git. Ony ol ýerde bir gaýanyň jaýrygynda gizle».
5. Rebbiň buýrugy boýunça men gidip, guşagy Parat obasynda gizledim.
6. Köp gün geçenden soň, Reb maňa: «Tur, Parat obasyna git-de, gizlemegi buýran guşagymy al» diýdi.
7. Onsoň men Parat obasyna gitdim, gizlän ýerimden gazyp, guşagy aldym. Emma guşak çüýräp zaýalanan eken. Ol hiç zada ýarajak däldi.
8. Maňa Rebbiň sözi geldi:
9. «Reb şeýle diýýär: „Men Ýahudanyň tekepbirligini we Iýerusalimiň aşa gedemligini hut şonuň ýaly edip çüýrederin.
10. Bu pis halk kesirlik bilen öz isleglerine kowalaşyp, sözüme gulak asmak islemeýär. Olar başga hudaýlaryň yzyna düşüp, olara gulluk we sežde edýärler. Şonuň üçin olar hem hiç derde ýaramaýan şu guşak ýaly bolarlar.
11. Guşak ynsanyň biline nähili ýapyşýan bolsa, Men hem tutuş ysraýyl we ýahuda halklaryny Özüme şeýle ýapyşdyraryn. Olaryň Maňa at-abraý, öwgi we şöhrat getirjek Öz halkym bolmagyny isledim, emma olar gulak asmadylar. Muny Reb aýdýandyr“.
12. Olara şu sözi ýetir, Ysraýyl Hudaýy Reb: „Ähli küýzeler şerapdan dolar“ diýýär diý. Olar saňa: „Ähli küýzäniň şerapdan doljagyny biz näme bilýän däldiris öýdýäňmi?“ diýerler.
13. Şonda olara Reb şeýle diýýär diý: „Bu ýurtda ýaşaýanlaryň ählisini – Dawudyň tagtynda oturan patyşalary, ruhanylary, pygamberleri, Iýerusalimiň tutuş ilatyny serhoş bolýançalar şerapdan doýraryn.
14. Men olary ata-eneleri we çagalary bilen birlikde biri-birini gyrlyşdyraryn. Olary ýok edenimde, gözüm gaýgyrmaz, haýpym gelmez, ýüregim awamaz. Muny Reb aýdýandyr“.
15. Eşidiň, gulak goýuň, tekepbirlik etmäň, çünki Reb gepleýär.
16. Garaňkylyk düşürmezden öň, zulmat daglarynda aýaklaryňyzy büdretmezden öň, Hudaýyňyz Rebbi şöhratlandyryň. Siz yşyga garaşýarsyňyz, emma Reb ony ölüm kölegesine öwrüp, tüm garaňkylyga gaplar.
17. Emma siz muňa gulak asmasaňyz, tekepbirligiňiz üçin gizlinlikde aglaryn; Rebbiň sürüsiniň ýesir edilendigi üçin, gözlerimiň ýaşy dökülip, sil bolup akar.
18. Patyşa bilen onuň ejesine aýt: „Tagtyňyzdan düşüp, aşakda oturyň, çünki şöhrat täjiňiz başyňyzdan aýryldy“.
19. Negebiň şäherleri ýapyldy, olary açjak ýokdur. Bütin Ýahuda sürgün edildi, tutuşlygyna sürgün edildi.
20. Başyňyzy galdyryp, demirgazykdan gelýänleri görüň. Saňa berlen süri, ajaýyp süriň nirede?
21. Ýolbaşçy edip ýetişdiren adamlaryňy Reb özüňe hojaýyn etse, näme diýersiň? Dogurýan aýalyň burgusy ýaly seni-de sanjy tutmazmy?
22. Eger içiňden: „Näme üçin bu zatlar meniň başyma düşdükä?“ diýýän bolsaň, bu etmişleriňiň köplügi sebäpli etegiň açyldy we namysyňa degildi.
23. Efiopiýaly öz teniniň reňkini, gaplaň meneklerini üýtgedip bilermi? Onda şer iş etmäge uýgunlaşan siz hem ýagşylyk edip bilermikäňiz?
24. Men olary çöl ýeli bilen sowrulýan saman külkesi kimin dargadaryn.
25. Seniň nesibäň, saňa ölçäp beren paýym budur. Muny Reb aýdýandyr, çünki sen Meni unutdyň, ýalana bil bagladyň.
26. Men-de uýat ýeriň açylsyn diýip, etegiňi ýüzüňe çenli galdyraryn.
27. Meýdanda we depeleriň üstünde seniň eden nejis işleriňi – zynahorlugyňy, esräp kişňeýşiňi, haýasyz lolulygyňy gördüm. Dat günüňe, eý, Iýerusalim! Tämizlenmegiň üçin, ýene näçe wagt gerek saňa?!»
About Ýermeýa Chapter 13
Read Ýermeýa Chapter 13 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýermeýa in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Ýermeýa
Chapter: 13
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Ýermeýa. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Ýermeýa Chapter 13 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Ýermeýa Chapter 13?
Ýermeýa Chapter 13 is part of the Book of Ýermeýa in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Ýermeýa Chapter 13 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Köne Äht
- Zebur Chapter 130
- Hoşeýa Chapter 1
- Zebur Chapter 51
- Zebur Chapter 74
- Zebur Chapter 49
- Eýýup Chapter 5
- Zebur Chapter 9
Explore More from ýermeýa
- Ýermeýa Chapter 50
- Ýermeýa Chapter 44
- Ýermeýa Chapter 20
- Ýermeýa Chapter 42
- Ýermeýa Chapter 1
- Ýermeýa Chapter 9
- Ýermeýa Chapter 40