Wagyz kitaby Chapter 9

For English

Read Wagyz kitaby Chapter 9 Online

Read Wagyz kitaby Chapter 9 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Wagyz kitaby in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Wagyz kitaby and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Wagyz kitaby 9

Bap 9

1. Bularyň hemmesini ýüregimde saklap, şeýle netijä geldim: dogrular, dana adamlar we olaryň işleri Hudaýyň elinde. Söýginiň garaşýandygyny ýa-da ýigrenjiň garaşýandygyny ynsan bilýän däldir.

2. Hemmäniň takdyry birdir: dogruçylyň-da, pisiň-de, ýagşynyň-da, ýamanyň-da, tämiziň-de, haramyň-da, gurbanlyk berýäniň-de, gurbanlyk bermeýäniň-de takdyry birdir. Ýagşy adama näme bolsa günäkäre-de şol bolar; ant içýäne näme bolsa, ant içmekden gorkýana-da şeýle bolar.

3. Günüň astynda edilýän işleriň iň ýamany şudur: hemmäniň takdyry bir. Ine, ynsanlaryň ýüregi pislikden doludyr; ömürleriniň dowamynda ýüreklerinde telbelik bar. Soňra olar ölülere goşulýandyrlar.

4. Ähli ýaşaýanlaryň arasyndaky her kes üçin umyt bar; çünki diri it öli ýolbarsdan ýagşydyr.

5. Ýaşaýanlar öljekdigini bilýändirler, ýöne ölüler hiç zat bilýän däldir. Olar üçin mundan beýläk peşgeş bolmaz, hatda olary ýatlamazlar hem.

6. Olaryň söýgisi, ýigrenji we gabanjaňlygy eýýäm ýok bolandyr. Ölüler Günüň astynda bolup geçýän ähli zatlara goşulyp bilmezler.

7. Git-de, çöregiňi şatlyk bilen iý, şerabyňy göwnühoşluk bilen iç; çünki Hudaý seniň eden işleriňden eýýäm razy boldy.

8. Eşigiň mydama ak bolsun; başyňyň hoşboý ysly ýagy kemlik etmesin.

9. Günüň astynda özüňe berlen boş ömrüň bütin dowamynda söýýän aýalyň bilen durmuşdan lezzet al, çünki durmuşdan, Günüň astynda çekýän zähmetiňden galan paýyň budur.

10. Eliň etmäge näme tapsa, ony bar güýjüň bilen et, çünki seniň barýan ölüler diýaryňda ne iş, ne düşünje, ne bilim, ne-de danalyk bolar.

11. Günüň astynda ýene bir zat gördüm: ýaryş ýüwrükleriňki däl, söweş-de güýçlileriňki; çörek danalaryňky däl, baýlyk-da düşünjeliniňki; mähir-de bilimliniňki däldir. Çünki her kes amatsyz wagta we hadysa duçar bolýandyr.

12. Ynsan haçan hasrat geljekdigini bilýän däldir. Zalym tora düşen balyklar kimin, duzaga düşen guşlar kimin ynsanlar hem üstüne betbagtlyk duýdansyz inende, tora düşýärler.

13. Günüň astynda men bu danalygy gördüm, meniňçe ol juda wajyp.

14. Az ilatly bir kiçi şäher bardy. Bir güýçli patyşa oňa hüjüm edip, ony gabady; garşysyna äpet gabaw desgalaryny gurdular.

15. Bu şäherde bir dana garyp tapyldy, ol şäheri paýhasy bilen halas etdi. Emma hiç kim bu garyby ýatlamady.

16. Onsoň men diýdim: «Danalyk güýçden gowudyr», ýöne garyp adamyň paýhasy äsgerilmeýär, onuň sözleri eşidilmeýär.

17. Akyllynyň imi-salalykda aýdan sözleri, akylsyzlaryň arasyndaky hökümdaryň gykylygyndan gowudyr.

18. Akyldarlyk uruş ýaraglaryndan gowudyr, ýöne bir günäkär köp ýagşylyklary ýok edýändir.

About Wagyz kitaby Chapter 9

Read Wagyz kitaby Chapter 9 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Wagyz kitaby in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Wagyz kitaby
Chapter: 9
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Wagyz kitaby. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Wagyz kitaby Chapter 9 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Wagyz kitaby Chapter 9?

Wagyz kitaby Chapter 9 is part of the Book of Wagyz kitaby in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Wagyz kitaby Chapter 9 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 130
  2. Hoşeýa Chapter 1
  3. Zebur Chapter 51
  4. Zebur Chapter 49
  5. Eýýup Chapter 5
  6. Zebur Chapter 9
  7. Gelip çykyş Chapter 18

Explore More from wagyz-kitaby

  1. Wagyz kitaby Chapter 5
  2. Wagyz kitaby Chapter 12
  3. Wagyz kitaby Chapter 3
  4. Wagyz kitaby Chapter 4
  5. Wagyz kitaby Chapter 1
  6. Wagyz kitaby Chapter 2
  7. Wagyz kitaby Chapter 7

Related Chapters & Readings

  1. Ysraýyl serdarlary Chapter 3
  2. Ezekiýel Chapter 45
  3. Amos Chapter 2
  4. Habakuk Chapter 2
  5. 1 Şamuwel Chapter 9
  6. Eýýup Chapter 13
  7. Ezekiýel Chapter 4
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *