Ýermeýa Chapter 37

For English

Read Ýermeýa Chapter 37 Online

Read Ýermeýa Chapter 37 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýermeýa in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Ýermeýa and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

A+ A A-

Ýermeýa 37

Bap 37

1. Babyl patyşasy Nebukadnesar Ýoşyýanyň ogly Sidkiýany Ýehoýakymyň ogly Ýehoýakynyň ornuna Ýahuda ýurduna patyşa edip belledi.

2. Emma ne onuň özi, ne hyzmatkärleri, ne-de ýurduň halky Rebbiň Ýermeýa pygamberiň üsti bilen aýdan sözlerine gulak asdylar.

3. Sidkiýa patyşa Şelemýanyň ogly Ýehukalyny we Magaseýanyň ogly Sepanýa ruhanyny şeýle habar bilen Ýermeýa pygamberiň ýanyna iberdi: «Biziň üçin Hudaýymyz Rebbe ýalbarsana!».

4. Ýermeýa heniz tussag edilmändi, ol halkyň arasyna arkaýyn çykýardy.

5. Şol arada fyrownyň goşuny Müsürden çykypdy. Iýerusalimiň daşyny gaban babyllylar olar hakdaky habary eşidip, Iýerusalimden çekilipdiler.

6. Şonda Ýermeýa pygambere Rebbiň sözi geldi:

7. «Menden medet soramak üçin sizi Meniň ýanyma iberen Ýahuda patyşasyna Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär diýiň: „Ine, size ýardam bermek üçin, Müsürden çykan fyrownyň goşuny öz ýurduna Müsüre dolanar.

8. Babyllylar bolsa ýene gelip, bu şähere çozarlar we ony eýeläp ýakarlar“.

9. Reb şeýle diýýär: „‘Babyllylar hökman üstümizden aýrylyp gider’ diýip, özüňizi aldamaň; olar gitmezler!

10. Özüňize garşy söweşýän babyllylaryň tutuş goşunyny derbi-dagyn etseňiz-de, aralarynda diňe ýaraly adamlar galsa-da, olar ýene öz çadyrlarynda aýaga galyp, bu şäheri ýakarlar“».

11. Fyrownyň goşuny zerarly babyllylaryň goşuny Iýerusalimden yza çekilende,

12. Ýermeýa benýamin topragyna baryp, halkyň arasynda öz paýyna düşen mülküni almak üçin Iýerusalimden gitmek isledi.

13. Ol Benýamin derwezesine ýetende, Hananýanyň agtygy, Şelemýanyň ogly Ýiriýaý atly baş gözegçi Ýermeýa pygambere: «Sen babyllylaryň tarapyna geçjek bolýarsyň» diýip, ony tussag etdi.

14. Ýermeýa bolsa: «Ýalan! Men babyllylaryň tarapyna geçjek bolamok» diýdi. Ýöne Ýiriýaý oňa gulak asmady we Ýermeýany tussag edip, ýolbaşçylaryň ýanyna getirdi.

15. Ýermeýa gaharlary gelen ýolbaşçylar, ony ýenjip, zyndana taşladylar. Bu zyndan öň Ýonatan kätibiň öýüdi.

16. Ýermeýany zyndandaky çukura gabadylar, ol ençeme günläp, ol ýerde galdy.

17. Onsoň Sidkiýa patyşa adam ýollap, Ýermeýany öz köşgüne getirtdi. Patyşa gizlinlikde ondan: «Rebden, heý, söz barmy?» diýip sorady. Ýermeýa-da: «Hawa, bar. Sen Babyl patyşasynyň eline tabşyrylarsyň» diýdi.

18. Ýermeýa ýene-de Sidkiýa patyşa şeýle diýdi: «Meni zyndana salar ýaly, men saňa, hyzmatkärleriňdir bu halka garşy näme günä etdim?

19. „Babyl patyşasy siziň üstüňize, bu ýurduň üstüne çozmaz“ diýip, size welilik eden pygamberleriňiz hany nirede?

20. Indi maňa gulak goý, eý, jenabym patyşa! Bu haýyşymy berjaý etmegiňi towakga edýärin: Meni gaýdyp Ýonatan kätibiň öýüne iberme, ol ýerde ölmäýin».

21. Onsoň Sidkiýa patyşa Ýermeýany garawulhanada gabap saklamaklaryny buýurdy. Şäherde çörek bütinleý gutarýança, her gün oňa çörekçileriň köçesinden bir çörek getirip bermeklerini buýurdy. Şeýdip, Ýermeýa garawulhanada galdy.

About Ýermeýa Chapter 37

Read Ýermeýa Chapter 37 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýermeýa in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Ýermeýa
Chapter: 37
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Ýermeýa. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Ýermeýa Chapter 37 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Ýermeýa Chapter 37?

Ýermeýa Chapter 37 is part of the Book of Ýermeýa in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Ýermeýa Chapter 37 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 130
  2. Hoşeýa Chapter 1
  3. Zebur Chapter 51
  4. Zebur Chapter 49
  5. Zebur Chapter 9
  6. Eýýup Chapter 5
  7. Zebur Chapter 54

Explore More from ýermeýa

  1. Ýermeýa Chapter 21
  2. Ýermeýa Chapter 5
  3. Ýermeýa Chapter 48
  4. Ýermeýa Chapter 39
  5. Ýermeýa Chapter 11
  6. Ýermeýa Chapter 36
  7. Ýermeýa Chapter 26

Related Chapters & Readings

  1. Ezekiýel Chapter 8
  2. Sepanýa Chapter 1
  3. 2 Timoteosa haty Chapter 2
  4. 2 patyşalar Chapter 17
  5. Işaýa Chapter 3
  6. 2 Şamuwel Chapter 20
  7. Hoşeýa Chapter 11
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *