Amos Chapter 6

For English

Read Amos Chapter 6 Online

Read Amos Chapter 6 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Amos in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Amos and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Amos 6

Bap 6

1. Dat günüňize, eý, Siýonda asuda ýaşaýanlar, Samarýa dagynda howpsuz oturanlar, ysraýyl halkynyň ýüz tutmaga barýan iň beýik milletiň meşhur adamlary!

2. Kalne şäherine geçip görüň, ol ýerden beýik Hamada gidiň. Onsoň piliştleriň Gat şäherine baryň, olar iki patyşalygyňyzdan gowumyka? Tutýan meýdanlary siziňkiden giňmikä?

3. Eý, siz bela gününi uzak saýyp, zorluk tagtyny ýakynlaşdyranlar!

4. Eý, pil süňkünden haşamlanan çarpaýada ýatanlar, düşekleriniň üstünde meýmiränler, sürüden saýlama guzulary, baga bakylan göleleri iýýänler!

5. Özlerini Dawut ýaly saýyp, saz gurallaryny oýlap tapýanlar, barbatyň owazyna aýdym aýdýanlar,

6. şakäseden şerap içýänler, üstlerine iň oňat atyr sepýänler, Ýusubyň weýrançylygyna ýas tutmaýanlar!

7. Munuň üçin olar ilkinji bolup ýesir edip äkidiler, kürsüde gaýşarýanlaryň meýlisi tamamlanar.

8. Hökmürowan Reb Özünden ant içdi. Hökmürowan Beýik Hudaý şeýle diýýär: «Ýakubyň gedemligini nejis saýýaryn, onuň galalaryny ýigrenýärin, içindäki ähli zady bilen bile şäheri duşman eline bererin».

9. Bir öýde on adam galan bolsa, olar-da öler.

10. Olaryň biriniň garyndaşy öz kömekçisi bilen hossarynyň jesedini öýden daşary çykaryp ýakmak üçin geler. Ol kömekçisinden: «Başga-da jeset barmy?» diýip soranda, «Ýok» diýip jogap berer. Onsoň garyndaşy: «Sem bol! Rebbiň ady agzalmasyn» diýer.

11. Ine, Reb şeýle buýurýar: «Uly jaýlar toza, kiçi jaýlar küle dönsün.

12. Atlar gaýanyň üstünde çaparmy? Öküzler bilen ol ýerde ýer sürlermi? Emma siz adalaty zähere, dogrulyk miwesini ajylyga öwürdiňiz.

13. Siz Lodebarda puç zada şatlanyp: „Karnaýymy öz güýjümiz bilen basyp almadykmy näme?“ diýýärsiňiz.

14. Şonuň üçin, eý, ysraýyl halky, saňa garşy bir milleti aýaga galdyrjak. Olar Lebohamatdan Araba jülgesine çenli seni ezerler». Muny Reb, Hökmürowan Hudaý aýdýandyr.

About Amos Chapter 6

Read Amos Chapter 6 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Amos in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Amos
Chapter: 6
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Amos. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Amos Chapter 6 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Amos Chapter 6?

Amos Chapter 6 is part of the Book of Amos in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Amos Chapter 6 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Amos

  1. Amós Chapter 1
  2. Amos Chapter 6
  3. Amos Chapter 8
  4. Amos Chapter 5
  5. Amos Chapter 5
  6. Amos Chapter 4
  7. Amos Chapter 5

Explore More from Köne Äht

  1. Süleýmanyň pähimleri Chapter 25
  2. 2 Şamuwel Chapter 1
  3. Ýermeýa Chapter 10
  4. Ezekiýel Chapter 46
  5. 1 Şamuwel Chapter 4
  6. 1 Şamuwel Chapter 15
  7. Zebur Chapter 132

Related Chapters & Readings

  1. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 10
  2. 2 Şamuwel Chapter 20
  3. Mattanyň Hoş Habary Chapter 27
  4. Ezekiýel Chapter 28
  5. 2 Şamuwel Chapter 9
  6. Gelip çykyş Chapter 47
  7. Ýermeýa Chapter 16
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *