Read Wagyz kitaby Chapter 8 Online
Read Wagyz kitaby Chapter 8 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Wagyz kitaby in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Wagyz kitaby and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Wagyz kitaby 8
Bap 8
1. Dana taý geljek barmy? Zatlaryň manysyny kim bilýär? Paýhas ynsanyň ýüzüni nurlandyrýar, oňa mähir berýär.
2. Hudaýyň adyndan ant içendigiň üçin, patyşanyň tabşyryklaryny sakla.
3. Patyşanyň huzuryndan çykmaga howlukma, ýaman işiň tarapdary bolma, çünki patyşa islan zadyny edýändir.
4. Patyşanyň sözi güýçlidir. Kim oňa, «Näme edýärsiň?» diýip biler?
5. Tabşyrygy berjaý edýäne zelel ýetmez; dana adamyň ýüregi haçan näme etmelidigini bilýändir.
6. Ynsanyň derdi gaty agyr bolsa-da, her bir işiň öz möwrüti bardyr.
7. Ol hakykatdan näme boljakdygyny bilýän däldir; kim oňa näme boljakdygyny aýdyp biler?
8. Ýeli saklamaga hiç kimiň güýji ýetýän däldir, ölüm gününi saklamaga-da hiç kimiň güýji ýetmez. Bu söweşden gaçyp bolmaýşy ýaly, pislik-de pis adamy ölüm gününden halas edip bilmez.
9. Men bularyň hemmesini gördüm, Günüň astynda edilýän ähli işe üns berdim; bir adamyň beýlekiniň üstünden agalyk etmesi onuň zyýanynadyr.
10. Soňra men pisleriň jaýlananyny gördüm: olar mukaddes ýere gelip-giderdiler, eden pislikleri üçin şäherde taryplanardylar. Bu-da biderek.
11. Ýaman işe garşy hökümiň tiz çykarylmaýandygy üçin, ynsanlaryň ýüregi ýamanlyk etmäge taýyndyr.
12. Günäkär ýüz gezek ýamanlyk edip, ömrüni uzaldýan bolsa-da, men ýene Hudaýdan gorkýanlaryň gowulyk görjekdigini bilýärin, çünki olar Onuň huzurynda gorkýarlar.
13. Emma pis adam gowulyk görmez, kölegäniň uzalyşy ýaly onuň ömri uzalmaz, çünki ol Hudaýyň huzurynda gorkýan däldir.
14. Ýer ýüzünde edilýän bir bidereklik bar: pisleriň işine mynasyp bolaýjak zat dogry adamlaryň başyna gelýär; dogry adamlaryň işine mynasyp bolaýjak zat pisleriň başyna gelýär. Men bu-da bidereklik diýýärin.
15. Şonuň üçin men lezzet almaklygy makul görýärin, çünki Günüň astynda ynsan üçin iýip-içmekden we lezzet almakdan gowy zat ýok. Hudaýyň Günüň astynda beren ömrüniň bütin günlerinde çeken zähmetinden ynsana hemra boljak diňe şatlykdyr.
16. Men paýhasy bilmegi, ynsanyň gözleriniň gije-gündiz uky görmän, ýer ýüzünde edýän işini öwrenmegi niýetime düwdüm.
17. Şeýdip, Hudaýyň ähli işlerini gördüm. Günüň astynda edilýän işlere düşünip bolmaýar. Ynsan ony agtarjak bolup, näçe synanyşsa-da, tapmaz, hatda dana adam muny bilýändigini aýtsa-da, tapyp bilmez.
About Wagyz kitaby Chapter 8
Read Wagyz kitaby Chapter 8 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Wagyz kitaby in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Wagyz kitaby
Chapter: 8
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Wagyz kitaby. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Wagyz kitaby Chapter 8 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Wagyz kitaby Chapter 8?
Wagyz kitaby Chapter 8 is part of the Book of Wagyz kitaby in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Wagyz kitaby Chapter 8 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Köne Äht
- Zebur Chapter 130
- Hoşeýa Chapter 1
- Zebur Chapter 51
- Zebur Chapter 49
- Eýýup Chapter 5
- Zebur Chapter 9
- Gelip çykyş Chapter 18
Explore More from wagyz-kitaby
- Wagyz kitaby Chapter 6
- Wagyz kitaby Chapter 2
- Wagyz kitaby Chapter 11
- Wagyz kitaby Chapter 12
- Wagyz kitaby Chapter 10
- Wagyz kitaby Chapter 9
- Wagyz kitaby Chapter 5