Habakuk Chapter 3

For English

Read Habakuk Chapter 3 Online

Read Habakuk Chapter 3 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Habakuk in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Habakuk and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Habakuk 3

Bap 3

1. Pygamber Habakugyň Şigýonota boýunça dilegi.

2. Şan-şöhratyň barada eşitdim, ýa Reb! Ýa Reb, işleriňe haýranlar galýan! Biziň döwrümizde işleriňi janlandyr, Biziň günlerimizde olary aýan et, Gazap içindekäň rehim etmegi unutma.

3. Hudaý Temandan, Mukaddes Bolan Paran dagyndan geldi. Sela Onuň şöhraty gökleri gaplady, Ýer ýüzi Oňa bolan öwgülerden doldy.

4. Onuň ýagtysy Gün kimindir, Elleri nur saçýandyr, Gudratynyň syry elindedir.

5. Onuň öňünden gyrgyn keseli, Yzyndan ölüm gitdi.

6. Ol saklananda, ýer sarsdy, Ol bakanda, milletleri titretdi, Gojaman daglar kül boldy, Gadymy baýyrlar baş egdi. Onuň ýollary ebedidir.

7. Kuşan çadyrlaryny muşakgat astynda gördüm, Midýan ýurdunyň çadyrlary gorkudan titredi.

8. Ýa Reb, gazabyň derýalara garşymydy? Gaharyň çeşmelere garşymydy? Atlaryňa, ýeňilmez söweş arabalaryňa müner ýaly, Gazabyň deňizlere garşymydy?

9. Ýalaňaç ýaýyňy galgatdyň, Sagdagyňy okdan doldurdyň. Sela Ýer ýüzüni akar suwlar bilen ýardyň.

10. Seni görüp, daglar titreşdi, Siller joşdy, Çuňluklar seslenip, Tolkunlar möwç urdy.

11. Uçuşýan oklaryň ýagtysyndan, Parlaýan naýzalaryň ýalpyldysyndan, Gün bilen Aý ýerlerinde durdy.

12. Ýer ýüzüne gazap bilen gadam basdyň, Milletleri gahar bilen depelediň.

13. Sen Öz halkyňyň gutulyşy üçin, Seçip saýlanany halas etmek üçin geldiň, Pis nesilbaşyny ezdiň, Ony depesinden dabanyna çenli soýduň. Sela

14. Esgerleri tüweleý dek bizi dargatmaga gelende, Olaryň başyny baştutanyň naýzalary bilen deşdiň. Gizlenen pukaralary ýuwutmak olara hoş ýakýar.

15. Atlaryň bilen deňizden geçip, Joşgunly suwlary köpükletdiň.

16. Eşidip, tutuş bedenim lerzana geldi, Sesinden dodaklarym tibirdedi, Süňňüm eräp, Dyzlarym saňňyldady. Emma bize hüjüm edýän halkyň başyndan Injek betbagtlyk gününe Sabyrsyzlyk bilen garaşaryn.

17. Injir agajy güllemese-de, Üzüm agaçlary miwe getirmese-de, Zeýtun agaçlary hasyl bermese-de, Ekin meýdanlary hasyl öndürmese-de, Dowar agyllary boş galyp, Ýataklar mal-garasyz bolsa-da,

18. Men Rebde şatlanaryn, Halasgärimde ýüregim joşar.

19. Beýik Hudaý güýjüm-kuwwatymdyr, Aýaklarymy keýigiň aýaklary dek edip, Meni belentliklerde gezdirýär. Horuň baştutanyna: kirişli saz gurallary bilen.

About Habakuk Chapter 3

Read Habakuk Chapter 3 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Habakuk in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Habakuk
Chapter: 3
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Habakuk. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Habakuk Chapter 3 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Habakuk Chapter 3?

Habakuk Chapter 3 is part of the Book of Habakuk in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Habakuk Chapter 3 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Habakuk

  1. Habakuk Chapter 1
  2. Habakuk Chapter 3
  3. Habakuk Chapter 2
  4. Habakuk Chapter 1
  5. Habakuk Chapter 1
  6. Habakuk Chapter 3
  7. Habakuk Chapter 3

Explore More from Köne Äht

  1. Ezekiýel Chapter 4
  2. Gelip çykyş Chapter 18
  3. Zebur Chapter 11
  4. Işaýa Chapter 51
  5. 1 patyşalar Chapter 17
  6. 2 patyşalar Chapter 8
  7. Zebur Chapter 42

Related Chapters & Readings

  1. 1 Şamuwel Chapter 3
  2. Ýermeýa Chapter 33
  3. Müsürden çykyş Chapter 29
  4. Eýýup Chapter 29
  5. Kanun taglymaty Chapter 30
  6. Malaky Chapter 3
  7. Çölde Chapter 2
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *