Read Lewiler kitaby Chapter 10 Online
Read Lewiler kitaby Chapter 10 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Lewiler kitaby in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Lewiler kitaby and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Lewiler kitaby 10
Bap 10
1. Bir gün Harunyň ogullary Nadap bilen Abyhu kül atarlaryny alyp, oňa köz saldylar we onuň üstüne ýakymly ysly tütetgini goýup, ony Rebbiň huzuryna eltdiler. Emma bu ot mukaddes däldi, çünki Reb ony olara hödürläň diýip tabşyryk bermändi.
2. Rebbiň huzuryndan duýdansyz ot gelip, Harunyň ogullaryny ýakyp kül etdi we olar Rebbiň huzurynda şol bada jan berdiler.
3. Onsoň Musa Haruna: «Ine, bu Rebbiň: „Hyzmatymy edýän ruhanylar, Meniň mukaddesligime hormat goýmalydyrlar. Bütin halk Meni şöhratlamalydyr“ diýeni şudur» diýdi. Harun sesini çykarmady.
4. Musa Harunyň daýysy Uzygeliň ogullary Mişagel bilen Elsapany çagyryp olara: «Öňe çykyň-da, garyndaşlaryňyzy mukaddes otagyň öňünden aýryp, düşelgäniň daşyna çykaryň» diýdi.
5. Olar öňe çykyp, Musanyň aýdyşy ýaly, olary köýneklerinden tutup, düşelgäniň daşyna çykardylar.
6. Soňra Musa Haruna we onuň ogullary Elgazar bilen Ytamara şeýle diýdi: «Saçlaryňyz daralmadyk bolmasyn, ýas baglap, ýakaňyzy ýyrtmaň. Eger siz şularyň birini etseňiz ölersiňiz we Rebbiň gazaby bütin halkyň başyndan iner. Emma siziň garyndaşlaryňyz we bütin ysraýyl halky Rebbiň ot üsti bilen ýok edenleri üçin ýas tutup bilerler.
7. Siz welin Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndan aýrylyp, daşary çykmaň, ýogsam ölersiňiz, çünki depäňize Rebbiň mesh ýagy sürtülendir». Olar Musanyň buýruşy ýaly etdiler.
8. Reb Haruna şeýle diýdi:
9. «Özüňem, ogullaryňam Rebbe ýüz tutulýan çadyra çakyr ýa-da şerap içip girmäň, ýogsam ölersiňiz. Bu siziň nesilleriňiz üçin hem ebedilik parzdyr.
10. Siz mukaddes zat bilen ýönekeý zady, halal bilen haramy biri-birinden tapawutlandyrmalysyňyz.
11. Meniň Musanyň üsti bilen size beren parzlarymy, siz ysraýyl halkyna öwretmelisiňiz».
12. Musa Haruna we onuň galan ogullary Elgazar bilen Ytamara şeýle diýdi: «Rebbe ot üsti bilen berlen sadakalardan artan galla sadakasyny alyň. Ondan petiri bişirip, ony gurbanlyk sypasynyň ýanynda iýiň, çünki ol örän mukaddes sadakadyr.
13. Siz ony mukaddes ýerde iýmelisiňiz. Bu Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyklar seniň we ogullaryňyň paýydyr. Çünki Reb maňa şeýle buýurdy.
14. Emma Rebbe göterme sadaka hökmünde berlen döş bilen üwreme sadaka hökmünde budy sen öz ogullaryň we gyzlaryň bilen bile islendik halal ýerde iýip bilersiň. Çünki bular ysraýyl halkynyň salamatlyk gurbanlyklaryndan saňa we seniň çagalaryňa berlen paýdyr.
15. Üwreme sadakasy hökmünde budy we Rebbe ýokary galdyrylan göterme sadakasy hökmünde döşi olar Rebbe ot üsti bilen berilýän ýag gurbanlygy bilen birlikde getirsinler. Bular Rebbiň tabşyryşy ýaly, saňa we seniň ogullaryňa ebedilik berlen paý bolsun».
16. Onsoň Musa günä gurbanlygy erkejini sorady, görse, ol eýýäm ýakylan eken. Muňa Musanyň gaty gahary gelip, ol Harunyň aman galan ogullary Elgazar bilen Ytamara şeýle diýdi:
17. «Näme üçin siz günä gurbanlygyny mukaddes öýüň ýanynda iýmediňiz? Ol örän mukaddes gurbanlykdyr, ony size Reb Öz huzurynda halky günälerinden saplamagyňyz üçin berdi ahyryn.
18. Gurbanlyk malynyň gany mukaddes otaga getirilmändir. Meniň tabşyrygyma görä, siz bu gurbanlygy hökman mukaddes öýüň ýanynda iýmelidiňiz».
19. Harun Musa ýüzlenip şeýle diýdi: «Ine, meniň ogullarym bu gün Rebbiň huzurynda günä hem-de ýakma gurbanlyklaryny berdi. Meniň başymdan bolsa, betbagtçylyk indi, muňa garamazdan, bu gün men günä gurbanlygyndan iýen bolsam, bu Rebbe ýararmydy?»
20. Muny eşiden Musa onuň bilen razylaşdy.
About Lewiler kitaby Chapter 10
Read Lewiler kitaby Chapter 10 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Lewiler kitaby in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Lewiler kitaby
Chapter: 10
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Lewiler kitaby. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Lewiler kitaby Chapter 10 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Lewiler kitaby Chapter 10?
Lewiler kitaby Chapter 10 is part of the Book of Lewiler kitaby in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Lewiler kitaby Chapter 10 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Köne Äht
- Zebur Chapter 130
- Hoşeýa Chapter 1
- Zebur Chapter 51
- Zebur Chapter 49
- Eýýup Chapter 5
- Zebur Chapter 9
- Gelip çykyş Chapter 18
Explore More from lewiler-kitaby
- Lewiler kitaby Chapter 21
- Lewiler kitaby Chapter 18
- Lewiler kitaby Chapter 12
- Lewiler kitaby Chapter 24
- Lewiler kitaby Chapter 17
- Lewiler kitaby Chapter 9
- Lewiler kitaby Chapter 16