Read Wagyz kitaby Chapter 7 Online
Read Wagyz kitaby Chapter 7 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Wagyz kitaby in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Wagyz kitaby and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Wagyz kitaby 7
Bap 7
1. Ýagşy at hoşboý ysly ýagdan, ölüm güni dogluş gününden gowudyr.
2. Ýas öýüne gitmek toý öýüne gitmekden gowudyr. Çünki her kesiň ahyry ölümdir; ýaşaýanlar muny ýatda saklasynlar.
3. Gussa gülküden ýagşydyr, çünki ýüzüň gamgyn bolmagyndan ýürek gowulanýandyr.
4. Akyllynyň ýüregi ýas öýündedir; akylsyzyň ýüregi bolsa hezillik öýündedir.
5. Biakylyň aýdymyndan akyllynyň käýinji ýagşydyr.
6. Dogrudan-da akylsyzyň gülküsi gazanyň astynda ýanýan ýandagyň şatyrdysy ýalydyr. Bu-da biderek.
7. Haram gazanç akyllyny aklyndan azaşdyrýar, para ýüregi azdyrýar.
8. «Öňüm gelenden soňum gelsin» diýlendir; sabyrly tekepbirden gowudyr.
9. Tizgahar bolma, çünki gahar akylsyzlaryň gursagynda ornaşýar.
10. «Näme üçin geçen günler bu günden gowudy?» diýip sorama, çünki bu sowaly paýhas bilen soramaýarsyň.
11. Danalyk miras kimin gowudyr; dünýäde ýaşaýanlar üçin haýyrlydyr.
12. Danalygyň saýasy puluň saýasy kimindir. Bilimiň bähbidi budur: danalyk oňa eýe bolanlara ýaşaýyş berýär.
13. Hudaýyň işine seret; Onuň egreldenini kim dograldyp bilýär?
14. Ýagşy günde şat bol, gara günde muny ýatla: ynsan özünden soň näme boljagyny bilmesin diýip, Hudaý ýagşylygy-da, betbagtlygy-da ýaratdy.
15. Netijesiz ömrümde bar zady gördüm: dogry adam dogrulygynda ýok bolýar, pis adam pisliginde ömrüni uzaldýar.
16. Öte dogry bolma, öte akyldarlyk etme. Näme üçin özüňi heläk etjek?
17. Gaty erbet bolma, akmagam bolma. Näme üçin öz wagtyňdan öň ölmeli?
18. Bu duýduryşlaryň birine ýapyşyp, beýlekisinden el çekmezligiň gowudyr, çünki Hudaýdan gorkýan adam bulary tutar.
19. Paýhas dana adamy şäherdäki on hökümdardan has güýçli edýändir.
20. Dogrusy, ýer ýüzünde diňe ýagşylyk edip, hiç bir günä etmeýän dogry adam ýok.
21. Adamlaryň diýýän her sözüne üns berme, ýogsam hyzmatkäriň saňa edýän gargyşyny eşidersiň.
22. Seniň hem başgalara telim gezek gargandygyňy kalbyň bilýändir.
23. Bularyň baryny paýhas bilen synadym; «Dana bolaryn» diýdim. Emma ol menden uzakdy.
24. Uzak, gaty çuň bolan zady kim tapyp biler?
25. Men akyldarlygy, soraglarymyň jogabyny bilmäge, agtaryp tapmaga, pisligiň akmaklykdygyny, akmaklygyň telbelikdigini bilmäge ýüregimi gönükdirdim.
26. Duzak kimin, ýüregi gapandyr tor kimin, elleri zynjyr kimin bolan aýaly ölümden ajy gördüm. Hudaýy hoşal edýän adam ol aýaldan gaçyp gutulýar, ýöne günäkär onuň eline düşýär.
27. Ine, Wagyzçy diýýär: «Soraglarymyň jogabyny tapmak üçin bir-birden sanap çykdym;
28. ýüregim öwran-öwran agtardy, ýöne men tapmadym. Müň kişiniň arasyndan bir dogry adamy tapdym, ýöne olaryň ählisiniň arasyndan bir dogry aýaly-da tapmadym.
29. Ine, men muny bildim: Hudaý ynsany dogry edip ýaratdy, ýöne olar köp toslamalar oýlap tapdylar».
About Wagyz kitaby Chapter 7
Read Wagyz kitaby Chapter 7 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Wagyz kitaby in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Wagyz kitaby
Chapter: 7
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Wagyz kitaby. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Wagyz kitaby Chapter 7 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Wagyz kitaby Chapter 7?
Wagyz kitaby Chapter 7 is part of the Book of Wagyz kitaby in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Wagyz kitaby Chapter 7 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Köne Äht
- Zebur Chapter 130
- Hoşeýa Chapter 1
- Zebur Chapter 51
- Zebur Chapter 49
- Eýýup Chapter 5
- Zebur Chapter 9
- Gelip çykyş Chapter 18
Explore More from wagyz-kitaby
- Wagyz kitaby Chapter 5
- Wagyz kitaby Chapter 6
- Wagyz kitaby Chapter 9
- Wagyz kitaby Chapter 1
- Wagyz kitaby Chapter 11
- Wagyz kitaby Chapter 10
- Wagyz kitaby Chapter 8