Işaýa Chapter 7

For English

Read Işaýa Chapter 7 Online

Read Işaýa Chapter 7 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Işaýa in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Işaýa and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Işaýa 7

Bap 7

1. Resin Aramyň patyşasydy; Remalýanyň ogly Peka Ysraýylyň patyşasydy. Olar Iýerusalime garşy uruş etmäge çykdylar, ýöne oňa garşy söweş edip bilmediler. Şol döwürde Uzyýanyň agtygy, Ýotamyň ogly Ahaz Ýahudanyň patyşasydy.

2. Dawudyň nesli Aramyň Efraýym bilen birleşenini eşidende, Ahazyň ýüregi ýele titreýän jeňňel agaçlary ýaly titredi.

3. Onsoň Reb Işaýa ogluň Şeýarýaşup bilen ýokarky howza akýan ýabyň aýagyndaky kir ýuwulýan meýdanyň ýolunda Ahazy garşylamaga gidip, oňa:

4. «Gulak goý, rahatlan, gorkma. Bu tüsseläp duran iki otly kesindiden, Aram şasy Resiniň we Remalýanyň oglunyň lowlaýan gazabyndan heder etme.

5. Aramlylar we efraýymlylar öz patyşasy Remalýanyň ogly bilen saňa garşy dildüwşük gurady.

6. Ol: „Geliň, Ýahudanyň üstüne çozalyň, ony gorkuzyp, basyp alalyň we Tabeýeliň ogluny patyşa edeliň" diýersiň» diýdi.

7. Emma Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Bu amala aşmaz, berjaý bolmaz ol.

8. Aram Damaskyň paýtagtydyr, Resin Damaskyň baştutanydyr. Halk bolmakdan galar Efraýym, altmyş bäş ýylyň içinde synyp.

9. Samarýa Efraýymyň paýtagty, Remalýanyň ogly Samarýanyň başy, ynamda berk durmasaňyz, berk durmarsyňyz asla».

10. Reb ýene-de Ahaza:

11. «Hudaýyň Rebden alamat sora; goý, ol ölüler dünýäsinden çuň, gök kimin beýik bolsun» diýdi.

12. Emma Ahaz: «Sorajak däl, Rebbi synajak däl» diýdi.

13. Onsoň Işaýa şeýle diýdi: «Gulak goýuň, eý, Dawudyň nesilleri! Ynsanlary irizeniňiz size azlyk edip, indi Hudaýymy hem irizjekmisiňiz?

14. Munuň üçin Rebbiň Özi size bir alamat berer. Ine, bir gyz göwreli bolup, ogul dograr. Onuň adyna Imanuwel dakar.

15. Ol ýagşyny ýamandan saýgaryp bilýänçä, diňe gaýmak bilen bal iýer.

16. Ýöne oglanyň ýagşyny ýamandan saýgarmagy öwrenmezinden öň, seni gorka salan iki patyşanyň ýurdy terk ediler.

17. Reb seniň, halkyňyň we ata-babalaryň nesilleriniň başlaryna Efraýymyň Ýahudadan bölünip aýrylan gününden bäri görülmedik günleri getirer; Aşur patyşasyny getirer».

18. Şol gün Reb Müsür derýalarynyň aýakuçlaryndaky siňeklere, Aşur ýurdundaky arylara sygyrar.

19. Olar hem gelip, ýapaşak derelerde, gaýalaryň jaýryklarynda, ähli tikenekli gyrymsy agaçlarda we örülerde ornaşarlar.

20. Şol gün Reb Perat derýasynyň aňyrsyndan kireýine alnan päki bilen, ýagny Aşur patyşasy bilen saçyňyzy, aýaklaryňyzyň tüýlerini we sakgalyňyzy syrar.

21. Şol gün bir adam bir gulajyn bilen iki goýun saklar.

22. Ol sagyp alan bol süýdünden gaýmak iýer; ýurtda galan her kes gaýmak hem bal iýer.

23. Şol gün bahasy müň kümüş teňňä barabar bolan müň düýp üzümli tutuş ýer çalylyk we tikenlik ýerlere öwrüler.

24. Tutuş ýurt çalylyga we tikenlige öwrüler; adamlar ol ýere okdur ýaýlary bilen gider.

25. Çalylardan we tikenlerden gorkyňyza öňki kätmenlenen depelere gidip bilmersiňiz; ol ýerler mal goýberilýän, goýunlaryň basgylaýan ýeri bolar.

About Işaýa Chapter 7

Read Işaýa Chapter 7 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Işaýa in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Işaýa
Chapter: 7
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Işaýa. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Işaýa Chapter 7 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Işaýa Chapter 7?

Işaýa Chapter 7 is part of the Book of Işaýa in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Işaýa Chapter 7 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Isaya

  1. Isaya Chapter 27
  2. Isaya Chapter 13
  3. Isaya Chapter 14
  4. Isaya Chapter 34
  5. Isaya Chapter 28
  6. Isaya Chapter 26
  7. Isaya Chapter 16

Explore More from Köne Äht

  1. Wagyz kitaby Chapter 3
  2. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 22
  3. Gelip çykyş Chapter 41
  4. Zebur Chapter 97
  5. Kanun taglymaty Chapter 20
  6. Ezekiýel Chapter 15
  7. Işaýa Chapter 62

Related Chapters & Readings

  1. Lukanyň Hoş Habary Chapter 19
  2. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 23
  3. Müsürden çykyş Chapter 11
  4. Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 3
  5. Çölde Chapter 25
  6. Ezekiýel Chapter 32
  7. Ýermeýa Chapter 18
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *