Read Ýahýanyň birinji haty Chapter 5 Online
Read Ýahýanyň birinji haty Chapter 5 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýahýanyň birinji haty in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Ýahýanyň birinji haty and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Ýahýanyň birinji haty 5
Bap 5
1. Isanyň Mesihdigine iman edýän kişi Hudaýdan doglandyr. Atany söýýän kişi Ondan dogany-da söýýändir.
2. Hudaýyň balalaryny söýýändigimizi Hudaýy söýüp, Onuň buýruklaryny berjaý edişimizden bilýäris.
3. Çünki Hudaýyň söýgüsi Onuň buýruklaryny berjaý etmekdir, Onuň buýruklary bolsa agyr däldir.
4. Çünki Hudaýdan dogan kişi dünýäni ýeňýändir, dünýäden üstün çykan ýeňiş biziň imanymyzdyr.
5. Isanyň Hudaýyň Ogludygyna ynanýan, dünýäni ýeňýän dälmi näme?!
6. Suw, gan arkaly gelen Isa Mesihdir. Ol diňe bir suw arkaly däl-de, suw hem gan arkaly gelendir. Şeýle, Gökde güwälik berýän üçdür: Ata, Söz we Mukaddes Ruh. Bularyň üçüsi hem birdir.
7. Güwälik berýän-de Ruhdur, çünki Ruh hakykatdyr.
8. Şeýle güwälik berýän üçdür: Ruh, suw we gan. Bularyň üçüsiniň hem güwäligi bir çykýar.
9. Biz adamlaryň güwäligini kabul edýän bolsak, Hudaýyň güwäligi ondan uludyr, çünki bu Hudaýyň Öz Ogly hakynda beren güwäligidir.
10. Hudaýyň Ogluna iman edýände Hudaýyň güwäligi bardyr. Hudaýa iman etmeýän bolsa, Ony ýalançy edendir, çünki Hudaýyň Öz Ogly hakda beren güwäligine iman eden däldir.
11. Bu güwälik bolsa şudur: Hudaý bize ebedi ýaşaýyş berdi, bu ýaşaýyş Onuň Oglundadyr.
12. Kimde Ogul bar bolsa, onda ýaşaýyş hem bardyr, kimde Hudaýyň Ogly ýok bolsa, onda ýaşaýyş hem ýokdur.
13. Men muny size ― Hudaýyň Oglunyň adyna iman edenlere ýazdym. Şeýle, siz Hudaýyň oglunyň adyna iman edenler ebedi ýaşaýşyňyzyň barlygyny biliň.
14. Biziň Onuň huzuryndaky gaýratymyz bolsa şudur: Onuň islegine görä bir zat dilesek, Ol dilegimizi eşider.
15. Onuň her dilegimizi eşidýändigini bilýän bolsak, onda Özünden dilän dilegimizi aljakdygymyzy-da bilýändiris.
16. Biri doganynyň ölüme eltmeýän günä edýänini görse, doga etmelidir, Hudaý oňa ýaşaýyş berer. Muny ölüme eltmeýän günä edýänler hakda aýdýaryn. Ölüme eltýän bir günä bardyr; men munuň üçin doga etsin diýmeýärin.
17. Her bir ýamanlyk günädir, ýöne ölüme eltmeýän günä-de bardyr.
18. Biz Hudaýdan dogan her bir kişiniň günä etmeýänini bilýäris. Hudaýdan dogan özüni saklaýandyr, iblis oňa el gatmaz.
19. Biz özümiziň Hudaýdandygymyzy, bütin dünýäniň bolsa iblisiň goly astyndadygyny bilýäris.
20. Biz hak Hudaýy tanar ýaly, Hudaýyň Oglunyň gelip, bize pähim berenini bilýäris. Biz hak Bolanda, ýagny Onuň Ogly Isa Mesihdediris. Ol hak Hudaýdyr, ebedi ýaşaýyşdyr.
21. Eý balalar, özüňizi butlardan goraň! Omyn.
About Ýahýanyň birinji haty Chapter 5
Read Ýahýanyň birinji haty Chapter 5 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýahýanyň birinji haty in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Ýahýanyň birinji haty
Chapter: 5
Testament: New Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Ýahýanyň birinji haty. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Ýahýanyň birinji haty Chapter 5 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Ýahýanyň birinji haty Chapter 5?
Ýahýanyň birinji haty Chapter 5 is part of the Book of Ýahýanyň birinji haty in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Ýahýanyň birinji haty Chapter 5 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from 1-yahyanin-birinji-haty
- Ýahýanyň birinji haty Chapter 1
- Ýahýanyň birinji haty Chapter 2
- Ýahýanyň birinji haty Chapter 3
- Ýahýanyň birinji haty Chapter 4
Explore More from Täze Äht
- Ýahudanyň haty Chapter 1
- Markusyň Hoş Habary Chapter 14
- 1 Korintoslylara haty Chapter 14
- 1 Selaniklilere haty Chapter 3
- Markusyň Hoş Habary Chapter 9
- Resullaryň Işleri Chapter 18
- 1 Korintoslylara haty Chapter 12